«Gem Diamonds» kompaniýasynyň hünärmenleri dünýäniň iň uly göwherleriniň birini tapandyklaryny mälim etdiler. 442 karatlyk göwher Günorta Afrikanyň Lesoto sebitindäki «Letseng» atly şahtadan tapyldy. Täze tapylan daşyň gymmatynyň 18 million dollardygy çaklanylýar. Merkezi edarasy Angliýada ýerleşýän «Gem Diamonds»-yň hünärmenleri gysga wagtda onuň anyk gymmatyny anyklarlar. «Letseng» şahtasynda mundan ozal hem dünýäde seýrek duş gelinýän gymmatly daşlar tapylypdy. Iki ýyl ozal bu ýerden ululygy iki sany golf topunyňka barabar bolan 910 karatlyk göwher tapylypdy. Bu daş 40 million dollara satylypdy.