Penşenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Iki goňşy ýurduň Baştutanlary mähirli salamlaşyp, özara söhbetdeşlikde netijelilik, deňhukuklylyk we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanan döwletara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan meseleleri boýunça pikir alyşmak mümkinçiliginiň dörändigine kanagatlanma bildirdiler.

Bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda türkmen-özbek hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykdy hem-de dürli ugurlarda üstünlikli ösdürilýär. Ol ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem halkara düzümleriniň ugry boýunça ilerleýär.

Şunuň bilen baglylykda, döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklaryna netijeli häsiýetiň mahsusdygy bellenildi. 7-nji oktýabrda geçirilen “Türkmenistan-Özbegistan” işewür geňeşiniň 1-nji mejlisi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew koronawirus ýokanjynyň ýaýramagy bilen bagly meselä degip geçdiler. Bu ýagdaý häzirki wagtda tutuş dünýä bileleşigi üçin uly synaga öwrüldi.

Şeýle hem telefon söhbetdeşliginiň barşynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň Maslahat beriş duşuşygyny geçirmek hakynda mesele gozgaldy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu duşuşygy 2021-nji ýylda Aşgabatda geçirmegi teklip etdi.

Bu teklibiň goldanan ýagdaýynda Türkmenistan öňde agzalan mesele boýunça degişli guramaçylyk işine başlamaga taýýardyr.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew birek-birege berk jan saglyk hem-de jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri, Türkmenistanyň we Özbegistanyň doganlyk halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.

Telefon gepleşigi özbek tarapynyň başlangyjy bilen geçirildi.