«Moo­dy’s» hal­ka­ra reý­ting eda­ra­sy dün­ýä­de eme­le ge­len çyl­şy­rym­ly ýag­daýlar se­bäp­li önüm­çi­lik pu­da­gyn­da­ky ýü­ze çy­kan bök­denç­li­giň yz­da ga­lan­dy­gy­ny we bu pu­da­gyň ösü­şe taý­ýar­dy­gy­ny mä­lim et­di. Reý­ting eda­ra­sy­nyň ýaý­ra­dan be­ýa­na­tyn­da 2021-nji ýyl­da bu ugur­da yk­dy­sa­dy ösü­şe ga­ra­şyl­ýan­dy­gy mälim edil­di. «Moo­dy’s» se­na­gat bi­len bag­ly mag­lu­mat­la­ry we kom­pa­ni­ýa­la­ryň ikin­ji çär­ýek­de ga­za­nan ne­ti­je­le­ri göz öňün­de tu­tu­lan­da, önüm­çi­lik pu­da­gy­nyň has dur­nuk­ly­dy­gy­ny aý­dyp bol­jak­dy­gy­na ün­si çek­ýär. Şeý­le hem, be­ýa­nat­da awia­si­ýa pu­da­gyn­da uçar­la­ra bo­lan is­le­giň azal­ma­gy bi­len, bu ugur­da iş alyp bar­ýan kom­pa­ni­ýa­lar­da kyn­çy­lyk­la­ryň do­wam et­jek­di­gi aý­dyl­ýar. Em­ma bi­na­la­ryň gur­lu­şy­gy we se­na­gat­da aw­to­mat­laş­dy­ry­lan ul­gam­la­ry ön­dür­ijileriň uzak­möh­let­li ösü­şi­niň do­wam et­dir­jek­di­gi bel­le­nil­ýär.

Annamuhammet MOMMYÝEW,
Türk­men döw­let yk­dy­sa­dy­ýet we
do­lan­dy­ryş ins­ti­tu­ty­nyň mugallymy.