“Walloýran” stadiony Ýewropanyň iň kiçi ýurtlarynyň biri bolan Farer adalarynda ýerleşýär. Stadion 1000 janköýere niýetlenendir. Ýurduň 18 uly adasynyň biri bolan Wagar adasyndaky Sandawagur şäherçesindäki bu stadionda ýerli Sandawagur topary öz duşuşyklaryny geçirýär. 1000-e golaý ilaty bolan şäherçäniň bu kluby 1906-njy ýylda esaslandyrylýar. Topar Farer adalarynyň ýokary ligasynda 3 möwsüm çykyş edýär. 1993-nji ýylda “Migwagur”, “Wagar” klublary bilen birleşen topar 2004-nji ýylda täzeden 3-e bölünýär. 2007-nji ýyldan bäri bolsa, klub diňe ýetginjekleriň arasyndaky ýaryşlara gatnaşýar.