Kanadada bir gezek ulanylýan plastik önümlere gadaganlyk giriziler. Bu meýilnama geljek ýylyň ahyryna çenli durmuşa geçiriler. Şeýle meýilnamalar barada Kanadanyň daşky gurşaw we howanyň üýtgemeginiň öňüni almak boýunça ministri Jonatan Wilkinson mälim etdi. Bu çäklendirme azyk dükanlarynda satylýan bir gezek ulanylýan plastik paketlere, içgileri garyşdyrmak üçin çöplere, bir gezek ulanylýan dürli plastik gaplara girizildi. Resmiler degişli kanunçylyk resminamalaryny 2021-nji ýylyň ahyryna çenli taýýarlarlar. Wilkinsonyň pikiriçe, bu çäre Kanadanyň häkimiýetleriniň 2030-njy ýyla çenli ýurdy ekologiýa taýdan zyýanly bolan plastikden bütinleý daşlaşdyrmak baradaky meýilnamasynyň bir bölegidir. Häzirki wagtda Şazada Edward adasynda, Nýufaundlend we Labrador sebitlerinde, şeýle hem Albert, Kwebek we Manitoba etraplarynda bir gezek ulanylýan plastik paketlere gadaganlyk girizildi. 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan Wankuwerde we Monrealda plastik paketleriň ähli görnüşleri gadagan ediler. Ženewada, 2020-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan bir gezek ulanylýan plastigi ulanýanlara jerime salnyp başlanar, düzgüni bozanlar döwlete 100 dollar tölärler.
Awgust aýynda Çili bölek satuw pudagyndan plastik paketleri doly aýyrdy. Angliýada 1-nji oktýabrda bir gezek ulanylýan plastik önümleri satmak baradaky gadaganlyk güýje girizildi, bu çäklendirme plastik turbajyklara, içgileri garyşdyrmak üçin çemçelere we plastik esasly pagtaly çöplere girizildi.