30-njy sentýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça baş direktory (ÝUNESKO) hanym Odri Azulaý bilen wideomaslahat görnüşinde duşuşyk geçirildi.

Taraplar Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini nygtadylar. Odri Azulaý ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy netijeli ösdürmäge, ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna goşýan uly şahsy goşandy üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirdi. Bilim, ylym, maglumat ulgamy, suw serişdelerini dolandyrmak hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi.

Şunuň bilen baglylykda, hanym Azulaý bilermenleriň duşuşyklaryny guramagyň, taraplaryň uzak aralykdan okuw geçmäge degişli taslamalara gatnaşmagynyň wajypdygyny nygtady. Türkmen tarapynyň wekilleri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini belläp, ÝUNESKO-nyň birnäçe düzümlerine Türkmenistany dalaşgärlige hödürlemek maksadyny beýan etdiler.
Şeýle hem türkmen tarapynyň wekilleri ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň ulgamyna goşulmaga gyzyklanma bildirýändigini beýan etdiler. Bu bolsa medeniýetara gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmaga ýardam etmäge gönükdirilendir.