Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet Baştutanymyzyň aladalary bilen ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösmegi, halkymyzyň parahat we abadan durmuşda ýaşamagy üçin ägirt uly işler amala aşyrylýar. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen her ýylyň 1-30-njy sentýabry aralygynda ýurdumyzda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk geçirilýär. Bu çäreler ýol hereketiniň düzgünleriniň berjaý edilmegi netijesinde, ilatyň saglygyny goramaga, şikesleriň we maýyplygyň öňüni almaga gönükdirilendir. Ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk getirmek maksady bilen, paýtagtymyzda, welaýatlarymyzda döwrebap ýaşaýyş jaýlary, täze etraplar, şäherçeler we awtoulag ýollary, köprüler gurulýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň dürli ýerlerinde awtoulag ýollarynyň, köprüleriniň gurluşygy ýokary depginde alnyp barylýar. Ýollaryň ugrunda döwrebap duralgalaryň, ýerasty, ýerüsti geçelgeleriň, ýolyşyklaryň we beýleki zerur belgileriň bolmagy sürüjileriň we pyýadalaryň howpsuzlygyny üpjün etmäge mümkinçilik döredýär. Ýollaryň durkunyň täzelenmegi üçin ýaýbaňlandyrylan işler, ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün edýär. Ýol hereketiniň düzgünleriniň saklanmagy, şeýle-de ýol-ulag hadysalarynyň öňüniň alynmagy, ozaly bilen, herekete gatnaşyjylaryň ýol hereketiniň kadalaryny kämil berjaý etmegine gönüden-göni bagly bolup durýar. Pyýadalaryň bellenen düzgünlere dogry eýermezligi, pyýadalar üçin niýetlenmedik ýerlerden geçilmegi ýol-ulag hadysalarynyň ýüze çykmagyna sebäp bolýar. Awtoulaglaryň bellenen tizlikden ýokary sürülmegi, ýol hereketiniň kadalarynyň dürs berjaý edilmezligi ýol-ulag hadysalarynyň döremegine alyp barýan ýaramaz ýagdaýlardyr.
Ýurdumyzda ýaş nesliň sagdyn ösmegi, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin abyrsyz uly işler durmuşa geçirilýär. Olaryň saglygyny goramak maksady bilen köçelerde, ýollarda howpsuzlyk düzgünleriniň doly berjaý edilmegini gazanmak şol işleriň möhüm bölegi bolup hyzmat edýär. Ýurdumyzda halkymyzyň durmuş şertleriniň has-da gowulanmagy netijesinde, ulag serişdeleriniň hem sany barha artýar. Bu bolsa, ýol hereketiniň düzgünleriniň berk gözegçilikde saklanylmagyny talap edýär. Şoňa görä, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bu ugurda çynlakaý işler alnyp barylýar. Şu günler Diýarymyzyň dürli künjeklerinde biraýlyga bagyşlanyp, dürli çäreler, maslahatlar, umumybilim berýän mekdeplerde we mekdebe çenli çagalar edaralarynda dürli bäsleşikler geçirilýär. Şeýle hem ýollarda özüňi alyp barmagyň medeniýetini wagyz etmäge, ýol hereketine gatnaşyjylaryň şahsy jogapkärçiligini düşündirmäge gönükdirilen maksatnamalaýyn çäreler guraldy.
Halkyň saglygy hakynda gije-gündiz alada edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, bu ugurda alyp barýan tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!
Kadyr Aşyrmämmedow,
Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň Polisiýa bölüminiň müdiriniň Işgärler boýunça orunbasary, Polisiýanyň maýory.