16-njy sentýabrda paýtagtymyzda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan halkara mediaforum geçirildi. Oňa köpçülikleýin habar beriş ulgamyndaky abraýly halkara we sebit guramalarynyň, diplomatik toparlaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, syýasatşynas bilermenler gatnaşdylar.
Söwda-senagat edarasynda onlaýn görnüşinde geçirilen mediaforuma wideomaslahat aragatnaşygy arkaly 68 ýurtdan wekilleriň 300-den gowragy goşulyşdylar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça 2017-nji ýylyň fewral aýynda BMG-niň Baş Assambleýasy agza döwletleriň örän köpsanlysynyň awtordaşlygynda 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip biragyzdan yglan etdi. Geçen ýyl bolsa 2021-nji ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan etmek hakynda Kararnama kabul edildi. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mundan başga-da, ýene bir başlangyç bilen – indiki ýyl Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyny geçirmek baradaky başlangyç bilen çykyş etdi.
Şu ýylyň awgust aýynyň ahyrynda biziň ýurdumyzyň teklibi boýunça BMG-niň ýanynda Bitaraplygyň dostlary topary döredildi. Bu topar Bitaraplygyň halkara syýasy ýagdaýy gowulandyrmak üçin Bitaraplygyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmakda esasy çäreleriň biri boldy.
Mediaforuma wideomaslahat aragatnaşygy arkaly goşulan Aziýa-Ýuwaş ummany teleradiogepleşikler birleşiginiň (ABU) prezidentiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji, Türkiýe Respublikasynyň TRT teleradiokorporasiýasynyň baş direktory we başlygy Ibrahim Eren sebitleriň hem-de yklymlaryň ýurtlarynda türkmen Bitaraplygynyň oňyn tejribesine uly üns berilýändigini nygtady.
ABU-nyň baş sekretary Jawad Mottagi Türkmenistanyň bitaraplyk syýasaty netijesinde, oňyn gepleşikleriň hem-de halkara hyzmatdaşlygynyň açyk meýdançasyna öwrülendigini, sebitde hem-de tutuş dünýäde parahatçylygy üpjün etmäge uly goşant goşýandygyny belledi.
Hindistanyň “Prasar Bharati” ýaýlymlar kompaniýasynyň baş direktory, Şri-Lankanyň “MTV Channel” toparynyň, Ýewropanyň ösüş we howpsuzlyk institutynyň ýolbaşçylary we beýleki çykyş edenler dünýä bileleşiginiň Ýer ýüzüniň dürli künjeklerinde dawaly meseleleri çözmäge gönükdirilen sazlaşykly hereketleriň örän wajypdygy barada birmeňzeş pikiri aýtdylar.
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň nusgasy ylalaşdyryjy çözgütleri gazanmagyň netijeli guraly bolup biler diýip, foruma gatnaşyjylar bellediler hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa, biziň ýurdumyzyň halkyna ýetip gelýän uly baýramçylyk–Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly senesi mynasybetli gutlaglaryny beýan etdiler.