1-nji sentýabrda ir­den ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry sport mek­de­bi­niň tä­ze bi­na­sy­nyň öňü­ne Mej­li­siň Baş­ly­gy, Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sar­la­ry, har­by we hu­kuk go­raý­jy eda­ra­la­ryň, mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň hem-de köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry, Aş­ga­bat şä­he­ri­niň hä­ki­mi, ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň rek­tor­la­ry, ta­lyp­lar we tür­gen­ler ýyg­nan­dy­lar.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Türk­men döw­let be­den­ter­bi­ýe we sport ins­ti­tu­ty­nyň kö­pu­gur­ly sport top­lu­my­nyň esa­sy gi­rel­ge­si­ne bar­ýar.
Açy­lyş da­ba­ra­sy ýaş ar­tist­le­riň çy­ky­şyn­dan baş­lan­ýar. Aý­dym-saz­ly çy­kyş ta­mam­la­nan­dan soň, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýyg­na­nan­la­ry şu gün ýur­du­myz­da bel­le­nil­ýän Bi­lim­ler we ta­lyp ýaş­lar gü­ni hem-de sport ul­ga­my­nyň tä­ze döw­re­bap bi­na­lar top­lu­my­nyň ula­nyl­ma­ga be­ril­me­gi bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­dy.
Mil­li Li­de­ri­miz gut­lag sö­zi bi­len çy­kyş edip, Ga­raş­syz döw­le­ti­mi­ziň ylym­ly-bi­lim­li, giň dün­ýä­ga­ra­ýyş­ly, be­den taý­dan sag­dyn ne­sil­le­ri ter­bi­ýe­läp ýe­tiş­dir­mek bo­ýun­ça giň ge­rim­li iş­le­ri ama­la aşyr­ýan­dy­gy­ny, ýaş­la­ryň döw­re­bap bi­lim al­mak­la­ry, be­den­ter­bi­ýe­dir sport bi­len düýp­li meş­gul­lan­mak­la­ry üçin äh­li ze­rur şert­le­ri dö­red­ýän­di­gi­ni bel­le­di.
Mil­li Li­de­ri­miz şu gün açyl­ýan Sport we ýaş­lar sy­ýa­sa­ty mi­nistr­li­gi­niň tä­ze eda­ra bi­na­sy, Türk­men döw­let be­den­ter­bi­ýe we sport ins­ti­tu­ty­nyň spor­tuň olim­pi­ýa gör­nüş­le­ri fa­kul­te­ti­niň tä­ze bi­na­lar top­lu­my ba­ra­da aý­dyp, bu top­lu­myň gel­jek­de Ga­raş­syz ýur­du­my­zyň mil­li we olim­pi­ýa ýy­gyn­dy to­par­la­ry­nyň tür­gen­le­ri­ni Olim­pi­ýa hem-de Azi­ýa oýun­la­ry­na, dün­ýä­de ge­çi­ril­ýän beý­le­ki iri hal­ka­ra ýa­ryş­la­ra ýo­ka­ry de­re­je­de taý­ýar­la­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­jek­di­gi­ni bel­le­di.
Ylym-bi­li­miň, spor­tuň, sag­dyn­ly­gyň we ru­hu­be­lent­li­giň saz­laş­ýan ýe­rin­de bol­sa yn­san özü­ni bag­ty­ýar duý­ýar. Bu­la­ryň äh­li­si ut­ga­şyp, ada­my ösüş­le­re we be­lent sep­git­le­re ruh­lan­dyr­ýar di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz aýt­dy hem-de gel­jek­de hem ylym­ly-bi­lim­li, giň dü­şün­je­li, yk­bal­la­ry­ny spor­ta bag­lan ýaş­la­ry­my­zyň tä­ze üs­tün­lik­le­ri bi­len Wa­ta­ny­my­zyň ab­ra­ýy­ny has-da be­len­de gal­dyr­jak­dyk­la­ry­na berk ynam bil­dir­di.
Biz gel­jek­de hem ýaş­la­ry­my­zyň düýp­li bi­lim al­mak­la­ry, ru­hy we be­den müm­kin­çi­lik­le­ri­ni saz­la­şyk­ly ut­gaş­dyr­mak­la­ry, hal­ka­ra bäs­le­şik­ler­de şow­ly çy­kyş et­mek­le­ri üçin döw­let de­re­je­sin­de he­mi­şe ala­da ede­ris di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz nyg­ta­dy.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýyg­na­nan­la­ra berk jan sag­lyk, bagt we aba­dan­çy­lyk, Türk­men döw­let be­den­ter­bi­ýe we sport ins­ti­tu­ty­nyň tä­ze fa­kul­te­ti­niň mu­gal­lym­la­ry­na we ta­lyp­la­ry­na okuw­da we iş­de uly üs­tün­lik­le­ri ar­zuw edip, da­ba­ra gat­naş­ýan­la­ryň şow­hun­ly el çar­pyş­ma­la­ry as­tyn­da toý ba­gy­ny kes­di hem-de bi­na­nyň içi­ne gir­di.

Kö­pu­gur­ly sport top­lu­my
Sport top­lu­myn­da hormatly Prezidentimizi ta­lyp­lar we ola­ryň ha­ly­pa­la­ry – tä­lim­çi­ler tüýs ýü­rek­den mü­bä­rek­le­di­ler. Mä­lim bol­şy ýa­ly, mil­li Li­de­ri­miz şah­sy gö­rel­de­si ar­ka­ly sport bi­len yzy­gi­der­li meş­gul­lan­ma­gyň ar­tyk­maç­ly­gy­ny hem-de «Sag­dyn be­den­de – sag­dyn ruh» di­ýen şy­ga­ryň dog­ru­dy­gy­ny gör­kez­ýär.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz fut­zal bo­ýun­ça tür­gen­ler bi­len söh­bet­deş bo­lup, ola­ryň Wa­ta­ny­my­zyň sport ab­ra­ýy­ny art­dyr­ma­ga my­na­syp go­şant goş­jak­dyk­la­ry­na ynam bil­dir­di. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, şu ýyl Türk­me­nis­tan­da fut­zal bo­ýun­ça Azi­ýa­nyň çem­pio­na­ty ge­çi­ril­me­li­di. Ýö­ne dün­ýä­de ko­ro­na­wi­rus ýo­kan­jy ze­rar­ly eme­le ge­len çyl­şy­rym­ly ýag­daý na­za­ra al­nyp, iri dün­ýä we hal­ka­ra ýa­ryş­la­ry, çem­pio­nat­la­ry, şol san­da Olim­pi­ýa oýun­la­ry­ny ge­çir­me­giň wag­ty üýt­ge­dil­di. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Azi­ýa­nyň fut­bol kon­fe­de­ra­si­ýa­sy bi­len yla­la­şy­lyp, fut­zal bo­ýun­ça Azi­ýa­nyň çem­pio­na­ty­nyň wag­ty­ny üýt­get­mek ba­ra­da çöz­güt ka­bul edil­di di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz aýt­dy.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bu­lar ba­ra­da aýt­mak bi­len, özü­ne äh­li müm­kin­çi­lik­le­ri we şert­le­ri bir­leş­dir­ýän döw­re­bap sport top­lu­myn­da tür­gen­leş­mek bi­len, türk­men tür­gen­le­ri­niň iri ýa­ryş­la­ra oňat taý­ýar­lyk gör­jek­di­gi­ne we öňü­miz­dä­ki hal­ka­ra ýa­ryş­lar­da üs­tün­lik­li çy­kyş et­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di.
Mil­li Li­de­ri­miz spor­tuň olim­pi­ýa gör­nüş­le­ri fa­kul­te­ti­niň kö­pu­gur­ly sport top­lu­my­nyň gur­lu­şy, hä­zir­ki döw­rüň ýo­ka­ry ta­lap­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, hü­när­li tür­gen­le­ri taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça müm­kin­çi­lik­ler bi­len tan­şyp, wo­leý­bol­çy­la­ryň, fut­zal­çy­la­ryň, ten­nis­çi­le­riň we bas­ket­bol­çy­la­ryň tür­gen­le­şi­gi­ne syn et­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ara­la­ryn­da mil­li ýy­gyn­dy to­par­la­ryň hem ag­za­la­ry bo­lan ýaş tür­gen­le­re iri hal­ka­ra ýa­ryş­lar­da ýur­du­my­za my­na­syp we­kil­çi­lik et­me­gi, mu­nuň üçin öz us­sat­lyk­la­ry­ny art­dyr­mak ug­run­da hem­me şert­ler­den peý­da­la­nyp, düýp­li we yh­las­ly taý­ýar­lan­ma­gy ne­si­hat et­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň özi hem fut­bol pök­gü­si­ni us­sat­lyk bi­len urup hem-de wo­leý­bol­çy­la­ra pök­gi­ni ge­çi­rip, sport ba­şar­ny­gy­ny gör­kez­di.
Ten­nis­çi­le­riň oý­nu­ny syn­lap, spor­tuň bu gör­nü­şi­ne hem aja­ýyp erk ed­ýän mil­li Li­de­ri­miz ta­lyp­lar bi­len okuw­lar ge­çi­len­de nä­me­le­re üns be­ril­me­li­di­gi ba­ra­da tä­lim­çä mas­la­hat­la­ry ber­di.
Türk­men olim­pi­ýa­çy­la­ry­ny we ýo­ka­ry hü­när­li tä­lim­çi­ler dü­zü­mi­ni taý­ýar­la­mak üçin yg­ty­bar­ly bin­ýa­da öw­rül­jek iki gat­ly kö­pu­gur­ly sport top­lu­myn­da bil­ýard we küşt üçin ni­ýet­le­nen zal­lar, mu­gal­lym­lar üçin ni­ýet­le­nen otag­lar hem-de be­de­ni ow­ka­la­ýyş otag­la­ry, luk­man­çy­lyk bö­lü­mi hem-de beý­le­ki otag­lar ýer­leş­ýär.
Bi­na­nyň bi­rin­ji ga­tyn­da ýer­le­şen tür­gen­le­şik meý­dan­ça­la­ry­nyň äh­li­si 100 ada­ma ni­ýet­le­nen­dir, ikin­ji gat­da bol­sa bir wag­tyň özün­de 50-den gow­rak ta­lyp meş­gul­la­nyp bi­ler.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz sport top­lu­my­nyň bi­na­syn­dan çy­kyp, ýa­na­şyk ýe­riň aba­dan­laş­dy­ry­ly­şy­ny syn­la­dy. Şol ýer­de bäş gat­ly 450 orun­lyk umu­my­ýa­şa­ýyş ja­ýy, dynç alyş zo­la­gy, aw­to­du­ral­ga, we­lo­si­ped we yl­gaw ýo­da­jyk­la­ry dö­re­dil­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz bag ek­mek me­se­le­si­ne aý­ra­tyn üns be­rip, na­hal­la­ry se­çip al­mak ba­bat­da mas­la­hat­la­ry ber­di. Olar ho­wa­ny kis­lo­rod bi­len baý­laş­dyr­ma­ly­dyr we es­te­ti­ki taý­dan lez­zet ber­me­li­dir hem-de tür­gen­le­şik­ler­den soň güýç top­la­ma­ga ýar­dam et­me­li­dir di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz bel­le­di.

Olim­pi­ýa çem­pi­on­la­ry­ny
taý­ýar­la­jak tä­ze fa­kul­tet
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz spor­tuň olim­pi­ýa gör­nüş­le­ri fa­kul­te­ti­niň bi­na­sy­na ta­rap ug­ra­dy. Bu ýer­de, bi­na­nyň gi­rel­ge­si­niň öňün­de döw­let Baştutanymyzy dö­re­di­ji­lik to­par­la­ry aý­dym-saz­ly çy­kyş­lar bi­len gar­şy­la­dy­lar.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bi­na­nyň içi­ne gi­rip, onuň teh­no­lo­gik üp­jün­çi­li­gi bi­len ta­nyş­dy. Hä­zir­ki wagt­da bu ýer­de ta­lyp­la­ryň 508-si oka­ýar we tür­gen­leş­ýär. Bu ýer­de ylym bi­len bag­la­ny­şyk­ly mag­lu­mat teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny giň­den ulan­mak ar­ka­ly olim­pi­ýa­çy tür­gen­le­ri taý­ýar­la­ma­gyň kö­pu­gur­ly ul­ga­my üçin aja­ýyp şert­ler dö­re­dil­di. Top­lum­la­ýyn taý­ýar­lyk gör­me­giň kon­sep­si­ýa­sy­na la­ýyk­lyk­da, okuw otag­la­ry döw­re­bap komp­ýu­ter­ler bi­len üp­jün edil­di.
Fa­kul­te­tiň yl­my bin­ýa­dy okuw-tür­gen­le­şik işi­niň ýo­ka­ry luk­man­çy­lyk-bio­lo­gik we psi­ho­lo­gik teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny, tür­gen­le­riň ýag­da­ýy­ny bar­la­ma­gyň döw­re­bap usul­la­ry­ny ulan­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rer. Bu ýer­de sport luk­man­çy­ly­gy ka­fed­ra­sy, ýo­ka­ry dag şert­li kar­dio-tür­gen­le­şik ota­gy, at­çy­lyk spor­ty bi­len meş­gul­lan­ýan tür­gen­ler üçin tür­gen­le­şik za­ly, myş­sa­la­ry öl­çe­mek hem-de sel­jer­mek üçin bar­lag­ha­na­lar we beý­le­ki­ler ýer­leş­ýär.
Soň­ra hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz anyk­la­ýyş za­ly­na ba­ryp, tür­gen­le­riň işe ukyp­ly­ly­gy­nyň esa­sy ýag­daý­la­ry­na ba­ha ber­mek üçin ni­ýet­le­nen hem-de bu mag­lu­mat­la­ryň esa­syn­da tür­gen­le­ri taý­ýar­la­ma­ga usul­la­ry we öz­baş­dak mak­sat­na­ma­la­ry saý­lap al­ma­ga kö­mek ed­ýän bu ýer­de gur­na­lan ýö­ri­te döw­re­bap en­ja­myň iş aý­ra­tyn­lyk­la­ry hem hä­si­ýet­na­ma­la­ry bi­len gi­ňiş­le­ýin gy­zyk­lan­dy.
Tür­gen­le­riň fi­zi­ki we fi­zio­lo­gik ýag­daý­la­ry­nyň gör­ke­zi­ji­le­ri­ni kes­git­le­ýän tä­ze ab­zal­la­ryň bir­nä­çe­si­ni döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň hut özi sy­nag et­di hem-de şu­nuň ýa­ly ýo­ka­ry ta­kyk­ly­gy bo­lan ugur­daş anyk­la­ýyş en­ja­my­nyň tür­gen­le­şik­de ag­ram sal­ma­gyň ýy­gy­ly­gy­ny we do­wam­ly­ly­gy­ny üýt­get­mä­ge hem-de ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýän­di­gi­ni nyg­ta­dy.

In­no­wa­si­on tre­naž­ýor za­ly
Soň­ra döw­let Baş­tu­ta­ny­myz tre­naž­ýor za­ly­na bar­dy. Giň zal­da luk­man­çy­lyk yl­my­nyň ga­za­nan­la­ry­na la­ýyk­lyk­da iş­le­nip taý­ýar­la­ny­lan in­no­wa­si­on sport-sa­gal­dyş teh­ni­ka­sy ýer­leş­ýär.
En­jam­la­ry saý­la­ma­ga hem-de tür­gen­ler üçin ýö­ri­te tür­gen­le­şik mak­sat­na­ma­la­ry­ny düz­mä­ge gat­na­şan fit­nes bo­ýun­ça meş­hur ne­mes hü­när­me­ni Bert Rou­şen­bah tä­ze sport top­lu­my­nyň en­jam­la­ry­nyň we tre­naž­ýor­la­ry­nyň hä­si­ýet­na­ma­la­ry hem-de aý­ra­tyn­lyk­la­ry ba­ra­da gür­rüň ber­di.
Bu ýer­de mil­li Li­de­ri­miz tre­naž­ýor­da kä­bir maşk­la­ry, şol san­da wes­ti­bul­ýar sy­na­la­ry tür­gen­leş­dir­mek üçin ni­ýet­le­nen maşk­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­di.
Ýa­rym sfe­ra gör­nü­şin­dä­ki plat­for­ma­da ag­ram­lyk­la­ry el­de sak­la­mak ar­ka­ly de­ňag­ram­ly­ly­gy sak­la­mak örän çyl­şy­rym­ly maşk­dyr di­ýip, mil­li Li­de­ri­miz aýt­dy we şeý­le tre­naž­ýo­ry at­çy­lyk spor­ty bi­len meş­gul­lan­ýan tür­gen­ler üçin ulan­ma­gy mas­la­hat ber­di.
Bi­na­nyň ikin­ji ga­tyn­da san­ly teh­no­lo­gi­ýa­lar bi­len üp­jün edi­len komp­ýu­ter, lin­ga­fon otag­la­ry hem-de mas­la­hat­lar za­ly bar. Üçün­ji gat­da boks­çu­la­ry, dzýu­do­çy­la­ry, grek-rim we er­kin gö­re­şiň, ka­ra­te­niň, ta­ek­won­do­nyň, gy­lyç­laş­ma­gyň, sto­luň üs­tün­de oý­nal­ýan ten­ni­siň we spor­tuň beý­le­ki gör­nüş­le­ri­niň us­sat­la­ry­ny taý­ýar­la­mak üçin ni­ýet­le­nen tür­gen­le­şik zal­la­ry hem-de okuw otag­la­ry ýer­leş­ýär.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz tä­ze fa­kul­te­tiň mu­gal­lym­la­ry­ny we ta­lyp­la­ry­ny döw­re­bap des­ga­nyň açyl­ma­gy bi­len ýe­ne-de bir ge­zek gut­lap, ola­ra sport ul­ga­my­nyň öňün­de goý­lan mö­hüm we­zi­pe­le­ri çöz­mek­de uly üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di.
Ýo­ka­ry okuw mek­de­bi­niň we­kil­le­ri milli Liderimize bu gün türk­men ýaş­la­ry­na we ola­ryň ha­ly­pa­la­ry­na äh­li ba­bat­da kä­mil­leş­mek, öň­de­ba­ry­jy yl­my-teh­ni­ki ga­za­nan­la­ry ulan­mak ar­ka­ly hü­när tej­ri­be­si­ne we ba­şar­ny­gy­na eýe bol­mak ba­bat­da giň müm­kin­çi­lik­le­riň dö­re­di­len­di­gi üçin tüýs ýü­rek­den ho­şal­lyk bil­dir­di­ler.

Mi­nistr­li­giň tä­ze eda­ra bi­na­sy
Soň­ra hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Sport we ýaş­lar sy­ýa­sa­ty mi­nistr­li­gi­niň tä­ze eda­ra bi­na­sy­na ug­ra­dy we şol ýer­de toý ba­gy­ny kes­di.
Bi­na­nyň bi­rin­ji ga­tyn­da 300 orun­lyk mej­lis­ler za­ly, 2 – 7-nji gat­la­ryn­da eda­ra­nyň iş­gär­le­ri üçin otag­lar ýer­leş­ýär. 8-9-njy gat­lar­da sport tä­ze­lik­le­ri­ni we ha­bar­la­ry ýaz­mak hem-de ýaý­ly­ma goý­ber­mek üçin ni­ýet­le­nen stu­di­ýa­lar we teh­ni­ki otag­lar bar.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz sport mu­ze­ýi­ne bar­dy. Mu­zeý­de goý­lan gym­mat­lyk­lar Di­ýa­ry­my­zyň spor­tu­ny ös­dür­mek ugur­la­ry­na, döw­let sy­ýa­sa­ty­na we tä­ze ta­ry­hy eý­ýam­da bu ul­gam­da Türk­me­nis­ta­nyň ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri­ne ba­gyş­la­nyp­dyr. Hu­su­san-da, eks­po­nat­la­ryň ara­syn­da ab­raý­ly hal­ka­ra ýa­ryş­lar­da türk­men tür­gen­le­ri­niň dür­li ýyl­lar­da ga­za­nan baý­rak­la­ry, ýa­dy­gär­lik sow­gat­lyk­lar bar. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň ady bi­len bag­la­ny­şyk­ly gym­mat­lyk­lar aý­ra­tyn hor­mat­ly or­ny eýe­le­ýär.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň mu­ze­ýe sow­gat be­ren we­lo­si­ped­le­ri­ni my­sal ge­tir­mek bo­lar. Şo­lar­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz köp­çü­lik­le­ýin we­lo­si­ped­li ýö­riş­le­riň ba­şy­ny çe­kip­di. Bu ýer­de «Af­ri­ka Eсo Raсe» ral­li-ma­ra­fo­ny­nyň ýol­baş­çy­sy Žan-Lui Şles­ser ta­ra­pyn­dan döwlet Baştutanymyza gow­şu­ry­lan «Amul – Ha­zar – 2018» hal­ka­ra aw­to­ral­li­si­niň ýö­ri­te baý­ra­gy­ny, milli Liderimiziň bu ýa­ryş­la­ryň il­kin­ji tap­gy­ryn­da­ky çy­ky­şyn­da ge­ýen sport ly­bas­la­ry­ny gör­mek bol­ýar. Kö­pö­wüş­gin­li su­rat­lar ýer­leş­di­ri­len di­war­lyk türk­men säh­ra­syn­da gu­ra­lan ýa­ry­şyň ýat­dan çyk­ma­jak pur­sat­la­ry­ny be­ýan ed­ýär.
Azi­ýa­nyň Olim­pi­ýa Ge­ňe­şi­niň 2017-nji ýyl­da Aş­ga­bat­da Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­ny ge­çir­mek ba­ra­da­ky çöz­gü­di bu sy­ýa­sa­tyň dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi ta­ra­pyn­dan yk­rar edil­ýän­di­gi­niň su­but­na­ma­sy bol­dy. Türk­me­nis­ta­nyň Mer­ke­zi Azi­ýa se­bi­tin­de bu ab­raý­ly oýun­la­ry ka­bul et­mek hu­ku­gy­na il­kin­ji bo­lup eýe bol­ma­gy bel­lär­lik­li­dir. Şol oýun­lar bol­sa iň ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­sin­de, uly üs­tün­li­ge bes­le­nip geç­di.
Bu mow­zuk mu­ze­ýiň gym­mat­lyk­la­ryn­da hem öz be­ýa­ny­ny tap­dy. Aý­ra­tyn di­war­lyk­da türk­men paý­tag­ty­nyň Olim­pi­ýa şä­her­çe­si­niň esa­sy meý­da­nyn­da ge­çi­ri­len açy­lyş da­ba­ra­sy­na gat­naş­mak üçin hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ady­na ber­len ça­ky­lyk ha­ty we beý­le­ki gy­zyk­ly zat­lar goý­lup­dyr.
Şeý­le hem bu ýer­de Hal­ka­ra sam­bo fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­la­ry ta­ra­pyn­dan mil­li Li­de­ri­mi­ze dün­ýä gi­ňiş­li­gin­de sam­bo­ny ös­dür­mä­ge uly go­şant go­şan­dy­gy üçin 2019-njy ýy­lyň ap­rel aýyn­da gow­şu­ry­lan Hal­ka­ra sam­bo fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň gü­wä­na­ma­sy hem-de sam­bo ly­ba­sy goý­lup­dyr.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz mi­nistr­li­giň bi­na­sy­ny göz­den ge­çir­me­gi ta­mam­lap, Hor­mat­ly myh­man­la­ryň ki­ta­byn­da ýa­dy­gär­lik ýaz­gy gal­dyr­dy we bu ýer­den ug­ra­dy.