Hal­ka­ra ener­gi­ýa kon­ser­ni «Ees­ti Ener­gia», Lit­wa­nyň ýel ener­gi­ýa kom­pa­ni­ýa­sy «E ener­gi­ja» bi­len gel­jek­de ýel par­ky­nyň ön­dür­jek «ýa­şyl» ener­gi­ýa­sy­ny 10 ýyl­lap sa­tyn al­mak ba­ra­da şert­na­ma bag­laş­dy. 2022-nji ýyl­da işe gi­ri­zil­jek Telş­ýaý­da­ky «E ener­gi­ja» ýel elekt­rik be­ke­din­de «ýa­şyl» elekt­rik önüm­çi­li­gi ýyl­da 235 GWt bo­lar, bu bol­sa 80 müň tö­we­re­gi maş­ga­la­nyň ýyl­lyk elekt­rik sarp edi­şi­ni üp­jün eder. «Ees­ti Ener­gia» maş­ga­la­lar­dan baş­ga-da, işe­wür müş­de­ri­le­ri ýel ener­gi­ýa­sy bi­len üp­jün edip, kär­ha­na­la­ryň dur­nuk­ly iş­le­me­gi üçin has go­wy müm­kin­çi­lik­le­ri dö­re­der. Bal­ti­ka ýurt­la­ryn­da «ýa­şyl» ener­gi­ýa sa­tyn al­mak üçin şeý­le uzak möh­let­li we uly göw­rüm­li şert­na­ma­lar ozal bag­la­şyl­ma­ndy.
«Ees­ti Ener­gia»-nyň Lit­wa­da köp ýyl­lyk tej­ri­be­si bar. Bu ýurt­da «ýa­şyl» ener­gi­ýa­nyň sa­tu­wy 10 ýyl­dan gow­rak wagt bä­ri do­wam ed­ýär we gaý­ta­dan di­kel­dil­ýän ener­gi­ýa bo­ýun­ça iş­le­ýän kom­pa­ni­ýa «Ene­fit Green»-iň bäş sa­ny ýel par­ky bar. Kom­pa­ni­ýa­nyň ýyl­lyk ýel ener­gi­ýa­sy önüm­çi­li­gi­niň ýa­ry­sy di­ýen ýa­ly Lit­wa­dan gel­ýär. Bu ýel par­ky «E ener­gi­ja» we «Ge­ne­ral Electric»-iň bi­le­lik­dä­ki tas­la­ma­sy bo­lup, kuw­wa­ty 5,3 MWt bo­lan 13 sa­ny gu­ry ýer­dä­ki ýel tur­bi­na­sy­ny üp­jün eder.
«Ees­ti Ener­gia»-nyň stra­te­gi­ki mak­sa­dy, san­ly çöz­güt­ler ar­ka­ly 2024-nji ýy­la çen­li Bal­ti­ka deň­zi se­bi­tin­de 1 mil­li­on müş­de­rä hyz­mat et­mek­den yba­rat­dyr. Döw­let paý­dar­lar jem­gy­ýe­ti «Ees­ti Ener­gia» hal­ka­ra ener­gi­ýa kon­ser­ni bo­lup, 1939-njy ýyl­da Es­to­ni­ýa­da esas­lan­dy­ryl­dy. Ol Bal­ti­ka ýurt­la­ryn­da, Finl­ýan­di­ýa­da, Ior­da­ni­ýa­da we ABŞ-da iş­le­ýär.