«App­le» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň güýz­ki önüm ta­nyş­dy­ry­lyş da­ba­ra­sy bu ýyl 15-nji sent­ýabr­da ge­çi­ril­di. Dün­ýä­niň äh­li ýe­rin­dä­ki «al­ma­nyň» muş­dak­la­ry­ny on­laýn plat­for­ma­da bir ýe­re jem­län kom­pa­ni­ýa akyl­ly sa­gat­la­ry­nyň we plan­şet­le­ri­niň tä­ze gör­nüş­le­ri­ni, şeý­le hem on­laýn hyz­mat­la­ry­nyň kä­mil­leş­di­ri­len go­şun­dy­la­ry­ny köp­çü­li­ge hö­dür­le­di. Ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­ne gar­şy gö­re­şe yg­rar­ly­dy­gy­ny öňe sür­ýän «App­le» kom­pa­ni­ýa­sy en­jam­la­ryn­da 100% gaý­ta­dan iş­le­nen önüm­le­ri ulan­ýan­dy­gy­na ün­si çek­di.

«App­le Watch»-yň
soň­ky mo­del­le­ri
«App­le Watch Se­ri­es 6» akyl­ly sa­ga­dy­nyň esa­sy aý­ra­tyn­ly­gy gan­da­ky kis­lo­ro­dyň de­re­je­si­ni öl­çe­mä­ge ni­ýet­le­nen sen­sor­lar­dyr. Bu sen­sor­lar gan öý­jük­le­ri­niň tu­tuş be­de­ne ýaý­rad­ýan kis­lo­ro­dy­nyň dy­kyz­lyk gö­te­ri­mi­ni gö­zeg­çi­lik­de sak­la­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Sa­ga­dyň ar­ka ta­ra­pyn­da ýer­leş­di­ri­len dür­li di­ot çy­ra­jyk­lar ar­ka­ly ýyg­na­lan mag­lu­mat sa­ga­dyň do­lan­dy­ryş ul­ga­my­na ýer­leş­di­ri­len «Blood Oxygen» app­li­ka­si­ýa­syn­da jem­len­ýär. Bu app­li­ka­si­ýa kis­lo­ro­dyň dy­kyz­ly­gy­ny 70-100% ara­ly­gyn­da gör­ke­zip bil­ýär.
Ozal­ky mo­del­le­ri­ne ga­ra­nyň­da tä­ze akyl­ly sa­ga­dyň teh­ni­ki üp­jün­çi­li­gi has kä­mil­leş­di­ri­lip­dir. Kom­pa­ni­ýa­nyň res­mi be­ýa­na­ty­na gö­rä, «Se­ri­es 6»-a ýer­leş­di­ri­len «watchOS7» do­lan­dy­ryş ul­ga­my müş­de­ri­le­riň be­den sag­ly­gy­ny ýa­kyn­dan yzar­la­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär.
Sa­ga­dyň prog­ram­ma üp­jün­çi­li­gi­ne ýer­leş­di­ri­len «Fa­mi­ly Se­tup» aý­ra­tyn­ly­gy, maş­ga­la­da «iP­ho­ne» ulan­ma­ýan ça­ga­lar­dyr ýa­şu­ly­la­ra «Se­ri­es 6»-nyň aý­ra­tyn­lyk­la­ryn­dan do­ly peý­da­lan­ma­ga şert dö­red­ýär.
«Se­ri­es 6» mo­de­lin­dä­ki go­şa pro­ses­sor «iP­ho­ne 11» smart­fon­la­ryn­da ula­ny­lan «A13 Bio­nic» teh­no­lo­gi­ýa­sy­nyň bin­ýa­dyn­da kä­mil­leş­di­ri­lip­dir. 90 mi­nut­da do­ly zar­ýad­lan­ýan «Se­ri­es 6» 18 sa­gat iş­le­mä­ge ukyp­ly­dyr. Kom­pa­ni­ýa sa­ga­dyň ek­ra­ny­na hem üýt­geş­me­ler gi­ri­zip­dir. Tä­ze sa­ga­dyň ek­ra­ny «Se­ri­es 5»-e ga­ra­nyň­da 2,5 es­se has ýag­ty­dyr.
Gök, gy­zyl, çal we al­tyn­sow reňk­ler­de ön­dü­ril­en «App­le Watch Se­ri­es 6» akyl­ly sa­gat­la­ry 18-nji sent­ýabr­da 399 we 499 dol­lar­dan sa­tu­wa çy­ka­ryl­dy.
Çä­rä­niň do­wa­myn­da akyl­ly sa­gat­la­ryň has amat­ly gör­nü­şi bo­lan «App­le Watch SE» mo­de­li bi­len hem ta­nyş­dy­ryl­dy. 279 we 329 dol­lar­dan sa­tu­wa çy­ka­ry­lan «Watch SE»-niň «App­le Watch Se­ri­es 3» akyl­ly sa­ga­dyn­dan iki es­se çalt iş­le­ýän­di­gi aý­dyl­ýar.
«App­le»-iň do­lan­dy­ry­jy­la­ryn­dan Jef Wil­li­am­syň aýt­ma­gy­na gö­rä, «Watch SE» sa­ga­dy «Se­ri­es 6»-da ula­ny­lan di­zaý­ny «App­le» sa­gat­la­ry­na mah­sus iň esa­sy aý­ra­tyn­lyk­lar bi­len bir­leş­dir­ýär.

Tä­ze «iPad»-ler
On­laýn çä­re­de «App­le» tä­ze «iPad»-le­ri­niň iki­si bi­len ta­nyş­dyr­dy: se­ki­zin­ji ne­sil ada­ty «iPad» we 10,9 dýuým­lyk «iPad Air».
«A12 Bio­nic» pro­ses­sor ýer­leş­di­ri­len ada­ty «iPad» 329 we 459 dol­lar­dan sa­tu­wa çy­ka­ryl­dy. «iPa­dOS 14» do­lan­dy­ryş ul­ga­my bi­len ba­za­ra goý­be­ri­len 10,2 dýuým­lyk plan­şe­tiň 40% çalt iş­le­ýän­di­gi aý­dyl­ýar.
Da­ba­ra­nyň iň gym­mat önü­mi bo­lan «iPad Air» bäş ta­pa­wut­ly reňk­de ön­dü­ri­lip­dir. 12 me­ga­pik­sel­lik ka­me­ra ýer­leş­di­ri­len tä­ze plan­şet­de «App­le»-iň hä­zir­ki wag­ta çen­li iň güýç­li pro­ses­so­ry bo­lan «A14 Bio­nic» he­re­ket ed­ýär. Kom­pa­ni­ýa­nyň wi­se-pre­zi­den­ti Greg Ýoz­wia­kyň aýt­ma­gy­na gö­rä, tä­ze «iPad Air» ozal­ky gör­nüş­le­rin­den do­ly ta­pa­wut­lan­ýar.
Okt­ýabr­dan baş­lap, sa­tu­wa çy­ka­ryl­jak «iPad Air»-iň ba­ha­sy 599-729 dol­lar ara­ly­gyn­da üýt­gär.

«App­le» hyz­mat­la­ry­nyň
äh­li­si «bir» ýer­de
Ta­nyş­dy­ry­lyş ag­şa­my­nyň iň gör­nük­li tä­ze­lik­le­ri­niň bi­ri hem «App­le One» hyz­ma­ty­dyr. Bu plat­for­ma kom­pa­ni­ýa­nyň «App­le Mu­sic», «App­le TV+», «App­le Arcade», «App­le News+», «App­le Fit­ness+» we «iClo­ud» ýa­ly äh­li abu­na hyz­mat­la­ry­ny bir ýe­re jem­le­ýär. «App­le»-iň muş­dak­la­ry di­ňe «One»-a ag­za bol­mak ar­ka­ly ýo­ka­r­da ag­za­lan on­laýn hyz­mat­la­ryň äh­li­sin­den peý­da­lan­ma­ga müm­kin­çi­lik ta­par. «App­le One» üç aý­ry nyrh me­ýil­na­ma­sy bo­ýun­ça müş­de­ri­le­re hö­dü­rlen­ýär: «In­dividual», «Fa­mi­ly» we «Pre­mi­er». Bu me­ýil­na­ma­la­ryň aý­lyk tö­le­gi 14,95-29,95 dol­lar ara­ly­gyn­da üýt­ge­mek bi­len, hyz­mat­la­ryň göw­rü­mi taý­dan bi­ri-bi­rin­den ta­pa­wut­lan­ýar. Güýz möw­sü­min­den baş­lap, «App­le One»-yň «In­dividual» we «Fa­mi­ly» nyrh me­ýil­na­ma­la­ry dün­ýä­niň 100-den gow­rak ýur­dun­da el­ýe­ter­li bo­lar.