Täze egin-eşikleri satyn almak, möwsümleýin moda trendlerini yzarlamak, täze köýnek tikinmek özümize we daşky keşbimize berýän ünsümiziň esasynda amala aşýar. Şeýle ýagdaýda, egin-eşiklerdir aýakgaplary yzygiderli täzelemek ekologiýa nähili täsir edýärkä?
Ekologiýany gorap saklamaga gönükdirilen moda we satyn almak medeniýetine «durnukly moda» diýilýär. «Durnukly moda» daşky gurşawy arassa saklamak düşünjesinden gelip çykmak bilen, ekologiýa taýdan arassa eşikleri tikmegi, öndürmegi we satyn almagy özünde jemleýär.
Organik önümleri we bioreňklendirijileri ulanmak arkaly öndürilen dokma harytlaryny satyn almak arkaly durnukly moda goşant goşup bileris. Pagta, ýüň, ýüpek we sellýuloza ýüplükleri esasy organik çig mal hökmünde hyzmat edýär. Sebäbi tebigy ýüplükler tebigatda çalt dargaýar we topraga siňýär.
Dokma önümçiliginde ozal öndürilen matalary ulanmak has ýerliklidir. Şeýle hem ekologiýa taýdan arassa harytlary öndürmekde gaýtadan işlenilen ýüplükler ulanylyp bilner ýa-da ozal bar bolan beýleki dokma önümleri gaýtadan peýdalanylyp bilner.
Durnukly moda goşant goşmagyň ýene bir usuly hem egin-eşiklere we aýakgaplara dogry ideg etmekdir. Ýokary hilli dokma harytlaryny birnäçe ýyllap ulanyp bolýar. Şeýlelikde, satyn alýan egin-eşiklerimiziň sany azalýar. Bu bolsa ekologiýa ýetirýän täsirimizi görnetin azaldýar. Egin-eşikleri köp wagtlap ulanmak üçin olary sowuk suwda ýuwmak we asmak arkaly guratmak maslahat berilýär.