8-nji okt­ýabr­da Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýe­wiň ara­syn­da te­le­fon ar­ka­ly söh­bet­deş­lik bol­dy.
Söh­bet­deş­ler Türk­me­nis­ta­nyň we Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň ara­syn­da­ky do­gan­lyk, dost­luk we hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň saz­la­şyk­ly we ok­gun­ly hä­si­ýe­te eýe bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny, ola­ryň çuň­ňur mä­hir­li­lik we açyk­lyk bi­len ta­pa­wut­lan­ýan­dy­gy­ny ka­na­gat­lan­ma bi­len bel­le­di­ler.
Se­bi­tiň we dün­ýä­niň kä­bir mö­hüm me­se­le­le­ri bo­ýun­ça pi­kir alyş­ma­la­ryň bar­şyn­da Pre­zi­dent­ler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýew ko­ro­na­wi­rus ýo­kan­jy­nyň ýaý­ra­ma­gy bi­len bag­ly me­se­lä de­gip geç­di­ler. Bu ýag­daý hä­zir­ki wagt­da tu­tuş dün­ýä bi­le­le­şi­gi üçin uly sy­na­ga öw­rül­di.
Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, hä­zir Türk­me­nis­tan we Öz­be­gis­tan pan­de­mi­ýa­nyň döw­le­ta­ra söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gy­na ýa­ra­maz tä­si­ri­ni azalt­mak mak­sa­dy bi­len ne­ti­je­li iş­le­ri ge­çir­ýär­ler. Şeý­le hem te­le­fon söh­bet­deş­li­gi­niň bar­şyn­da Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň Mas­la­hat be­riş du­şu­şy­gy­ny ge­çir­mek ha­kyn­da me­se­le goz­gal­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bu du­şu­şy­gy 2021-nji ýyl­da Aş­ga­bat­da ge­çir­me­gi tek­lip et­di.
Bu tek­lip gol­da­nan ýag­da­ýyn­da Türk­me­nis­tan öň­de ag­za­lan me­se­le bo­ýun­ça de­giş­li gu­ra­ma­çy­lyk işi­ne baş­la­ma­ga taý­ýar­dyr. Öň­de bol­jak sam­mi­ti ge­çir­me­giň se­ne­si we gün ter­ti­bi ba­ra­da aý­dy­lan­da, ola­ry se­bi­tiň ýurt­la­ry­nyň da­şa­ry sy­ýa­sat eda­ra­la­ry­nyň ug­ry bo­ýun­ça yla­laş­mak tek­lip edil­ýär.
Söh­bet­deş­li­giň ahy­ryn­da Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mir­zi­ýo­ýew bi­rek-bi­re­ge berk jan sag­lyk hem-de jo­gap­kär­li döw­let işin­de üs­tün­lik­le­ri, Türk­me­nis­ta­nyň we Öz­be­gis­ta­nyň do­gan­lyk halk­la­ry­na bol­sa pa­ra­hat­çy­lyk, aba­dan­çy­lyk we ro­waç­lyk ar­zuw et­di­ler. Te­le­fon gep­le­şi­gi öz­bek ta­ra­py­nyň baş­lan­gy­jy bi­len ge­çi­ril­di.