2-nji sent­ýabr­da hormatly Prezidentimiziň ak pa­ta ber­me­gi bi­len äh­li we­la­ýat­la­ry­myz­da güýz­lük bug­daý eki­şi­ne baş­lan­dy. Hal­ky­my­zyň asyl­ly dä­bi­ne gö­rä, hor­mat­ly ýa­şu­lu­lar Be­ýik Bi­ri­ba­ryň gel­jek ýyl­da ak bugda­ýyň be­re­ket­li bol ha­sy­ly­ny eçil­me­gi­ni di­leg edip, eki­şe ak pa­ta ber­di­ler. Oňat taý­ýar­la­nan top­ra­ga «Her bir dä­näň müň bol­sun!» di­ýen söz­le­ri aý­dyp, güýz­lük bug­da­ýyň il­kin­ji to­hum­la­ry­ny taş­la­mak bi­len, ak­sak­gal­lar hem-de ola­ryň ýaş kö­mek­çi­le­ri ekiş ge­çir­mek ge­ze­gi­ni me­ha­ni­za­tor­la­ra ber­di­ler. Eki­şe azyk­lyk bug­da­ýyň «Säh­ra­ýy», «Ju­wan», «Bi­ta­rap», «Ýo­lö­ten-1», «Ýo­lö­ten-3», «Türk­men­ba­şy-1», «Gy­zyl­şag­la­wuk-25», «Mi­ras», «Ak­baş», «Şan­ly», «Ha­syl­ly», «Wa­tan» ýa­ly ha­syl­ly gör­nüş­le­ri­niň ýo­ka­ry hil­li to­hum­la­ry taý­ýar­la­nyl­dy.
Ýur­du­my­zyň bug­daý meý­da­ny 690 müň gek­tar ýe­ri eýe­lär. Ba­ba­daý­han­lary­myz 2021-nji ýyl­da 1 mil­li­on 400 müň ton­na bug­daý, şol san­da Ahal we­la­ýa­tyn­da – 400 müň, Ma­ry we­la­ýa­tyn­da – 345 müň, Le­bap we­la­ýa­tyn­da – 310 müň, Da­şo­guz we­la­ýa­tyn­da – 265 müň we Bal­kan we­la­ýa­tyn­da – 80 müň ton­na dä­ne ýyg­nap al­ma­gy mak­sat edin­ýär­ler.

Şu möw­süm­de Türk­me­nis­tan bo­ýun­ça «John Dee­re», «CLA­AS», «Case», «Be­la­rus-80H» we «Be­la­rus-82.1» ky­sym­ly ýer sü­rü­ji trak­tor­la­ryň 2 müň 583-si hem-de ha­tar ara­la­ry­ny ýum­şad­ýan trak­tor­la­ryň 7 müň 605-si, şeý­le hem eki­ji­le­riň, en­jam­la­ryň 1 müň 723-si we beý­le­ki se­riş­de­ler ula­ny­lar.
Güýz­lük bug­daý eki­şi­niň baş­lan­ma­gy my­na­sy­bet­li, Ahal we­la­ýa­ty­nyň Ak bug­daý et­ra­by­nyň «Gä­wers», Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň Be­re­ket et­ra­by­nyň «Türk­me­nis­tan», Da­şo­guz we­la­ýa­ty­nyň Gu­ba­dag et­ra­by­nyň «Türk­me­nis­tan», Le­bap we­la­ýa­ty­nyň Çär­jew et­ra­by­nyň «Wa­tan», Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň We­kil­ba­zar et­ra­by­nyň «Türk­me­nis­tan» daý­han bir­le­şik­le­rin­de we­la­ýat we et­rap hä­kim­lik­le­ri­niň we­kil­le­ri­niň, daý­han bir­le­şik­le­ri­niň ýol­baş­çy­la­ry­nyň, ag­ro­nom­la­ryň, me­ha­ni­za­tor­la­ryň, gal­la­çy kä­ren­de­çi­le­riň, hor­mat­ly ýa­şu­lu­la­ryň gat­naş­ma­gyn­da tej­ri­be mas­la­hat­la­ry ge­çi­ril­di. Okuw mas­la­hat­la­ryn­da ekiş möw­sü­mi­ni gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çirmek, ak eki­ne ideg et­mek­de ag­ro­teh­ni­ka­nyň usul­la­ry­ny we öň­de­ba­ry­jy tej­ri­bä­ni ulan­ma­ga de­giş­li me­se­le­ler ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Mu­nuň özi eke­ran­çy­la­ra stra­te­gik taý­dan mö­hüm oba ho­ja­lyk eki­ni­niň eki­şi­ni has amat­ly möh­let­de hem-de ýo­ka­ry hil­li ge­çir­mä­ge kö­mek eder.
Şeý­le hem ýur­du­my­zyň oba­se­na­gat top­lu­my­nyň kär­ha­na­la­ry­nyň ön­dür­ýän önüm­le­ri­niň hem-de oba ho­ja­lyk pu­da­gy­na tä­ze ge­len teh­ni­ka­la­ryň ser­gi­si gu­ral­dy we we­la­ýat­la­ryň aý­dym-saz we folk­lor to­par­la­ry öz kon­sert mak­sat­na­ma­sy bi­len çy­kyş et­di­ler.

Söýünmyrat REJEPGELDIÝEW,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.