Gaýtadan dikeldilýän çeşmelerden emele gelýän elektrik energiýasynyň paýynyň köpelmegi bilen baglanyşykly Germaniýanyň federal hökümeti, şu ýylyň ahyryna çenli elektrik energiýasynyň nyrhlaryny azaltmak barada çynlakaý pikirlenýär. Degişli hökümet edarasy tarapyndan ýaýradylan soňky hasabatda, ýel parklarynda öndürilýän «ýaşyl» elektrik energiýasynyň beýleki ähli görnüşleriniň arasynda iň möhümidigi bellenildi.
Germaniýadaky ýel parklary, ähli energiýanyň takmynan 35%-ini öndürip, ýadro elektrik beketlerinden we ýylylyk elektrik beketlerinden soň üçünji ýerde durýar. Umuman aýdanyňda, birinji alty aýda ýurtda ekologik energiýanyň paýy 6%-den gowrak ýokarlandy we sarp edilýän energiýanyň ýarysyndan gowragy boldy. Ýurtda ýel energiýasyndan başga-da, gün energiýasy, biogaz we geotermal çeşmeler ulanylýar. Dünýäde, şol sanda ýurdumyzda alternatiw energiýa çeşmelerine has köp üns berilýändigi aýratyn bellärliklidir. Çünki şeýle ýol bilen alynýan energiýa çeşmeleri daşky gurşawy hapalamaýar, özüne düşýän bahasy bolsa, juda pes.