Sentýabr aýynda Ýaponiýanyň Premýer-ministri wezipesine saýlanan Ýosihide Suga ilkinji daşary ýurt saparyny 20-21-nji oktýabrda Wýetnamdan we Indoneziýadan başlady.
– ASEAN ýurtlary (Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlarynyň assosiasiýasy) Hindi-Ýuwaş umman sebitinde örän möhüm hyzmatdaşlarymyz bolup durýar – diýip, Ýosihide Suga aýtdy.
Ýosihide Suganyň Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlaryny saýlamagy Ýaponiýanyň bu döwletler bilen ykdysady gatnaşyklary has-da ösdürmek isleginden gelip çykýandygy habar berilýär.
«Erkin we açyk Hindi-Ýuwaş umman sebiti» konsepsiýasyny ilerletmek, Ýaponiýanyň öňki Premýer-ministri Sindzo Abeniň alyp baran syýasatynyň dowamydyr. Ozal habar berlişi ýaly, şu ýylyň 16-njy sentýabrynda Ýaponiýanyň Wekiller palatasynyň maslahatynda ýurduň dolandyryjy Liberal demokratik partiýasynyň täze saýlanan başlygy Ýosihide Suga aşaky palatanyň 462 wekiliniň 314 sesi bilen ýurduň täze Premýer-ministri boldy. Ol saglyk ýagdaýy sebäpli wezipesinden çekilen Sindzo Abeniň ýerine gelipdi.