ABŞ-nyň Respublikan partiýasynyň Milli gurultaýynyň wekilleri noýabr aýynda geçiriljek Prezident saýlawlaryna Donald Trampyň dalaşgärligini resmi taýdan tassykladylar. Respublikanlar, 24-nji awgustda Şarlott şäherinde (Demirgazyk Karolina ştaty) guralan Milli gurultaýda ses berişlikden soň degişli karary kabul etdiler. Trampyň dalaşgärligini öňe sürmek Demirgazyk Karolina ştatynyň Respublikan partiýasynyň başlygy Maýkl Weýtlä ynanyldy. Şondan soň ABŞ-nyň ştatlarynyň wekiliýetleriniň wekilleri ses berdiler. Netijede, Donald Trampyň Respublikan partiýasy tarapyndan prezidentlige dalaşgär hökmünde tassyklanmagy, partiýa gurultaýynyň 2550 wekiliniň hemmesi tarapyndan goldanyldy.
– Prezident Donald Tramp 2550 sese eýe boldy. Şeýlelikde, Donald Tramp biragyzdan Respublikan partiýasy tarapyndan dalaşgär hökmünde saýlanyldy. Men Donald Trampy we (häzirki Wise-prezident) Maýkl Pensi ABŞ-nyň prezidentligine we wise-prezidentligine dalaşgär hökmünde resmi taýdan yglan edýärin – diýip, Respublikan partiýasynyň Milli komitetiniň başlygy Ronna Makdeniel ses berlişikden soň dabaraly ýagdaýda mälim etdi.
Noýabr aýynda geçiriljek saýlawlarda ýurduň Wise-prezident wezipesine dalaşgär Maýk Pens häzir 61 ýaşynda. Ol ABŞ-nyň 2016-njy ýyldaky Prezident saýlawlarynda Donald Trampyň Wise-prezident bolmaly egindeşidi. Ol 2017-nji ýylyň ýanwar aýynda Trampyň kasam kabul edişlik dabarasyndan soň, ABŞ-nyň 48-nji Wise-prezidenti boldy. Ondan öň Indiana ştatynyň gubernatorydy.
74 ýaşly Donald Tramp 27-nji awgustda partiýa agzalaryna wekilçilik etmek üçin resmi razylyk berip, Ak Tamda dabaraly çykyş etdi. Şol gün Maýk Pens hem dolandyryjy Respublikan partiýanyň Wise-prezidentligine dalaşgär hökmünde resmi razylyk berdi. Şu ýyl ABŞ-nyň Respublikan partiýasy dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlar sebäpli tutuş ýurt boýunça saýlawlardan öňki gurultaýynyň tertibini birnäçe gezek üýtgetmeli boldy. Dürli çäklendirmeleriň girizilmegi netijesinde, bu partiýanyň maksatnamasynda hem düýpli üýtgeşmeler boldy.
ABŞ-nyň Respublikan partiýasynyň şu ýylky Milli gurultaýy 24-27-nji awgustda geçirilip, Şarlott şäherinde diňe gurultaý çäresi, galan bölegi bolsa, Waşingtonda guraldy. Donald Tramp saýlawda ýeňiş gazanan halatynda, ikinji gezek ýokary derejeli hökümet wezipesine eýe bolar.
Poçta hyzmaty üçin
25 milliard dollar
ABŞ-nyň Wekiller palatasy ýurduň Poçta gullugy üçin 25 milliard dollarlyk goşmaça pul serişdeleriniň bölünip berilmegini tassyklady. Bu serişdeleriň noýabr aýynda geçiriljek Prezident saýlawlarynda poçta arkaly ses bermegiň çäginde ýygnanan býulletenleri sanamagyň depginini ýokarlandyrmaga gönükdiriljekdigi bellenilýär. Wekiller palatasy adatça, awgust aýynda dynç alýardy, ýöne onuň başlygy Nensi Pelosi kanun taslamasyna ses bermek maksady bilen Kongrese gaýdyp geldi. Ol poçta arkaly ses bermegiň dünýäde emele gelen häzirki çylşyrymly ýagdaýlarda saýlawlara gatnaşmagyň ýeke-täk ýoludygyny öňe sürdi.
Ýurduň poçta gullugynyň býujetden aljak goşmaça 25 milliard dollar pul serişdeleriniň poçtanyň işiniň hilini ýokarlandyrmaga niýetlenendigi bellenilýär. ABŞ-nyň saýlaw ulgamy poçta arkaly ses bermäge mümkinçilik berýär. Prezident saýlawlarynyň jogapkärçiligi Poçta gullugynyň şu ýylyň iýun aýynda wezipä bellenen täze başlygy Luis Dejoýyň üstüne düşýär. Luis Dejoý döwlet poçta gullugy bilen baglaşylan uly şertnamanyň netijesinde bölünip berlen pul serişdeleriniň edaranyň beýleki maliýe meselelerini çözüp, işini ilerletjekdigini aýtdy. Ol Poçta gullugynyň işgärleriniň ses berlişigiň çäginde toplanan ähli býulletenleri dogry sanamakda tagallalaryny gaýgyrmajakdygyny belledi.
ABŞ-nyň häzirki Prezidenti Donald Trampyň esasy bäsdeşi, demokratik partiýanyň dalaşgäri Jozef Baýden, poçta arkaly ses berilmegini makullady. Demokratlaryň pikiriçe, häzirki ýagdaýlar noýabr aýynda geçiriljek saýlawlary adaty düzgünde geçirmäge mümkinçilik bermese, bu ses bermegiň esasy usuly bolup biler.
ABŞ-nyň indiki umumy saýlawlarynda Prezident we Wise-prezident, Wekiller palatasynyň ähli 435 agzasy we Senatynyň üçden bir bölegi, 13 ştatyň we sebitiň häkimleri saýlanar. Saýlawlarda demokrat Jozef Baýden häzirki Prezident Donald Trampyň bäsdeşi bolar. Demokratlar tarapyndan Wise-prezidentlige dalaşgär hökmünde tassyklanan Kamala Harris saýlawlara çenli kampaniýada Jozef Baýdeniň egindeş ýoldaşy bolar.