Çer­no­go­ri­ýa­nyň do­lan­dy­ry­jy So­sia­lis­tik de­mok­ra­tik par­ti­ýa­sy Par­la­ment­dä­ki orun­la­ryň ýa­ry­syn­dan gow­ra­gy­na eýe bo­lup bil­män­di­gi­ üçin, üç bäs­deş par­ti­ýa­dan yba­rat bi­le­le­şik hö­kü­met gur­ma­ga gi­ri­şer. Saý­law­la­ryň gu­tar­nyk­ly ne­ti­je­le­ri ýur­duň Mil­li saý­law to­pa­ry ta­ra­pyn­dan mä­lim edil­di. Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, ýur­duň hä­zir­ki Pre­zi­den­ti Mi­lo Ju­ka­no­wi­çiň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky Çer­no­go­ri­ýa­nyň So­sia­lis­tik de­mok­ra­tik par­ti­ýa­sy Par­la­ment­dä­ki 81 or­nuň 30-sy­ny alyp, bi­rin­ji ýe­ri eýe­le­di. On­dan soň 3 bäs­deş par­ti­ýa­lar­dan yba­rat bi­le­le­şik gel­ýär: «Çer­no­go­ri­ýa­nyň gel­je­gi üçin» (27 orun), «Dün­ýä bi­ziň hal­ky­myz» (10 orun) we «Black on Whi­te» (4 orun). Şeý­le­lik­de, üç bäs­deş par­ti­ýa­lar­dan yba­rat bi­le­le­şik Par­la­ment­den 41 orun ga­za­nyp, Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­ni dö­ret­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýän orun­la­ryň ýa­ry­syn­dan gow­ra­gy­na eýe bol­dy. Ga­za­ny­lan yla­la­şy­ga la­ýyk­lyk­da, bu üç­lük do­lan­dy­ry­jy bi­le­le­şi­gi dö­re­der.
Şeý­le­lik­de, So­sia­lis­tik de­mok­ra­tik par­ti­ýa­sy 1991-nji ýyl­dan bä­ri il­kin­ji ge­zek üs­tün­lik ga­za­nyp bil­me­di. Çer­no­go­ri­ýa­da dört ýyl­dan bir ge­zek Par­la­ment saý­law­la­ry ge­çi­ril­ýär. Hä­zir­ki ses ber­li­şik 30-njy aw­gust­da ge­çi­ril­di, 11 par­ti­ýa we bi­le­le­şik Par­la­ment­dä­ki 81 orun üçin gö­reş­di.