«Volks­wa­gen» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň 1970-nji ýyl­lar­dan bä­ri ön­dü­rýän «Pas­sat» mo­de­li­niň elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän nus­ga­sy taý­ýar­lan­ýar. Iň ha­lan­ýan se­dan mo­del­le­riň bi­ri bo­lan bu ula­gyň daş­ky gur­şaw üçin zy­ýan­syz gör­nü­şi 2022-nji ýyl­da müş­de­ri­le­re ýe­ti­ri­ler. Hä­zir­ki wagt­da se­ki­zin­ji nes­li ön­dü­ril­ýän «Pas­sat» mo­de­li­niň 2015-nji ýyl­dan bä­ri az­da-kän­de üýt­ge­di­len gör­nüş­le­ri çy­ka­r­ylýar. Gel­jek iki ýy­lyň do­wa­myn­da uly gör­nüş­li se­da­nyň 9-njy nes­li­ne de­giş­li nus­ga­la­ry­nyň ara­syn­da elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän gör­nü­şi hem peý­da bo­lar.
Ne­mes bren­di elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän ýö­ri­te mo­del­ler bi­len bir ha­tar­da bar bo­lan mo­del­le­ri­niň hem elekt­rou­lag gör­nü­şi­ni çy­kar­ma­gy mak­sat edin­ýär. Go­laý­da kom­pa­ni­ýa «ID.4» elekt­ro­ula­gy­nyň önüm­çi­li­gi­ne gi­ri­şen­di­gi­ni ha­bar ber­di. Bu mo­del kom­pa­ni­ýa­nyň ikin­ji elekt­rou­lag mo­de­li­dir. Elekt­rou­lag önüm­çi­li­gin­de dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy kom­pa­ni­ýa­sy bol­ma­gy mak­sat edin­ýän «Volks­wa­gen» 2024-nji ýy­la çen­li bu ugur­da 33 mil­liard ýew­ro ma­ýa go­ýum öz­leş­dir­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär. Kom­pa­ni­ýa 2025-nji ýy­la çen­li 1,5 mil­li­on elekt­rou­lag ön­dür­me­gi mak­sat edin­ýär. «Volks­wa­gen» «ID.3» at­ly il­kin­ji elekt­rik ula­gy­ny ge­çen ýy­lyň sent­ýab­ryn­da köp­çü­lik­le­ýin ön­dü­rip baş­lap­dy. «Pas­sat» modeliniň elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän gör­nü­şi 2022-2023-nji ýyl­lar­da Ýew­ro­pa ba­za­ryn­da sa­ty­lar.