Internet ulgamynda iş alyp barýan Germaniýanyň «Ecosia» kompaniýasy girdejisiniň 80 göterimini bag ekmek işlerine sarp edýär. Ýagny, kompaniýanyň hödürleýän internetdäki gözleg hyzmatyndan peýdalanylyp gazanylýan girdeji ekologiýa abadançylygyna hyzmat edýär. Umuman, internetde amala aşyrylan 45 gözlegiň girdejisi bir agajyň oturdylmagyna ýetýär. Häzirki wagtda saýtyň 15 milliona golaý ulanyjysy bar.
«Ecosia» kompaniýasynyň «Google» we «Bing» ýaly internet kompaniýalaryndan artykmaç tarapy girdejisiniň 80 göterimini bag ekmek işi bilen meşgullanýan guramalara bermegidir. Kompaniýanyň ýolbaşçysy bu barada beren beýanatynda Ýer şaryny ýaşyl reňke öwürmek we ekologiýa abadançylygyny gazanmak üçin tagalla edýändiklerini belledi.
2009-njy ýylda döredilen bu kompaniýanyň girdejisi «Google» kompaniýasynyňky ýaly, mahabatdan gelýär. Kompaniýa 15 döwletde 20 gurama maliýe kömegini berýär. German kompaniýasy 2019-njy ýylda ekerançylaryň girdejisini ýokarlandyrmak hem-de çölleşmegiň öňüni almak üçin Hindistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň biri bilen hyzmatdaşlyk edýär.
Babanazar BABANAZAROW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.