Go­laý­da «App­le» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ba­zar ba­ha­sy­nyň 2 tril­li­on dol­lar­dan ge­çen­di­gi mä­lim edi­lip­di. Bi­ler­men­le­riň ge­çi­ren bar­lag­la­ry­nda bu gör­ke­zi­jileriň Be­ýik Bri­ta­ni­ýa­nyň iň iri kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň il­kin­ji ýüz­lü­gin­iň ba­zar ba­ha­syn­dan hem köp­dü­gi­ni ýü­ze çy­kar­dy. Lon­don bir­ža­syn­da paý­na­ma­la­ry bo­lan iň uly ýüz kom­pa­ni­ýa «FTSE 100» diý­lip at­lan­dy­ryl­ýar. «Dai­ly Ma­il» ne­şi­ri­niň ha­ba­ry­na gö­rä, «iP­ho­ne» smart­fon­la­ry­ny we «iMac» komp­ýu­terle­ri­ni ön­dü­ri­ji kom­pa­ni­ýa bo­lan «App­le» şu ýyl gir­de­ji­si­ni ep-es­li art­dy­r­dy. Ame­ri­kan teh­no­lo­gi­ýa ägir­di­niň paý­na­ma­la­ry­nyň ba­ha­sy ýy­lyň ba­şyn­dan bä­ri 75 gö­te­rim ýo­kar­la­ndy. Ösü­şi­ni do­wam et­dir­ýän «App­le» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ba­ha­sy hä­zir 2,268 tril­li­on dol­la­ra ýet­di.