Ams­ter­dam dün­ýä­niň esa­sy sy­ýa­hat­çy­lyk şä­her­le­ri­niň bi­ri­dir. Meş­hur mu­zeý­le­ri, owa­dan ka­nal­dyr kö­çe­le­ri, şeý­le hem ra­hat ka­fe­le­ri bi­len Ni­der­land­la­ryň paý­tag­ty Ams­ter­dam Ýew­ro­pa­nyň hem mer­ke­zi­dir.
«Er­kin­li­giň şä­he­ri» diý­lip hem at­lan­dy­ryl­ýan Ams­ter­dam köp ilat­ly­ly­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Şä­her­de 176 mil­le­tiň we­kil­le­ri­ne ga­bat gel­mek bol­ýar. Bu aý­ra­tyn­lyk sy­ýa­hat­çy­la­ryň şä­he­re çalt öw­re­niş­mek­le­ri­ne kö­mek ed­ýär. Ams­ter­dam­da ila­tyň 86 gö­te­ri­mi azyn­dan iki di­li su­wa­ra bil­ýär. Şä­her­de iň­lis di­li­ni bil­me­ýän­ler seý­rek duş gel­ýär. Şeý­le­lik­de, Ams­ter­dam­da dil ba­bat­da kyn­çy­lyk çek­mez­den sy­ýa­hat edip bol­ýar.
Ams­ter­da­myň meý­da­ny­nyň 219 ine­dör­dül ki­lo­metr bol­ma­gy, şä­he­ri gys­ga wagt­da aý­lan­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Şä­her ki­çel­di­len hä­zir­ki za­man oba­sy­ny ýa­dy­ňa sal­ýar. Ams­ter­da­myň is­len­dik ýe­rin­de, gü­nüň is­len­dik wag­tyn­da iş­le­ýän ka­fe­dir dü­kan­la­ryň hyz­ma­tyn­dan peý­da­lan­mak müm­kin.
Ni­der­land­la­ryň paý­tag­ty­nyň meş­hur­lyk ga­zan­ma­gy­nyň esa­sy se­bäp­le­ri­niň bi­ri hem onuň bi­na­gär­lik aý­ra­tyn­ly­gy­dyr. In­çe we be­ýik bi­na­lar şä­he­riň ta­ry­hy ýadygärliklerinde hem ga­bat gel­ýär. Ams­ter­dam­da­ky ka­nal­la­ryň uzyn­ly­gy 100 ki­lo­metr­den geç­mek bi­len, şä­her­de 1200-den gow­rak köp­ri bar. Bu ka­nal­lar­da öý hem-de myh­man­ha­na hök­mün­de ula­nyl­ýan ýüz­ýän bi­na­la­ry gör­mek bol­ýar. Owa­dan gül­le­riň şä­he­ri bo­lan Ams­ter­dam­da ýüz­ýän gül ba­za­ry hem bar.
Şä­her ta­gam­la­ry ba­ba­tyn­da Ýew­ro­pa­nyň beý­le­ki ýer­le­ri­ne meň­zeş hem bol­sa, Ams­ter­da­myň kö­çe ta­gam­la­ry­nyň esa­sy aý­ra­tyn­ly­gy peý­nir­ler bo­lup dur­ýar. Ni­der­land­lar dün­ýä­de peý­nir gör­nüş­le­ri­niň iň köp ýur­dy hök­mün­de ta­pa­wut­lan­ýar. Ams­ter­da­my sy­ýa­hat eden­ler «Gou­da» peý­ni­ri­ni da­dyp gör­me­gi mas­la­hat ber­ýär­ler.
Welosiped şäheri
Geçen asy­ryň 70-nji ýyl­la­ryn­dan bä­ri ýör­gün­li bo­lan we­lo­si­ped ulan­mak ams­ter­dam­ly­la­ryň gün­de­lik en­di­gi­ne öw­rül­di. Ams­ter­da­ma Ýew­ro­pa­nyň we­lo­si­ped paý­tag­ty hök­mün­de ga­ra­ýan­lar hem bar. We­lo­si­ped şä­he­riň için­dä­ki he­re­ke­ti saz­la­mak bi­len bir ha­tar­da eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa ulag bo­lup dur­ýar. Eger Ams­ter­da­ma sy­ýa­hat et­se­ňiz, şä­he­ri we­lo­si­ped­li aý­lan­ma­gy unut­maň!

Täze açylýan
tehnologiýa kompaniýalary
Amsterdam ýo­kar­da ag­za­lan aý­ra­tyn­lyk­la­ryň esa­syn­da hä­zir­ki za­man te­le­ke­çi­lik işi­ni gur­na­mak üçin hem bäh­bit­li şä­her­le­riň bi­ri­dir.
Ams­ter­dam şä­he­rin­dä­ki teh­no­lo­gi­ýa kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň umu­my gym­ma­ty soň­ky bäş ýyl­da ýe­di es­se kö­pe­lip, 73 mil­liard ýew­ro ýet­di. Bu muk­dar şä­he­riň teh­no­lo­gik ekoul­ga­my­nyň kä­mil de­re­jä ýe­ten­di­gin­den ha­bar ber­ýär.
Teh­no­lo­gi­ýa kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň alyp bar­ýan iş­le­ri­ni sel­jer­ýän «De­al­ro­om» kor­po­ra­si­ýa­sy­nyň soň­ky ha­sa­ba­ty­na gö­rä, Ams­ter­dam şä­he­rin­de işe tä­ze baş­lan 2 müň 700-den gow­rak teh­no­lo­gi­ýa kom­pa­ni­ýa­sy bar. Ni­der­land­la­ryň paý­tag­tyn­da her müň ada­ma 1,1 kom­pa­ni­ýa düş­ýär. Bu Ýew­ro­pa­nyň şä­her­le­ri­niň ara­syn­da iň ýo­ka­ry gör­ke­zi­ji­dir.
Ýew­ro­pa­da­ky iň uly bäş teh­no­lo­gi­ýa kom­pa­ni­ýa­sy­nyň iki­si­niň mer­ke­zi eda­ra­sy Ams­ter­dam şä­he­rin­de ýer­leş­ýär. Bu kom­pa­ni­ýa­lar­dan «Ta­kea­way.com»-yň hü­när­me­ni Ýo­ris Wil­to­nyň aýt­ma­gy­na gö­rä, Ams­ter­dam şä­he­rin­de te­le­ke­çi­lik me­de­ni­ýe­ti asyr­lar­dan bä­ri do­wam edip gel­ýär.
Ýer­li daý­han­la­ryň tä­ze müş­de­ri­ler tap­ma­gy­na ýar­dam ed­ýän «Crisp» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň di­rek­to­ry Tom Pi­ter­siň aýt­ma­gy­na gö­rä, şä­he­riň teh­no­lo­gi­ýa ul­ga­myn­yň kä­mil de­re­jä ýet­me­gin­de inf­rast­ruk­tu­ra­nyň or­ny ulu­dyr.
«Ams­ter­dam Ýew­ro­pa­nyň mer­ke­zin­de ýer­leş­ýär, hem­me ki­şi iň­lis di­li­ni bil­ýär we şä­her­de in­ter­net ula­ny­jy­la­ry­nyň sa­ny ýo­ka­ry» di­ýip, Pi­ters aýd­ýar.