2021-nji ýylda Serbiýanyň paýtagty Belgradda metronyň gurluşygyna girişerler. Bu barada şäher häkiminiň orunbasary Goran Wesiç mälim etdi. Golaýda Goran Wesiç we ýurduň maliýe ministri Sinişa Mali fransuz we hytaý kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen gepleşik geçirdiler. Şäher häkimliginiň wekilleri tarapyndan ýerasty gatnawyň zerurlygy 50 ýyl mundan ozal mälim edilipdi.
– Biz maliýe meselelerini doly çözdük, metronyň gurluşygyna 2021-nji ýylyň dekabrynda girişerler. Taslamanyň bahasy 4 milliard ýewro deň – diýip, şäher häkiminiň orunbasary Goran Wesiç aýtdy. Ylalaşylan şertnamalara laýyklykda, işleriň 70 göterimini hytaý kompaniýalary, 30 göterimini fransuz kompaniýalary ýerine ýetirerler. Şol bir wagtyň özünde, taraplar amatly şertlerde karz berdiler. Belgrad metrosynda 43 stansiýa ýerleşip, iki ugurdan ybarat bolar. Birinji ugur 1,8 milliard ýewro, ikinjisi 2,2 milliard ýewro bolar diýlip çaklanylýar. Gurluşygyň bäş ýyldan tamamlanyp, ulanylmaga berilmegine garaşylýar.
Gündogar bilen Günbataryň arasyndaky derweze hasaplanýan Belgrad köpleri birinji garaýyşda özüne bendi edýär. Serbiýanyň paýtagty bir ýarym milliondan gowrak adamyň ýaşaýan Ýewropanyň iň gadymy şäherlerinden biridir. Dunaý we Sawa derýalarynyň çatrygyndaky şäher gadymy döwürlerden bäri söwda ýollarynyň çatrygynda ýerleşýär.