7-nji oktýabrda  Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimiziň hytaý dilinde neşir edilen “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” kitabynyň tanyşdyryş dabarasy boldy.

Milli Liderimiziň Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramynyň öň ýanynda çap edilen we türkmen halkynyň baý ruhy hem-de taryhy-medeni mirasy hakynda gürrüň berýän bu eseri diňe bir biziň ýurdumyzyň giň okyjylar köpçüliginde däl, eýsem, daşary döwletlerde hem uly gyzyklanma döredýär.

Halkara ylmy toparlarynyň we jemgyýetçiliginiň wekilleri bu eseri daşary ýurt dillerine terjime etmäge meýillerini beýan edýärler. Hytaý dilindäki neşir Türkmenistanyň Baştutanynyň täze eseriniň daşary ýurtlarda terjimesiniň ilkinjisidir.

Dabarada bellenilişi ýaly, türkmen Lideriniň kitaby ösen jemgyýetiň özenini düzýän ynsanperwerligisöýgi we buýsanç bilen beýan edýär. Onuň hytaý dilindäki terjimesiniň çap edilmegi ýyl-ýyldan berkeýän türkmen-hytaý dostluk gatnaşyklarynyň taryhynda möhüm waka, türkmen döwletiniň Baştutanyna çuňňur hormatyň, hormatly Prezidentimiziň köpugurly döwlet, syýasy, ylmy we medeni işindäki uly hyzmatlarynyň ykrar edilmesi bolup durýar.

“Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” eseriniň hytaý diline terjime edilmegi bu ýurduň ägirt uly okyjylar köpçüligine türkmen halkynyň gadymy taryhy we baý medeniýeti, ümmülmez ruhy dünýäsi, filosofiýasy, häsiýetleri, ähli adamzat üçin könelmeýän gymmatlyklara eýe bolan parasatly öwüt-ündewleri barada öz düşünjelerini artdyrmaga ýardam edýär.Çykyş edenler munuňiki ýurduň arasynda netijeli dostluk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we ösdürmäge ýakyndan ýardam etjekdigini bellediler.

HHR-iň Türkmenistandaky işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Sýan Bon ýygnananlara ýüzlenip, türkmen Lideriniň täze eseriniň esasyny düzýän beýik ýörelgeleriňhytaý halkyna aýratyn ýakyndygyny we düşnüklidigini nygtady.Bu ýörelgeler hytaý halkynyň däpleri we ruhy ýörelgeleri bilen sazlaşýar.

Täze neşir iki ýurduň dostluk gatnaşyklaryny hem-de medeni ulgamdaky hyzmatdaşlygyny berkitmäge, parahatçylyk we ynsanperwerlik ýörelgelerini giňden wagyz etmek arkaly biziň halklarymyzy mundan beýläk-de ýakynlaşdyrmaga ýardam eder. Şunuň bilen baglylykda, “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” kitabynyň “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylynda çap edilmeginiň özboluşly ähmiýeti nygtaldy. Tanyşdyryş dabarasynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edip, milli Liderimize alyp barýan parahatçylyk we giň halkara hyzmatdaşlygy syýasaty üçin hoşallyk bildirdiler.