Hor­mat­ly je­nap Baş­lyk!
Hor­mat­ly je­nap Baş sek­re­tar!
Il­ki bi­len je­nap Wol­kan Boz­ky­ry Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 75-nji mej­li­si­niň baş­ly­gy we­zi­pe­si­ne saý­la­nyl­ma­gy bi­len gut­la­ma­ga hem-de oňa bu jo­gap­kär­li we­zi­pe­de üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­mä­ge rug­sat ediň.
Je­nap Ti­ja­ny Mu­ham­mad-Ban­da BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň ta­mam­la­nan 74-nji mej­li­si­niň baş­ly­gy hök­mün­de onuň alyp ba­ran ba­şar­nyk­ly we ne­ti­je­li iş­le­ri üçin bi­ziň tüýs ýü­rek­den min­net­dar­ly­gy­my­zy ka­bul et­me­gi­ni ha­ýyş ed­ýä­rin.
Hor­mat­ly mej­li­se gat­na­şy­jy­lar!
Ha­nym­lar we je­nap­lar!
Men çy­ky­şy­my Ýer ýü­zü­niň ko­ro­na­wi­rus pan­de­mi­ýa­sy­nyň tä­si­ri­ne döz gel­me­dik ýa­şaý­jy­la­ry­nyň sa­ny­nyň ýüz müň­ler­çä ýet­me­gi ze­rar­ly, çuň­ňur gy­nanç söz­le­ri­ni be­ýan et­mek­den baş­la­mak is­le­ýä­rin.
Men şeý­le hem luk­man­la­ra, bu ul­ga­myň iş­gär­le­ri­ne, teh­ni­ki hü­när­men­le­ri­ne, meý­le­tin­çi­le­re, dün­ýä­niň dür­li kün­jek­le­rin­de adam­la­ryň öm­rü­ni we sag­ly­gy­ny ha­las et­me­giň ha­ty­ra­sy­na en­çe­me aý­la­ryň do­wa­myn­da yh­las­ly zäh­met çek­ýän­le­riň äh­li­si­ne gu­wan­ýan­dy­gy­my aýd­ýa­ryn hem-de ola­ra min­net­dar­lyk bil­dir­ýä­rin.
Bi­ziň üns-ala­da­myz umyt we ynam bi­len pan­de­mi­ýa­nyň ýaý­ra­ma­gy­nyň öňü­ni al­ma­ga gö­nük­di­ri­len wak­si­na­la­ry hem-de der­man se­riş­de­le­ri­ni dö­ret­me­giň üs­tün­de iş­le­ýän alym­la­ra, bar­lag­çy­la­ra gö­nük­di­ri­len­dir.
Ola­ra min­net­dar­lyk bil­di­rip, bu mö­hüm iş­de hem­me­ta­rap­la­ýyn gol­daw ber­mä­ge taý­ýar­dy­gy­my­zy be­ýan edip ýüz­len­ýä­rin.
Ha­wa, hä­zir­ki wagt­da biz, il­kin­ji no­bat­da, adam­za­dyň ХХI asyr­da ýüz­be-ýüz bo­lan tä­ze how­py ba­ra­da aýt­ma­ga mej­bur bol­ýa­rys. Gys­ga döw­rüň için­de COVID-19 ha­ky­ky we bel­ki-de, döw­rüň iň howp sal­ýan we­hi­mi­ne öw­rül­di. Ol hiç bir ser­het­siz, adam­la­ryň ge­lip çy­ky­şy­na we mil­le­ti­ne parh goý­ma­ýan, ösen dün­ýä­niň äh­li ul­gam­la­ry­na örän ýa­ra­maz tä­si­ri­ni ýe­tir­ýän äh­lu­mu­my möç­ber­dä­ki we­him­dir. Bel­ki-de, en­çe­me on­ýyl­lyk­la­ryň do­wa­myn­da bü­tin dün­ýä umu­my how­puň öňün­de il­kin­ji ge­zek özü­niň ejiz­di­gi­ni ýi­ti duý­dy.
Şo­ňa gö­rä-de, ony di­ňe je­bis­lik we raý­daş­lyk bi­len ýe­ňip geç­me­giň hem-de bu gö­reş­den tä­ze, has paý­has­ly, jo­gap­kär­li we öň­den gö­rü­ji­lik­li bo­lup üs­tün çyk­ma­gyň müm­kin­di­gi­ne ynam we umyt bil­dir­ýä­ris. Hä­zir­ki döw­rüň kyn­çy­lyk­la­ry­na we gar­şy­lyk­la­ry­na ga­ra­maz­dan, hut şu ýag­daý­lar tu­tuş Ýer ýü­zü­niň ýa­şaý­jy­la­ry­nyň yk­ba­ly üçin go­wu­ly­ga ta­rap üýt­ge­mä­ge bi­ze müm­kin­çi­lik ber­ýär. Şu müm­kin­çi­li­gi ýi­tir­mez­lik, my­na­syp he­re­ket­le­ri, ag­zy­bir­li­gi we ha­ky­ky yn­san­per­wer­li­gi gör­kez­mek bi­ziň iň be­ýik sy­ýa­sy we ah­lak bor­ju­myz­dyr.
Hor­mat­ly je­nap Başlyk!
Dün­ýä­de pan­de­mi­ýa­nyň ýaý­rap baş­lan il­kin­ji pur­sat­la­ryn­dan­ Türk­me­nis­tan bu how­pa gar­şy he­re­ket et­mek bo­ýun­ça ze­rur çä­re­le­ri iş ýü­zün­de ama­la aşyr­ma­ga gi­riş­di. Öz wag­tyn­da ne­ti­je­li go­rag çä­re­le­ri ge­çi­ril­di, ko­ro­na­wi­rus ýo­kan­jy­na gar­şy gö­reş­mek bo­ýun­ça ýe­ke-täk mil­li stra­te­gi­ýa iş­le­nip dü­zül­di. Gu­ra­ma­çy­lyk, hu­kuk, ma­li­ýe, yk­dy­sa­dy, luk­man­çy­lyk we aras­sa­çy­lyk-ka­ran­tin hä­si­ýe­t­li çä­re­le­riň top­lu­my şol stra­te­gi­ýa­nyň öze­ni­ni düz­di.
Şol bir­ wagt­da bi­ziň ýur­du­myz iki­ta­rap­la­ýyn gör­nüş­de bol­şy ýa­ly, hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň ug­ry bo­ýun­ça hem ýa­kyn­dan hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry­ny ýo­la goý­dy. Il­kin­ji no­bat­da, Türk­me­nis­ta­nyň Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy bi­len ys­ny­şyk­ly öza­ra gat­na­şyk­la­ry­ny bel­le­mek ge­rek.
Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, biz BMG-niň Baş sek­re­ta­ry­nyň şu ýy­lyň 23-nji we 30-njy mar­tyn­da eden çy­kyş­la­ryn­da­ky ça­gy­ryş­la­ry­ny hem-de ýüz­len­me­le­ri­ni do­ly gol­da­ýa­rys.
Baş sek­re­ta­ryň baş­lan­gyç­la­ry­ny üns mer­ke­zin­de sak­lap, Türk­me­nis­tan­da döw­let de­re­je­sin­de ýur­du­my­zyň ýi­ti ýo­kanç ke­sel­le­ri­ne gar­şy he­re­ket et­mä­ge we tä­sir et­mä­ge taý­ýar­ly­gy üp­jün et­me­giň Mil­li me­ýil­na­ma­sy tas­syk­la­nyl­dy. Şeý­le hem ko­ro­na­wi­rus pan­de­mi­ýa­sy­na gar­şy he­re­ket et­mek bo­ýun­ça des­sin dur­muş-yk­dy­sa­dy çä­re­le­riň me­ýil­na­ma­sy iş­le­ni­lip taý­ýar­la­nyl­dy we ka­bul edil­di.
Şo­nuň bi­len bir­lik­de, Türk­me­nis­tan Bü­tin­dün­ýä sag­ly­gy go­ra­ýyş gu­ra­ma­sy bi­len özü­niň köp­ýyl­lyk we ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy­ny do­wam ed­ýär. Biz ko­ro­na­wi­ru­sa gar­şy gö­reş­mek­de BSGG-niň eýe­le­ýän or­nu­na ýo­ka­ry ba­ha ber­ýä­ris. Onuň tek­lip­le­ri bi­ziň ýur­du­myz­da özü­niň esas­lan­dy­ry­lan­dy­gy­ny gör­kez­di hem-de luk­man­çy­lyk we beý­le­ki eda­ra­la­ryň iş­le­me­gi üçin mö­hüm ugur gör­ke­zi­ji bo­lup dur­ýar. Biz Bü­tin­dün­ýä sag­ly­gy go­ra­ýyş gu­ra­ma­sy bi­len hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de gi­ňel­de­ris we anyk­laş­dy­ra­rys, ony ul­gam­la­ýyn, uzak­möh­let­le­ýin de­re­jä çy­ka­ra­rys.
Pan­de­mi­ýa­ny çalt ýeň­mek üçin hü­när­men­le­riň ýa­kyn­dan ut­ga­şyk­ly iş­le­me­gi we bü­tin dün­ýä­niň yl­my-luk­man­çy­lyk jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň ta­gal­la­la­ry­nyň bir­leş­di­ril­me­gi äh­li dö­wür­dä­ki­ler­den has ze­rur bo­lup dur­ýar. Howp­ly ýo­kanç ke­sel­le­riň me­se­le­le­ri bo­ýun­ça top­lum­la­ýyn, ul­gam­la­ýyn we mak­sa­da gö­nük­di­ri­len köp­ta­rap­ly gat­na­şyk­la­ryň, yl­my dip­lo­ma­ti­ýa­nyň ýol­la­ry­ny do­ly aç­ma­gyň hä­zir­ki wagt­da ze­rur­dy­gy­na ynan­ýa­rys.
Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Türk­me­nis­tan de­giş­li hal­ka­ra gu­ral­la­ry­ny iş­läp taý­ýar­la­mak we dö­ret­mek me­se­le­le­ri­ne ga­ra­ma­gy tek­lip ed­ýär. Hu­su­san-da, BSGG-niň ho­wan­dar­ly­gyn­da:
– ko­ro­na­wi­ru­syň ge­no­my­ny öw­ren­mek bo­ýun­ça Bü­tin­dün­ýä sag­ly­gy go­ra­ýyş gu­ra­ma­sy­nyň Ýö­ri­te mak­sat­na­ma­sy­ny dö­ret­me­gi;
– pnew­mo­ni­ýa gar­şy gö­reş­mek bo­ýun­ça köp­ta­rap­ly gu­ra­ly iş­läp taý­ýar­la­ma­gy;
– ýi­ti ýo­kanç ke­sel­le­ri­ni be­jer­mek we ola­ryň öňü­ni al­mak bo­ýun­ça Usu­ly­ýet mer­ke­zi­ni dö­ret­me­gi mak­sa­da­la­ýyk ha­sap­la­ýa­rys.
Gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän döw­let­le­riň we hal­ka­ra dü­züm­le­riň äh­li­si bi­len bu baş­lan­gyç­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mek bo­ýun­ça gi­ňiş­le­ýin pi­kir alyş­ma­ga taý­ýar­dy­rys.
Hor­mat­ly mej­li­se gat­na­şy­jy­lar!
Ko­ro­na­wi­rus pan­de­mi­ýa­sy äh­lu­mu­my yk­dy­sa­dy­ýe­tiň bar­şy­na we ugur­la­ry­na ep-es­li de­re­je­de ýa­ra­maz tä­si­ri­ni ýe­tir­ýär, Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­tir­mek bo­ýun­ça dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň ta­gal­la­la­ry­ny çyn­la­kaý bök­de­ýär. Şu ba­bat­da yk­dy­sa­dy we söw­da gat­na­şyk­la­ry­ny di­kelt­mä­ge gö­nük­di­ri­len hyz­mat­daş­ly­gyň iş­jeň­leş­di­ril­me­gi­ne umyt ed­ýä­ris.
Hä­zir­ki dö­wür­de dün­ýä yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni dur­nuk­ly ösüş ýo­lu­na çy­kar­mak üçin şert­le­ri dö­ret­mek ze­rur­dyr. Bi­ziň pi­ki­ri­miz­çe, şun­da ener­ge­ti­ka, ulag, se­na­gat we söw­da ul­gam­la­ry mö­hüm ugur­lar bol­ma­ly­dyr.
Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, 75-nji mej­li­siň bar­şyn­da Türk­me­nis­tan ener­gi­ýa­nyň ibe­ril­me­gi­niň dur­nuk­ly­ly­gy we yg­ty­bar­ly­ly­gy ul­ga­myn­da BMG-niň hal­ka­ra-hu­kuk gu­ra­ly­ny dö­ret­mek bo­ýun­ça iş­le­ri iş­jeň­leş­dir­me­gi mak­sat edin­ýär.
Türk­me­nis­tan ulag me­se­le­si ba­bat­da giň hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry­nyň ba­şy­ny baş­laý­jy­la­ryň bi­ri hök­mün­de adat­dan da­şa­ry ýag­daý­la­ryň döw­rün­de hal­ka­ra ýük da­şa­ly­şy­nyň dur­nuk­ly­ly­gy­ny üp­jün et­mek me­se­le­le­ri­ne ga­ra­ma­gy tek­lip ed­ýär. Bi­ziň ýur­du­myz ta­ra­pyn­dan Baş As­samb­le­ýa­nyň Ka­rar­na­ma­sy­nyň de­giş­li tas­la­ma­sy taý­ýar­la­ny­lyp, ol BMG-ä ag­za döw­let­le­riň ga­ra­ma­gy­na ibe­ril­di.
Deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk ösüp bar­ýan ýurt­la­ryň mi­nistr­le­ri­niň gel­jek ýyl Türk­me­nis­tan­da ge­çi­ril­me­gi me­ýil­leş­di­ril­ýän hal­ka­ra mas­la­ha­ty bu me­se­le ba­bat­da yla­la­şyk­ly çe­me­leş­me­le­ri iş­läp taý­ýar­la­mak üçin anyk meý­dan­ça öw­rü­ler di­ýip pi­kir ed­ýä­ris.
Dün­ýä yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni di­kelt­mek, söw­da­ny we ma­ýa go­ýum­la­ry­ny hö­wes­len­dir­mek bo­ýun­ça iş­ler­de Bü­tin­dün­ýä söw­da gu­ra­ma­sy öz üs­tü­ne esa­sy we­zi­pä­ni al­ma­ly­dyr. Türk­me­nis­tan ýa­kyn­da BSG-niň syn­çy de­re­je­si­ni alan­dy­gy­ny ugur edi­nip, şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, äh­lu­mu­my yk­dy­sa­dy­ýet­dä­ki çök­gün­lik ýag­daý­la­ry­ny çalt ýe­ňip geç­mek, ony oňyn dep­gin­li ösü­şe ge­çir­mek bo­ýun­ça anyk çä­re­le­ri öňe iler­let­mek üçin açyl­ýan müm­kin­çi­lik­le­ri ne­ti­je­li peý­da­la­nar.
Hor­mat­ly we­ki­li­ýet­le­riň
ýol­baş­çy­la­ry we ag­za­la­ry!
Ko­ro­na­wi­rus pan­de­mi­ýa­sy dün­ýä­niň örän köp ýurt­la­ry­na ol ýa-da beý­le­ki de­re­je­de deg­di. Ýö­ne, ol eko­lo­gi­ýa nuk­daý­na­za­ryn­dan oňaý­syz bo­lan se­bit­le­re aý­ra­tyn howp sal­ýar. Gy­nan­sak-da, Ýer ýü­zü­niň kar­ta­syn­da şeý­le se­bit­ler az däl, bir çy­ky­şyň do­wa­myn­da ola­ryň äh­li­si ba­ra­da aýt­mak müm­kin däl. Şo­ňa gö­rä-de, men Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň halk­la­ry we döw­let­le­ri üçin örän mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe bo­lan me­se­lä­ni goz­ga­mak is­le­ýä­rin. Gür­rüň Aral he­läk­çi­li­gi­niň zo­la­gy ba­ra­da bar­ýar.
Pan­de­mi­ýa bi­len bag­ly­lyk­da, ol ýer­dä­ki ýag­daý­lar ýi­ti­le­şip, adam­la­ryň öm­rü­ne we sag­ly­gy­na ha­ky­ky howp sal­ýar, ýo­kan­jyň giň­den we çalt ýaý­ra­mak how­py ep-es­li ýo­kar­lan­dy. Şu­nuň ýa­ly şert­ler­de, biz dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­ni Aral we Aral­ýa­ka me­se­le­le­ri­ne örän uly üns ber­mä­ge ça­gyr­ýa­rys.
El­bet­de, BMG-niň ug­ry bo­ýun­ça bol­şy ýa­ly, hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň gat­naş­ma­gyn­da hem ol ýer­de az bol­ma­dyk bel­li bir iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar, Ara­ly ha­las et­me­giň Hal­ka­ra gaz­na­sy­nyň işi­ne ýar­dam be­ril­ýär.
Bu hyz­mat­daş­lyk üçin min­net­dar­lyk bil­dir­ýä­rin, iş­gär­le­riň zäh­me­ti­ne ýo­ka­ry ba­ha ber­ýä­ris. Ýö­ne – açyk aýt­jak – hä­zir­ki wagt­da bu iş­ler he­niz ýe­ter­lik däl­dir. Ara­ly ha­las et­mek işin­de has giň çä­re­ler, şol ýer­ler­de ýa­şa­ýan adam­la­ra iş ýü­zün­de anyk kö­mek we gol­daw ze­rur­dyr.
Şo­ňa gö­rä-de, Aral me­se­le­sin­de ul­gam­la­ýyn we top­lum­la­ýyn çe­me­leş­mä­niň, de­giş­li res­mi­na­ma-hu­kuk üp­jün­çi­li­giň ze­rur­dy­gy­na hem-de onuň Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň işi­niň aý­ra­tyn bir ug­ry hök­mün­de öňe çy­ka­ryl­ma­ly­dy­gy­na ynan­ýa­rys.
Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Türk­me­nis­tan Aral deň­zi­niň gur­şa­wy üçin BMG-niň Ýö­ri­te mak­sat­na­ma­sy­ny dö­ret­mek bo­ýun­ça baş­lan­gy­jy öňe sür­di. Şeý­le hem 2018-nji ýy­lyň ap­rel aýyn­da we 2019-njy ýy­lyň maý aýyn­da ýur­du­my­zyň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça ka­bul edi­len BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň «Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy bi­len Ara­ly ha­las et­me­giň Hal­ka­ra gaz­na­sy­nyň ara­syn­da hyz­mat­daş­lyk ha­kyn­da» Ka­rar­na­ma­la­ry­nyň mö­hüm­di­gi­ni bel­le­ýä­ris. Şol res­mi­na­ma­lar hä­zir Aral me­se­le­si ug­run­da bi­le­li­kdä­ki ta­gal­la­la­ry bir­leş­dir­mek üçin meý­dan­ça hök­mün­de çy­kyş ed­ýär.
Aral me­se­le­si­ni çöz­me­giň hal­ka­ra-hu­kuk esas­la­ry­ny dö­ret­mek bo­ýun­ça iş­le­ri ös­dü­rip, 2021-nji ýy­lyň maý aýyn­da BMG-niň Azi­ýa we Ýu­waş um­man üçin Ykdy­sa­dy we Dur­muş to­pa­ry­nyň no­bat­da­ky mej­li­si­niň çäk­le­rin­de Türk­me­nis­tan Aral bo­ýun­ça gel­jek­ki Ýö­ri­te mak­sat­na­ma­nyň kon­sep­si­ýa­sy­nyň il­ki­baş­ky tas­la­ma­sy­ny we dü­zü­mi­ni hö­dür­lär. Äh­li döw­let­le­ri hem-de gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän gu­ra­ma­la­ry bu res­mi­na­ma­la­ry ara alyp mas­la­hat­laş­ma­ga ça­gyr­ýa­rys.
Hor­mat­ly mej­li­se gat­na­şy­jy­lar!
Baş As­samb­le­ýa­nyň şu mej­li­si, gy­nan­sak-da, hä­zir­ki dö­wür­de dün­ýä­de ýü­ze çy­kan çyl­şy­rym­ly ýag­daý­lar, har­by-sy­ýa­sy gar­şy­lyk­la­ryň bar­ha ýaý­baň­lan­ma­gy bi­len bag­ly­lyk­da geç­ýär.
Bu wa­ka­la­ra, ola­ryň se­bäp-der­ňew ara­bag­la­ny­şyk­lyk­la­ry­na ba­ha ber­li­şi ta­pa­wut­ly bo­lup bi­ler. Ýö­ne, bir zat aý­dyň­dyr: olar umu­my hal­ka­ra ýag­da­ýy­na ýa­ra­maz tä­sir ed­ýär, howp­suz­ly­gyň äh­lu­mu­my gur­lu­şy­nyň esas­la­ry­na şek ýe­tir­ýär, yk­dy­sa­dy, söw­da, yn­san­per­wer gat­na­şyk­la­ry­nyň ama­la aşy­ryl­ma­gy­ny kyn­laş­dyr­ýar. Da­wa­la­ryň ýü­ze çy­kyp bil­jek müm­kin­çi­li­gi bo­lan ýer­le­riň gi­ňe­mek, dart­gyn­ly­lyk ojak­la­ry­nyň möw­je­mek, gap­ma-gar­şy­lyk­la­ryň dür­li gör­nüş­le­ri­ne gat­naş­jak­la­ryň sa­ny­nyň bar­ha art­mak howp­la­ry bar.
Soň­ky wagt­lar­da hal­ka­ra hu­ku­gy­na bi­per­waý ga­ra­mak ýa­ly ýü­ze çyk­ýan ýag­daý­lar aý­ra­tyn ala­da dö­red­ýär. Eme­le ge­len ýag­daý­lar­da, hal­ka­ra hu­ku­gy­nyň eýe­le­ýän or­nu­ny, äh­lu­mu­my howp­suz­ly­gyň bar bo­lan ul­ga­my­nyň köp­ta­rap­ly hu­kuk gu­ral­la­ry­ny pug­ta­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len ta­gal­la­la­ryň bir­leş­di­ril­me­gi, äh­li ýurt­lar ta­ra­pyn­dan BMG-niň Ter­tip­na­ma­syn­dan ge­lip çyk­ýan umu­my yk­rar edi­len ka­da­la­ryň yzy­gi­der­li ber­jaý edil­me­gi ze­rur­dyr. Di­ňe şeý­le et­mek bi­len, dün­ýä sy­ýa­sa­tyn­da­ky dur­nuk­ly­ly­gy we gel­je­ge bo­lan yna­my sak­lap bo­lar, da­wa­la­ryň ýü­ze çyk­mak tö­wek­gel­çi­li­gi­ni azal­dyp bo­lar.

Bu mak­sa­da ýet­me­giň ýol­la­ry­nyň bi­ri hal­ka­ra sy­ýa­sa­tyn­da yna­nyş­ma­gy tä­ze­den di­kelt­mek­den, öza­ra hor­mat goý­mak gat­na­şyk­la­ry­nyň me­de­ni­ýe­ti­ni ber­ka­rar et­mek­den yba­rat­dyr.
Mä­lim bol­şy ýa­ly, ge­çen ýy­lyň sent­ýabr aýyn­da BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça 2021-nji ýy­ly Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly di­ýip yg­lan et­mek ha­kyn­da Ka­rar­na­ma ka­bul et­di. Türk­me­nis­tan bu res­mi­na­ma­nyň düz­gün­le­ri­niň ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi ba­bat­da gel­jek ýyl Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak fo­ru­my­ny ge­çir­mek baş­lan­gy­jy­ny öňe sür­ýär. Onuň hä­zir­ki döw­rüň äh­lu­mu­my gün ter­ti­bi­niň iň mö­hüm me­se­le­le­ri bo­ýun­ça ne­ti­je­li we öza­ra hor­ma­ta da­ýan­ýan köp­ta­rap­ly gat­na­şyk­la­ra kuw­wat­ly iter­gi ber­jek­di­gi­ne ynan­ýa­rys.
Hor­mat­ly je­nap Baş­lyk!
Şu ýyl Türk­me­nis­tan öz hä­zir­ki za­man ta­ry­hyn­da şan­ly se­nä­ni – 1995-nji ýy­lyň 12-nji de­kab­ryn­da BMG-niň üs­ti bi­len hal­ka­ra jem­gy­ýet­çi­li­gi ta­ra­pyn­dan ýur­du­my­za he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk de­re­je­si­niň ber­ki­di­len se­ne­si­niň 25 ýyl­ly­gy­ny bel­le­ýär.
Çär­ýek asyr bä­ri Bi­ta­rap­lyk Türk­me­nis­tan üçin onuň döw­let­li­li­gi­niň, alyp bar­ýan da­şa­ry we içe­ri sy­ýa­sa­ty­nyň esas­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar. Bi­ta­rap­ly­gyň ýö­rel­ge­le­ri, onuň gym­mat­lyk­la­ry hem-de dün­ýä ga­ra­ý­şy ­ýur­du­my­zyň mil­li bäh­bit­le­ri­ne, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň mak­sat­la­ry­na we we­zi­pe­le­ri­ne özü­niň do­ly ky­bap gel­ýän­di­gi­ni su­but et­di.
2017-nji ýy­lyň few­ral aýyn­da BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň ag­za döw­let­le­riň örän köp­san­ly­sy­nyň aw­tor­daş­ly­gyn­da 12-nji de­kab­ry Hal­ka­ra Bi­ta­ra­plyk gü­ni di­ýip bi­ra­gyz­dan yg­lan eden­di­gi ka­nu­na­la­ýyk­dyr.
Türk­me­nis­ta­nyň Bi­ta­rap­ly­gy – mu­nuň özi sy­ýa­sat­da, yk­dy­sa­dy­ýet­de, daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak işin­de, äh­lu­mu­my azyk howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek­de deň­hu­kuk­ly, hor­mat goý­mak, öza­ra bäh­bit­li hal­ka­ra hyz­mat­daş­lyk, Ýer ýü­zü­niň te­bi­gy se­riş­de­le­ri­ni ada­lat­ly we ne­ti­je­li paý­la­mak, bos­gun­la­ra, gö­çe-göç­lük­de ýa­şa­ýan­la­ra we ra­ýat­ly­gy bol­ma­dyk adam­la­ra kö­mek we gol­daw ber­mek üçin, hä­zir­ki za­man dün­ýä­si­niň en­çe­me beý­le­ki mö­hüm me­se­le­le­ri­ni çöz­mä­ge ça­gy­ryş­dyr hem-de şert­le­riň dö­re­dil­me­gi­dir.
Türk­me­nis­ta­nyň Bi­ta­rap­ly­gy – mu­nuň özi pa­ra­hat­çy­lyk dö­re­di­ji­lik­li ýo­ka­ry we­zi­pe­dir, pa­ra­hat­çy­lyk­ly, sy­ýa­sy-dip­lo­ma­tik se­riş­de­ler we usul­lar ar­ka­ly ýur­du­my­zyň dün­ýä we se­bit de­re­je­le­rin­de ýü­ze çyk­ýan äh­li me­se­le­le­riň çö­zül­me­gi­ne gat­naş­ma­ga taý­ýar­dy­gy­dyr.
Türk­me­nis­ta­nyň Bi­ta­rap­ly­gy­nyň mö­hüm we­zi­pe­si we aý­ryl­maz böle­gi öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy­dyr. Hut Bi­ta­rap Türk­me­nis­ta­nyň paý­tag­tyn­da goň­şy ýurt­la­ryň we Howp­suz­lyk Ge­ňe­şi­niň ag­za­la­ry­nyň gol­da­ma­gyn­da Baş As­samb­le­ýa­nyň çöz­gü­di bi­len 2007-nji ýyl­da BMG-niň Mer­ke­zi Azi­ýa üçin Öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy bo­ýun­ça se­bit mer­ke­zi­niň dö­re­dil­me­gi çuň­ňur maz­mu­na eýe­dir.
Se­bit­de pa­ra­hat­çy­ly­gy, howp­suz­ly­gy we ösü­şi üp­jün et­mek, Öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň müm­kin­çi­li­gi­ni yzy­gi­der­li aç­mak bo­ýun­ça öz Bi­ta­rap­lyk sy­ýa­sa­ty­nyň ýö­rel­ge­le­ri­ne eýe­rip, Türk­me­nis­tan mej­li­siň çäk­le­rin­de Baş As­samb­le­ýa «Mer­ke­zi Azi­ýa üçin Öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy bo­ýun­ça se­bit mer­ke­zi­niň eýe­le­ýän or­ny» di­ýen Ka­rar­na­ma­nyň tas­la­ma­sy­na ga­ra­ma­gy tek­lip et­me­gi mak­sat edin­ýär.
Mer­ke­zi Azi­ýa­da pa­ra­hat­çy­lyk, howp­suz­lyk we ösüş Ow­ga­nys­tan­da­ky ýag­daý­la­ryň düz­gün­leş­di­ril­me­gi­ne gö­nü­den-gö­ni bag­ly­dyr. Şun­da Türk­me­nis­ta­nyň eýe­le­ýän ýö­rel­ge­si tu­tan­ýer­li­dir we üýt­gew­siz­dir: gep­le­şik­le­ri ge­çir­mek ar­ka­ly iş­ler­den baş­ga ýol­lar bo­lup bil­mez. Mun­dan ozal­ky tej­ri­be­le­riň äh­li­si güýç ula­nyş usul­la­ry­nyň gel­je­gi­niň ýok­du­gy­ny hem-de yla­la­şy­ga we ýa­raş­ma­ga ge­ti­rip bil­me­ýän­di­gi­ni gör­kez­di.
Bi­ta­rap döw­let we Ow­ga­nys­ta­nyň gö­nü­den-gö­ni goň­şu­sy hök­mün­de bi­ziň ýur­du­myz öz çäk­le­rin­de ow­gan Hö­kü­me­ti­niň hem-de bu ýurt­da­ky ýag­daý­la­ry sy­ýa­sy taý­dan düz­gün­leş­dir­mek­de gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän äh­li ta­rap­la­ryň ara­syn­da pa­ra­hat­çy­lyk­ly gat­na­şyk­la­ry ýo­la goý­mak üçin ze­rur bo­lan sy­ýa­sy we gu­ra­ma­çy­lyk şert­le­ri­ni üp­jün et­mä­ge taý­ýar­dyr.
Ow­gan ta­ra­py­nyň gat­naş­ma­gyn­da iri dü­züm­le­ýin, il­kin­ji no­bat­da, ener­ge­ti­ka, ulag we kom­mu­ni­ka­si­ýa ýa­ly mö­hüm ul­gam­lar­da tas­la­ma­la­ryň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ni Ow­ga­nys­ta­nyň sy­ýa­sy taý­dan dur­nuk­laş­dy­ryl­ma­gy­nyň, yk­dy­sa­dy we dur­muş taý­dan tä­ze­den di­kel­dil­me­gi­niň, onuň dün­ýä­ho­ja­lyk iş­le­ri­ne üs­tün­lik­li go­şu­lyş­ma­gy­nyň esa­sy şer­ti ha­sap­la­ýa­rys.
Bu ugur­da yzy­gi­der­li iş alyp bar­mak bi­len, ýur­du­myz, mä­lim bol­şy ýa­ly, Türk­me­nis­tan-Ow­ga­nys­tan-Pa­kis­tan-Hin­dis­tan gaz ge­çi­ri­ji­si­niň, şeý­le hem Ow­ga­nys­ta­nyň çäk­le­ri­ne çyk­ýan de­mir ýol şa­ha­la­ry­nyň, op­ti­ki-sü­ýüm­li ara­gat­na­şyk ul­gam­la­ry­nyň gur­lu­şyk­la­ry­nyň ba­şy­ny baş­la­dy, şo­lar eý­ýäm iş ýü­zün­de ama­la aşy­ryl­mak tap­gy­ry­na gir­di. Hal­ka­ra jem­gy­ýet­çi­li­gi­ni, işe­wür dü­züm­le­ri, ma­li­ýe eda­ra­la­ry­ny bu iş­le­re has iş­jeň go­şu­lyş­ma­ga ça­gyr­ýa­rys.
Hor­mat­ly mej­li­se gat­na­şy­jy­lar!
Bi­ziň ýur­du­myz üçin BMG mö­hüm, ile­ri tu­tul­ýan hyz­mat­daş bo­lup­dy we şeý­le bol­ma­gyn­da ga­lar. Biz hal­ka­ra gi­ňiş­li­gin­dä­ki öz äh­li iş­le­ri­miz­de BMG-niň Ter­tip­na­ma­sy­nyň äh­li ta­lap­la­ryn­dan ugur al­ýa­rys. Şo­ňa gö­rä-de, hä­zir Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň dö­re­dil­me­gi­niň 75 ýyl­ly­gyn­da Türk­me­nis­tan onuň bin­ýa­dyn­da goý­lan be­ýik mak­sat­la­ra özü­niň pug­ta yg­rar­ly bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny jo­gap­kär­li be­ýan ed­ýär.
BMG-niň mak­sat­la­ry­nyň, gym­mat­lyk­la­ry­nyň we ýö­relg­ele­ri­niň öz mö­hüm­li­gi­ni sak­lap gal­jak­dy­gy­na ynan­ýa­rys. Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy kö­pu­gur­ly ka­nu­ny düz­gün­le­re eýe bo­lan ýe­ke-täk hal­ka­ra gu­ra­ma­sy bo­lup­dy, şeý­le bo­lup dur­ýar we şo­nuň ýa­ly bo­lup gal­ma­ly­dyr.
Türk­me­nis­tan BMG-niň gel­je­gi­ne pug­ta ynan­ýar, bu gu­ra­ma bi­len stra­te­gik hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­ma­gy we ös­dür­me­gi do­wam edip, tu­tuş dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gyň, howp­suz­ly­gyň we ro­waç­ly­gyň bäh­bit­le­ri­ne, onuň eg­sil­mez kuw­wa­ty­nyň açyl­ma­gy­na go­şan­dy­ny go­şar.