Dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlar beýleki ulag serişdeleri bilen bir hatarda howa gatnawlarynyň hem çäklendirilmegine sebäp boldy. Maglumatlara görä, halkara howa gatnawlary 90 göterim azaldy. Tailandyň «Thai Airways» awiakompaniýasy uçarda hödür edilýän tagamlary iýmegi küýsänler üçin ýörite restoran açdy. Uçaryň kabinasyna meňzeş bolan restoranda myhmanlara hyzmat edýän oglan-gyzlar hem uçarbelediň lybasyny geýipdirler. Hepdäniň üç güni açyk bolan restoran 09:00-14:00 aralygynda öz myhmanlaryny kabul edýär. Restoranyň oturgyçlary uçardaky oturgyçlara meňzeş bolup, kompaniýanyň reňkleri bilen bezelipdir.