Hy­taý kö­mür­tur­şy ga­zy­nyň (CO2) zy­ňyn­dy­la­ry­ny azalt­mak bo­ýun­ça mak­sat­la­ry­na möh­le­tin­den öň ýet­di. Bu ba­ra­da HHR-iň eko­lo­gi­ýa we daş­ky gur­şaw mi­nistr­li­gi­niň res­mi we­ki­li Lýu Ýu­bin ha­bar ber­di. Onuň aýt­ma­gy­na gö­rä, 2019-njy ýy­lyň ahy­ryn­da Hy­taý­da kö­mür­tur­şy ga­zy­nyň zy­ňyn­dy­la­ry 2005-nji ýyl bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, 48,1% azal­dy, ga­zy­lyp alyn­ma­ýan ener­gi­ýa çeş­me­le­ri­niň ener­gi­ýa sarp edi­li­şin­dä­ki pa­ýy 15,3%-e ýet­di.
Lýu Ýu­bin sö­zü­niň do­wa­myn­da Hy­ta­ýyň hä­zir­ki wagt­da ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­niň ýa­ra­maz ne­ti­je­le­ri­ni ara­dan aýyr­ma­ga yzy­gi­der­li äh­mi­ýet be­rip, önüm­çi­lik usul­la­ry­ny üýt­get­mek, ener­gi­ýa sarp ediş usul­la­ry­ny go­wu­lan­dyr­mak, ener­gi­ýa ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak we ug­le­rod söw­da ba­zar­la­ry­ny dö­ret­mek ýa­ly bir­nä­çe çä­re­le­ri yzy­gi­der­li dur­mu­şa ge­çir­ýän­di­gi­ni bel­le­di.
Şu ýy­lyň aw­gust aýy­n­da Hy­ta­ý CO2 zy­ňyn­dy­la­ryny azaltmak boýunça gör­ke­zi­ji­leri bi­len dün­ýä­de öňdäki orunlaryň birini eýeledi. Şeý­le hem Lýu Ýu­bin Pa­ri­žiň kli­mat bo­ýun­ça şert­na­ma­sy­nyň hem­me­ta­rap­la­ýyn, tä­sir­li we yzy­gi­der­li dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­nde Hy­ta­ý tarapynyň gol­daw ber­mä­ge ta­gal­la ed­ýän­di­gi­ni aýt­dy.