14-nji sentýabrda “Sony” kompaniýasy täze fotoapparatyny köpçülige ýetirdi. Onlaýn çäre arkaly tanyşdyrylan “A7C” fotoapparatynyň daşky şekili kompaniýanyň “A6400” modeline meňzeýär. Göwrümi ozalky çykarylan “A7” modellerinden has kiçi bolan täze fotoapparatyň agramy bary-ýogy 509 gram.
“A7C”-de 24,2 megapiksellik doly kadrlyk (full-frame) sensor ýerleşdirilipdir. Apparatyň göwresine birikdirilen suratyň durnuklylygyny sazlaýjysy bolmak bilen, ýagtylygy sazlaýjy ISO aralygy 51 200-e çenli çykyp bilýär. “Sony”-nyň täze önümi sekuntda 30 kadrlyk 4K wideolary hem düşürmäge ukyplydyr.
Kompaniýa täze fotoapparat üçin ýörite obýektiwleri işläp taýýarlapdyr. “Sony”-nyň aýtmagyna görä, “A7C” fotoapparaty 28-60 millimetrlik bu obýektiwler bilen ulanylanda “dünýäniň iň kiçi we iň ýeňil doly kadrlyk sensorly ulgamyny emele getirýär.”
“A7C” 1 799 dollardan satuwa çykaryldy.