Taryh bi­len hä­zir­ki za­man dur­mu­şy­ny bir­leş­dir­ýän baý me­de­ni gur­lu­şy we gün­de­lik dur­mu­şy Ýa­po­ni­ýa­nyň paý­tag­ty To­kio­ny Uzak Gün­do­gar­da iň aja­ýyp dynç alyş ýer­le­ri­niň bi­ri­ne öwür­ýär.
Su­mi­da der­ýa­sy­nyň To­kio aý­la­gy­na ga­bat gel­ýän ýe­rin­de ýer­leş­ýän bu şä­her, 1868-nji ýyl­da im­pe­ra­tor Mei­ji­niň kö­me­gi bi­len di­ňe bir ady­ny üýt­get­män, eý­sem, tu­tuş Ýa­po­ni­ýa tä­sir ed­ýän mo­der­ni­za­si­ýa he­re­ke­ti­niň mer­ke­zin­de bol­dy.
Bu di­na­mi­ka­nyň ne­ti­je­sin­de To­kio sy­ýa­hat­çy­lyk ug­ry babatda dün­ýä­niň iň baý we özü­ne çe­ki­ji şä­her­le­ri­niň ara­syn­da my­na­syp or­ny eýe­le­di.

Meiji ybadathanasy
Häzirki wagt­da Ýo­ýo­gi se­ýil­gä­hi diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan 70 gek­tar to­kaý­lyk ýer­de ýer­leş­ýän Mei­ji yba­dat­ha­na­sy 1920-1926-njy ýyl­lar ara­ly­gyn­da gu­rul­dy. Bu yba­dat­ha­na Ýa­po­ni­ýa­nyň döw­re­bap­laş­dy­ryl­ma­gyn­da mö­hüm rol oý­nan im­pe­ra­tor Mei­jä we onuň aýa­ly­na ba­gyş­la­nyp­dyr.
Pa­ra­hat gur­şa­wy we aja­ýyp­ly­gy bi­len To­kio­da ba­ryp gör­mek üçin ze­rur ýer­le­riň bi­ri­ne öw­rü­len yba­dat­ha­na Nai­ren we Ga­ýen at­ly iki bö­lek­den yba­rat. Nai­ren bö­le­gin­de pa­ty­şa ha­zy­na­sy sak­lan­ýar. Ga­ýen bö­le­gin­de bol­sa im­pe­ra­tor­la­ryň dur­mu­şy­ny su­rat­lan­dyr­ýan di­war ka­gyz­la­ry gör­ke­zil­ýän su­rat ga­le­re­ýa­sy bi­len köp mak­sat­ly sport top­lu­my ýer­leş­ýär.

Sensoji ybadathanasy
To­kio­nyň ta­ry­hy şä­her­çe­si­niň mer­ke­zin­de ýer­leş­ýän Sen­so­ji yba­dat­ha­na­sy sy­ýa­hat edil­ýän iň ga­dy­my bi­na­la­ryň bi­ri­dir.
Umu­my pi­ki­re gö­rä, yba­dat­ha­na­nyň we şä­he­riň ny­şa­ny hök­mün­de ka­bul edi­len Ka­mi­na­ri­mon der­we­ze­sin­den gi­rip bol­jak yba­dat­ha­na­nyň gur­lu­şy­gy­na, iki ba­lyk­çy do­ga­nyň 628-nji ýyl­da Su­mi­da der­ýa­syn­dan Budda Ka­no­nyň heý­ke­li­ni ta­pa­nyn­dan soň­ra baş­la­nyp­dyr. Gur­lu­şy­gy 645-nji ýyl­da ta­mam­la­nan yba­dat­ha­na­nyň esa­sy za­ly­na Ho­zo­mon der­we­ze­sin­den gi­ril­ýär.
Reňk­li bi­na­gär­li­gi we ta­ry­hy äh­mi­ýe­ti se­bäp­li De­mir­ga­zyk To­kio­nyň iň mö­hüm mer­ke­zi hök­mün­de gör­ke­zi­len yba­dat­ha­na­da ýy­lyň do­wa­myn­da dür­li çä­re­ler ge­çi­ril­ýär.

«Tokio Skytree» diňi
«Tokio Skyt­ree» ýaý­lym we synlaýyş di­ňi bo­lup, 2010-njy ýyl­da Ýa­po­ni­ýa­nyň iň be­ýik gur­lu­şy­na öw­rü­lip, 2011-nji ýy­lyň mart aýyn­da 634 met­re ýet­di we dün­ýä­dä­ki iň be­ýik bina bo­lan Burj Ha­li­fa­dan soň ikin­ji be­ýik gur­lu­şa öw­rül­di.
Ýaýlym diňiniň iki dür­li no­ka­dyn­da gö­zeg­çi­lik eý­wan­la­ry bar. Bu eý­wan­lar­dan il­kin­ji­si 350 metr be­ýik­lik­de ýer­le­şip, «Tem­bo Deck» diý­lip at­lan­dy­ryl­ýar. Bu ýer­de myh­man­la­ra şä­he­riň gör­nü­şi­ne to­ma­şa et­mä­ge, 3 gat­ly meý­dan­ça­da naharlanmaga we söw­da et­mä­ge müm­kin­çi­lik dö­re­di­lip­dir.
Aý­na­dan we po­lat­dan ýa­sa­lan 450 metr be­ýik­lik­dä­ki «Tem­po Gal­le­ry» at­ly ikin­ji syn­la­ma eý­wa­ny myh­man­la­ra aja­ýyp şä­her gör­nü­şi­ni hö­dür­le­mek bi­len çäk­len­män, eý­sem, spi­ral di­zaý­ny bi­len hem ta­pa­wut­lan­ýar.