17-nji sentýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we ýurdumyza iş sapary bilen gelen Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Askar Maminiň arasynda duşuşyk geçirildi. Milli Liderimiz myhman bilen salamlaşyp, Gazagystan Respublikasynyň ýurdumyzyň möhüm hyzmatdaşy bolandygyny we şeýle bolmagynda galýandygyny nygtady.

Biz geçen ýyllaryň dowamynda ýola goýlan, birek-birege hormat goýmaga esaslanýan döwletara gatnaşyklaryna sarpa goýýarys hem-de olary ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda ösdürmäge uly ähmiýet berýäris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de iki goňşy ýurduň netijeli gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirdi. Myh­man mä­hir­li ka­bul edi­len­di­gi üçin ho­şal­lyk bil­di­rip hem-de Ga­za­gys­tan­da Türk­me­nis­tan bi­len gat­na­şyk­la­ra uly äh­mi­ýet be­ril­ýän­di­gi­ni nyg­tap, döw­let Baş­tu­ta­ny­my­za Ga­za­gys­ta­nyň Prezidenti Ka­sym-Žo­mart To­ka­ýe­wiň sa­la­my­ny we hoş­ni­ýet­li ar­zuw­la­ry­ny ýe­tir­di.
As­kar Ma­mi­niň bel­leý­şi ýa­ly, onuň ýur­dun­da do­gan­lyk Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň dur­mu­şa ge­çir­ýän oňyn sy­ýa­sa­ty­na hem-de öňe sür­ýän mö­hüm hal­ka­ra baş­lan­gyç­la­ry­na ýo­ka­ry ba­ha ber­ýär­ler we ola­ry do­ly gol­da­ýar­lar. Şol baş­lan­gyç­lar bol­sa se­bit hem-de dün­ýä möç­be­rin­de pa­ra­hat­çy­ly­gyň, dur­nuk­ly­ly­gyň we aba­dan­çy­ly­gyň esas­la­ry­ny pug­ta­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len­dir.
Mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Ga­za­gys­ta­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri­ne mä­hir­li söz­ler üçin min­net­dar­lyk bil­di­rip, Pre­zi­dent Kasym-Žo­mart To­ka­ýe­we we Ga­za­gys­ta­nyň il­kin­ji Pre­zi­den­ti Nur­sul­tan Na­zar­ba­ýe­we, tu­tuş ga­zak hal­ky­na iň go­wy ar­zuw­la­ry­ny be­ýan et­di. Bi­zi ga­zak hal­ky bi­len kö­pa­syr­lyk dost­luk, do­gan­lyk we hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk gat­na­şyk­la­ry bag­la­nyş­dyr­ýar. Tä­ze ta­ry­hy eý­ýam­da şol gat­na­şyk­lar hyz­mat­daş­ly­gyň esa­sy­ny düz­ýär.
Du­şu­şy­gyň bar­şyn­da döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň de­re­je­si­ne we ösüş dep­gi­ni­ne ýo­ka­ry ba­ha be­ril­di, öza­ra gat­na­şyk­la­ryň köp ugur­la­ry, şol san­da ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň çäk­le­rin­dä­ki gat­na­şyk­lar bo­ýun­ça pi­kir al­şyl­dy.
Biz iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek bi­len, türk­men we ga­zak halk­la­ry­nyň ga­dym­dan gel­ýän do­gan­lyk däp­le­ri­ne hem-de bi­rek-bi­re­ge hor­mat goý­ma­ga, bi­ziň döw­let­le­ri­mi­ziň pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik we yn­san­per­wer ýö­rel­ge­le­re yg­rar­ly­dy­gy­na da­ýan­ýa­rys. Mu­nuň özi hal­ka­ra dü­züm­le­ri­niň çäk­le­rin­de hyz­mat­daş­lyk hem-de äh­lu­mu­my we se­bit ösü­şi­niň mö­hüm me­se­le­le­ri bo­ýun­ça öza­ra dü­şü­ni­şil­me­gi­ne ýar­dam ed­ýär. Bu ba­bat­da bi­ziň ýurt­la­ry­my­zyň ga­ra­ýyş­la­ry ýa­kyn­dyr ýa-da meň­zeş­dir di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz nyg­ta­dy.
Döw­le­ta­ra yk­dy­sa­dy tas­la­ma­la­ryň bir­nä­çe­si­ni dur­mu­şa ge­çir­mä­ge hem-de söw­da-yk­dy­sa­dy we ulag-lo­gis­ti­ka, ener­ge­ti­ka, oba ho­ja­ly­gy ýa­ly stra­te­gik ugur­lar­da hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­me­giň gel­je­gi­ne aý­ra­tyn üns be­ril­di.
Bi­ziň ýur­du­myz «Açyk ga­py­lar» we hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk sy­ýa­sa­ty­ny dur­mu­şa ge­çir­ýär, se­bi­tiň hem-de dün­ýä­niň döw­let­le­ri üçin ulag-üs­ta­şyr ge­çel­ge­le­ri dö­ret­mek bo­ýun­ça ne­ti­je­li çä­re­le­ri gör­ýär di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bel­le­di.
Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, hä­zir he­re­ket ed­ýän De­mir­ga­zyk-Gü­nor­ta trans­mil­li de­mir ýo­lu­nyň wa­jyp­dy­gy hem-de türk­men ta­ra­py­nyň hä­zir­ki za­man Türk­men­ba­şy-Ga­za­gys­tan aw­to­mo­bil ýo­lu­ny gur­mak ba­ra­da­ky tä­ze baş­lan­gy­jy­nyň äh­mi­ýe­ti nyg­tal­dy. Bu ýol hem ýa­kyn gel­jek­de goň­şy ýurt­la­ryň ara­syn­da ha­ryt do­la­ny­şy­gy­nyň, ýo­lag­çy gat­naw­la­ry­nyň we ýük da­şa­ma­gyň möç­ber­le­ri­ni art­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik be­rer.
Ser­het­ýa­ka hyz­mat­daş­ly­gy­nyň me­se­le­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şy­lan­da, goň­şy döw­let­le­riň üs­ta­şyr kuw­wa­ty­ny art­dyr­mak, Türk­me­nis­ta­nyň iş­jeň öňe sür­ýän ener­ge­ti­ka tas­la­ma­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çir­mek me­se­le­le­ri ba­ra­da dur­lup ge­çil­di. Äh­lu­mu­my ener­ge­ti­ka howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek, eko­lo­gi­ýa me­se­le­le­ri­ni çöz­me­giň çäk­le­rin­de ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­mek işin­de hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­ma­gyň wa­jyp­dy­gy nyg­tal­dy.
Hä­zir­ki döw­rüň ýag­daý­la­ry bi­len bag­ly­lyk­da, eko­lo­gi­ýa ul­ga­my­nyň hyz­mat­daş­ly­gyň mö­hüm ugur­la­ry­nyň bi­ri­di­gi bel­le­nil­di. Bu ul­gam­da Türk­me­nis­tan we Ga­za­gys­tan, hu­su­san-da, Ara­ly ha­las et­me­giň Hal­ka­ra gaz­na­sy­nyň çäk­le­rin­de hyz­mat­daş­lyk ed­ýär­ler. Şeý­le hem Ha­zar me­se­le­le­ri­ni çöz­mek bo­ýun­ça ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­mä­ge uly üns be­ril­ýär.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek üçin bi­ziň ýurt­la­ry­my­zyň uly müm­kin­çi­lik­le­ri­niň bar­dy­gy­ny aý­dyp, bu ba­bat­da Yk­dy­sa­dy, yl­my-teh­ni­ki we me­de­ni hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça Hö­kü­me­ta­ra türk­men-ga­zak to­pa­ry­nyň mö­hüm or­nu­ny bel­le­di.
Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, mil­li Li­de­ri­miz öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gy gi­ňelt­me­giň wa­jyp me­se­le­le­ri­ni ara alyp mas­la­hat­laş­mak mak­sa­dy bi­len, Türk­me­nis­ta­nyň esa­sy mi­nistr­lik­le­ri­niň we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry­nyň hem-de Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da bu to­pa­ryň no­bat­dan da­şa­ry mej­li­si­ni ge­çir­me­gi tek­lip et­di. Bu tek­lip As­kar Ma­min ta­ra­pyn­dan do­ly gol­da­nyl­dy.
Tä­ze bi­le­lik­dä­ki tas­la­ma­la­ry, şol san­da gaz­hi­mi­ýa ul­ga­myn­da, türk­men ga­zy­ny Ga­za­gys­ta­nyň içer­ki ba­zar­la­ry­na iber­mek­de, oba­se­na­gat top­lu­myn­da tas­la­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mä­ge, şeý­le hem iki­ta­rap­la­ýyn gör­nüş­de we hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň çäk­le­rin­de ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mä­ge öza­ra gy­zyk­lan­ma bil­di­ril­ýän­di­gi be­ýan edil­di.
Şeý­le hem yn­san­per­wer ul­gam­da ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek ba­ra­da gür­rüň edil­di. Ta­ry­hyň do­wa­myn­da ke­ma­la ge­len me­de­ni we ru­hy däp­le­riň umu­my­ly­gy şol gat­na­şyk­la­ryň esa­sy­ny düz­ýär. Bu gat­na­şyk­lar asyr­la­ryň do­wa­myn­da iki ýur­duň halk­la­ry­ny bir­leş­dir­ýär. Ylym we bi­lim, me­de­ni­ýet hem-de sport ugur­la­ry bo­ýun­ça gat­na­şyk­la­ry iş­jeň­leş­dir­me­giň wa­jyp­dy­gy bel­le­nil­di.
As­kar Ma­min mil­li Li­de­ri­miz Gurbanguly Berdimuhamedowy şu aý­da bel­le­nil­ýän ýur­du­my­zyň Ga­raş­syz­lyk gü­ni bi­len gut­lap, Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýan da­şa­ry sy­ýa­sy stra­te­gi­ýa­sy­nyň ne­ti­je­li hä­si­ýe­te eýe bol­ma­gy­nyň köp ugur­lar bo­ýun­ça hyz­mat­daş­ly­gy has-da iş­jeň­leş­dir­mä­ge ýar­dam et­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz we Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Prem­ýer-mi­nist­ri du­şu­şy­gyň ahy­ryn­da iki ýur­duň döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry hem­me­ta­rap­la­ýyn ös­dür­mä­ge yg­rar­ly­dy­gy­ny tas­syk­la­dy­lar.

Hö­kü­me­ta­ra türk­men-ga­zak to­pa­ry­nyň mej­li­si
Yk­dy­sa­dy, yl­my-teh­ni­ki we me­de­ni hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça türk­men-ga­zak hö­kü­me­ta­ra to­pa­ry­nyň no­bat­dan da­şa­ry mej­li­si bol­dy. Oňa Türk­me­nis­ta­nyň iri mi­nistr­lik­le­ri­niň we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry hem-de Ga­za­gys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň ýur­du­my­za ge­len Prem­ýer-mi­nist­ri As­kar Ma­min gat­naş­dy­lar.
Du­şu­şy­gyň çäk­le­rin­de oňa gat­na­şy­jy­lar soň­ky ýyl­lar­da ýo­la go­ýul­ýan döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry ýo­ka­ry de­re­jä we saz­la­şyk­ly ösü­şe eýe­di­gi­ni hem-de hyz­mat­daş­ly­gy äh­li ugur­lar bo­ýun­ça iş­jeň­leş­dir­mek üçin uly müm­kin­çi­lik­le­riň bar­dy­gy­ny ka­na­gat­lan­ma bi­len nyg­ta­dy­lar.
Türk­me­nis­ta­nyň we Ga­za­gys­ta­nyň mö­hüm äh­mi­ýet ber­ýän ne­bit­gaz, ulag-ara­gat­na­şyk ul­gam­la­ryn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň gel­jek­ki ugur­la­ry­na aý­ra­tyn üns be­ril­di. De­mir­ga­zyk-Gü­nor­ta ulag ge­çel­ge­si­niň mö­hüm bö­le­gi bo­lan, Ga­za­gys­tan-Türk­me­nis­tan-Eý­ran de­mir ýo­lu­nyň gur­lu­şy­gy bu ugur­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň üs­tün­lik­li ös­dü­ril­ýän­di­gi­niň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.
Du­şu­şy­ga gat­na­şy­jy­lar iki ýur­duň çäk taý­dan amat­ly ýer­leş­me­gi­niň Mer­ke­zi Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň we goň­şy se­bit­le­riň ara­syn­da yk­dy­sa­dy hem-de söw­da hyz­mat­daş­ly­gy­ny hil taý­dan tä­ze de­re­jä çy­kar­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýän mö­hüm ulag-üs­ta­şyr ge­çel­ge­le­ri­ni dö­ret­mek bo­ýun­ça tä­ze bi­le­lik­dä­ki tas­la­ma­la­ry ama­la aşyr­mak­da öza­ra gat­na­şyk­la­ryň mun­dan beý­läk-de ös­dü­ril­me­gin­de äh­mi­ýet­li­di­gi­ni nyg­ta­dy­lar.
Dün­ýä­de eme­le ge­len çyl­şy­rym­ly ýag­daý­la­ra ga­ra­maz­dan, döw­le­ta­ra ha­ryt do­la­ny­şy­gy­nyň yzy­gi­der­li ös­ýän­di­gi bel­le­nil­di. Mu­nuň özi iki ýur­duň ösü­şi­niň we ro­waç­ly­gy­nyň wa­jyp şer­ti bo­lan söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mä­ge bo­lan iki­ta­rap­la­ýyn gy­zyk­lan­ma­la­ryň ne­ti­je­si­dir.