Aşakdaky beýannamanyň teksti Owganystanyň, Türkmenistanyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda ilkinji üçtaraplaýyn duşuşygynyň jemleri boýunça Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň we Türkmenistanyň Hökümetleri tarapyndan çap edildi.
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň we Türkmenistanyň Hökümetleriniň wekilleri 2020-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda «Owganystan – Türkmenistan – Amerikanyň Birleşen Ştatlary» üçtaraplaýyn duşuşygyň çäklerinde wideoaragatnaşyk arkaly söhbetdeşlik geçirdiler. Duşuşyk, ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň syýasy meseleler boýunça orunbasary Dewid Heýliň, Owganystanyň Daşary işler ministri Muhammet Hanif Atmaryň we Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň bilelikdäki ýolbaşçylygy astynda geçdi.
Duşuşyga gatnaşyjylar özara meseleleri, şol sanda syýasy, howpsuzlyk we ykdysady meselelerini çözmek üçin üçtaraplaýyn gepleşikleriň ähmiýetini tassykladylar. Bu maksat bilen, gatnaşyjylar aşakdakylary ýerine ýetirmegi meýilleşdirýärler:
- sebit howpsuzlygyny we ykdysady ösüşi goldamak üçin hyzmatdaşlygy giňeltmek, we sebitdäki ýurtlary we has giň halkara jemgyýetçiligini Owganystandaky parahatçylyk gepleşiklerine goldaw bermäge çagyryp, Owganystanyň ýolbaşçylygyndaky parahatçylyk gepleşikleriniň agzybir, özygtyýarly, demokratik, gülläp ösýän we asuda bolan bir Owganystany berkitmegine goldaw bermek;
- durnukly parahatçylygyň şerti hökmünde soňky 19 ýylda owganlylaryň demokratiýalaşdyrmakda we adam hukuklarynda gazananlaryny goramak we ösdürmek;
- howpsuzlyk ugrunda hyzmatdaşlygy güýçlendirmek we serhetaşa howplara garşy göreşmekde, şeýle hem terrorçylyk, neşe gaçakçylygy, kontrabanda we bikanun migrasiýa ýaly howpsuzlyk meselelerini çözmekde bilelikdäki tagallalary berkitmek;
- Owganystanyň, Türkmenistanyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň halklarynyň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek üçin mümkinçilikleri kesgitlemek we goldamak;
- sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy we ykdysady ösüşi üpjün etmek üçin alnyp barylýan ähli işlere zenanlaryň manyly goşulmagyny, gatnaşmagyny we goralmagyny öňe sürmek;
- Owganystanyň, Türkmenistanyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda söwdany ösdürmek maksady bilen, bu ugurdaky kanuny çäklendirmeleri gözden geçirmek we ABŞ we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda söwda we maýa goýumlary boýunça bar bolan Çarçuwaly Ylalaşygyň (TIFA) çägindäki gümrük amallarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak;
- Lapis Lazuli koridoryny ulanmakda we kämilleşdirmekde, şeýle hem Owganystanyň, Türkmenistanyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň sebitdäki söwdany ýokarlandyrmak üçin bilelikde işläp biljek beýleki ulag taslamalaryny kesgitlemekde hyzmatdaşlygy giňeltmek;
- Merkezi Aziýany Günorta Aziýa bilen Owganystanyň üsti bilen birleşdirýän ulag ulgamlaryny gurmakda we giňeltmekde hyzmatdaşlygy artdyrmak arkaly, sebit aragatnaşygyny ösdürýän taslamalara goldaw bermek;
- infrastruktura taslamalaryny, şol sanda Türkmenistan-Owganystan-Päkistan (TAP) energeýa taslamasy we Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan (TAPI) gaz geçiriji taslamasy ýaly energiýa serişdelerini paýlaşmak boýunça taslamalary kesgitlemek we durmuşa geçirmek üçin bilelikde işlemek;
- häzirki pandemiýa, geljekdäki jemgyýetçilik saglyk krizislerine we tebigy betbagtçylyklara garşy göreş tagallalaryny utgaşdyrmak arkaly gumanitar gatnaşygy güýçlendirmek;
- häzirki pandemiýa garşy göreşmekde we ondan soňky dikeldişde hereketlendiriji güýç bolup biler ýaly zenanlaryň deň hukuklygyny we ykdysady kuwwatyny artdyrmak; we
- Türkmenistanyň, Owganystanyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň bilelikdäki taslamalaryna we maksatlaryna goldawy täzelemege, hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini öwrenmäge we Merkezi Aziýa üçin howpsuz we abadan bir geljegi bilelikde gurmaga gönükdirilen gepleşikleri alyp barmak.
Duşuşyga gatnaşanlar bu söhbetdeşlikleri dowam etmegi umyt edýärler.