Döwlet berkararlygynyň mizemez binýady bolan milli Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllyk baýramynyň uludan toýlanylýan nurana günleri şatlykly wakalara beslenýär. Baş baýramymyzyň şanly toýuna bagyşlanyp, Daşoguz hem-de Türkmenabat şäherlerinde täze ýaşaýyş jaýlary ulanylmaga berildi. Täze binalar şähergurluşygynyň hem-de häzirki zaman binagärliginiň iň öňdebaryjy talaplaryna laýyk gelip, ýaşaýyş şertleriniň ähli oňaýlyklaryny hem-de gündelik durmuşda zerur hyzmatlaryň ýokary derejesini özünde jemleýär.
Türkmenabat şäheriniň bagtyýar ýaşaýjylaryna täze gurlan jaýlardaky öýleriň açarlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Dört gatly jaýlaryň 14-sinden ybarat bolan täze ýaşaýyş toplumy welaýat merkeziniň günorta böleginde, Türkmenabat – Mary awtomobil ýolunyň ugrunda guruldy.
Täze binalaryň taslamalary milli Liderimiziň şäher gurluşygyna bildirýän talaplary nazara alnyp işlenip taýýarlanyldy. Ýaşaýyş jaýlary «Lebapgurluşyk» önümçilik birleşiginiň edaralary tarapyndan guruldy. Paý esasynda «Ýeňişli ýollar», «Beýik sepgit» hususy kärhanalary, «Amul ýoly» hojalyk jemgyýeti gurluşyga saldamly goşant goşdular.
Döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň 14-siniň her birinde iki we üç otagly öýleriň 24-si göz öňünde tutuldy. Iki otagly öýleriň her biriniň umumy meýdany 115 inedördül metre, üç otagly öýleriň meýdany 121 inedördül metre barabardyr, otaglaryň beýikligi bolsa üç metrden gowrakdyr. Gurluşykçylar hem-de bezegçiler öýleriň abadanlaşdyrylyşyna we bezegine aýratyn üns berdiler. Aşhanalar mebeller we döwrebap durmuş tehnikalary bilen doly üpjün edildi.
Öýleriň gyzgyn we sowuk suw, elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün edilmegi üçin ýörite inženerçilik desgalary hem göz öňünde tutulypdyr. Taslamany işläp taýýarlaýjylar körpe ýaşaýjylar barada hem alada etdiler. Olar ýörite sport we çagalaryň oýun meýdançalaryny gurdular.
Baş baýramymyzyň şanly toýuna bagyşlanyp, Daşoguz şäheriniň Türkmenistan köçesiniň ugrunda dört gatly, 16 öýli täze ýaşaýyş jaýy ulanylmaga berildi. Şähergurluşygynyň hem-de häzirki zaman binagärliginiň iň öňdebaryjy talaplaryna laýyk gelýän, ýaşaýyş şertleriniň ähli oňaýlyklaryny hem-de gündelik durmuşda zerur hyzmatlaryň ýokary derejesini özünde jemleýän täze jaýyň gurluşygyny «Bagtyýarlyk ýoly» hususy kärhanasynyň işçi-hünärmenleri alyp bardylar. Bu ajaýyp günde täze jaýdan öýli bolan maşgalalaryň döwletli ojaklarynda toý tutulyp, egsilmez eşretleri peşgeş berýän hormatly Prezidentimize alkyşlar aýdyldy.
Uly üstünliklere beslenýän hem-de şanly wakalara baý bolan ýylymyzda Daşoguz welaýatynyň ähli ýerlerinde ýaşaýyş jaýlarynyň köp sanlysy gurlup, ulanylmaga berildi. Häzirki wagtda bolsa, Köneürgenç etrabynyň «Täze ýol» geňeşliginiň çäginde döwrebap şäherçäniň gurluşygy güýçli depginde dowam etdirilýär. Umumy tutýan meýdany 81 gektara barabar bolan şäherçede baş meýilnama boýunça ýaşaýyş jaýlarynyň 400-si gurulýar. Ilatyň 2 müňden gowragyna niýetlenen bu jaýlarda häzirki zamanyň ösen isleglerine laýyklykda oňaýly şertler döredilýär. Bu ýerde welaýatyň gurluşyk guramalary şäherçe geňeşliginiň edara jaýynyň, orta mekdebiň, çagalar bagynyň, medeniýet, saglyk we hyzmatlar öýüniň, dükanlaryň hem-de ýeňillikli karz pul serişdeleriniň hasabyna bina edilýän ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyny tamamlaýjy tapgyrlarda alyp barýarlar.