Ylmy-bar­lag iş­le­rin­de we teh­no­lo­gi­ýa­da ga­za­ny­lan üs­tün­lik­ler eko­lo­gi­ýa­ny aras­sa sak­la­mak ar­ka­ly «ýa­şyl» pla­ne­ta­my­zy go­ra­ma­gyň tä­ze usul­la­ry­ny öw­ret­di. Şeý­le mö­hüm işe çyn­la­kaý çe­me­leş­ýän adam­la­ryň sa­ny bol­sa, gün-gün­den kö­pel­ýär. Şu nuk­daý­na­zar­dan, «ýa­şyl» dur­muş ýö­rel­ge­si­ni saý­lap al­mak has hem aň­sat­laş­dy. Eko­lo­gi­ýa­ny aras­sa sak­la­mak dü­şün­je­si­ni ýa­şaý­şy­my­za we en­dik­le­ri­mi­ze or­naş­dyr­mak, «ýa­şyl» dur­mu­şyň öze­ni­ni düz­ýär.
Daş­ky gur­şa­wy aras­sa sak­la­ma­ga bo­lan is­le­giň dö­re­me­gi äh­mi­ýet­li­dir. Is­leg dö­rä­nin­den soň­ra bol­sa, ýe­ke­je so­rag ýü­ze çyk­ýar – nä­me­den baş­la­ma­ly?

Köp ge­zek­lik gap-ça­nak­la­ry ula­nyň! Köp ge­zek ula­nyl­ýan gap-ça­nak­la­ry we bul­gur­la­ry ula­nyň! Mu­ny en­dik edin­mek bi­len zi­bi­liň azal­ma­gy­na go­şant go­şup bi­ler­si­ňiz. Bir ge­zek­lik es­bap­la­ry ulan­mak wag­ty­ňy tyg­şyt­la­sa hem, olar­dan eme­le gel­ýän zi­bil­ler daş-tö­we­re­giň aras­sa­çy­ly­gy­na ze­per ýe­tir­ýär.

Gaýtadan işlemäge goşant go­şuň! Eko­lo­gi­ýa­ny go­ra­ma­gyň iň aň­sat we tä­sir­li usu­ly gaý­ta­dan iş­le­ýän se­na­ga­ta go­şant goş­mak­dyr. Öýü­ňiz­de aý­na, plas­tik, ka­gyz we beý­le­ki gaý­ta­dan iş­le­nil­ýän zi­bil­ler üçin ni­ýet­le­nen aý­ra­tyn gu­tu­la­ry ýer­leş­di­riň! Üý­şen zi­bi­li aý­ra­tyn­lyk­da gaý­ta­dan iş­le­ýän eda­ra­la­ra ýa-da kär­ha­na­la­ra tab­şy­ryň! Şeý­le et­mek bi­len, siz zi­bil­le­riň azal­ma­gy­na kö­mek edip bi­ler­si­ňiz.

Plastik çüýşeleri ulanmagy azal­dyň! Bir ge­zek­lik, ýag­ny suw ýa-da beý­le­ki iç­gi­ler üçin ula­nyl­ýan plas­tik çüý­şe­ler eko­lo­gi­ýa üçin esa­sy me­se­le­le­riň bi­ri bo­lup dur­ýar. Şeý­le hem olar çyk­da­jy­ly­dyr. Bir ge­zek­lik ula­nyl­ýan plas­tik çüý­şe­li suw sa­tyn ala­ny­ňyz­dan, hem pu­lu­ňy­zy tyg­şyt­la­mak üçin, hem-de te­bi­ga­ty go­ra­mak üçin köp ge­zek­lik ula­nyl­ýan çüý­şe­le­ri ula­nyň! Öýü­ňi­ze suw aras­sa­laý­jy en­jam ýer­leş­dir­mek plas­tik çüý­şe­le­ri ulan­ma­gy­ňy­zy has hem azal­dar.
Diňe gerek harytlaryňyzy sa­tyn alyň! Na­har­la­ry öňün­den me­ýil­leş­dir­mek, ola­ryň sa­na­wy­ny dü­züp, şo­ňa gö­rä sa­tyn al­mak, şeý­le hem di­ňe özü­ňi­ze ge­rek­li ha­ryt­la­ry al­mak bi­len daş-tö­we­re­gi go­ra­ma­ga go­şant go­şup bi­ler­si­ňiz. Bu en­dik si­ze pu­lu­ňy­zy hem tyg­şyt­la­ma­ga kö­mek eder. Azyk önüm­le­ri­ni hep­de­lik me­ýil­na­ma­ esa­syn­da sa­tyn alyň! Şeý­le et­mek bi­len, dün­ýä­dä­ki zi­bil­le­riň azal­ma­gy­na go­şant go­şar­sy­ňyz.

Akgül Amansähedowa,
Türkmen döwlet ykdysadyýet
we dolandyryş institutynyň talyby.