Türkiýäniň milli ýygyndysynyň düzümi belli boldy

2

Taryhynda 24 ýyldan soň 3-nji gezek Dünýä Kubogyna gatnaşmaga hukuk gazanan Türkiýäniň milli ýygyndysynyň düzümi belli boldy. Italiýaly tälimçi Winçenzo Montella Demirgazyk Makedoniýa bilene geçirilen duşuşykdan soň toparyň gutarnykly düzümini mälim etdi. Tälimçi Arda Güler, Kenan Ýyldyz, Hakan Çalhanoglu, Zeki Çelik, Deniz Gül, Jan Uzun ýaly Ýewropanyň öňdebaryjy klublarynda oýnaýan hem-de “Galatasaraýdyr” “Fenerbahçe” toparlarynyň ýyldyzlaryny bir topara jemledi.

Türkiýäniň ýygyndysy “D” toparçada ýer eýesi ABŞ-nyň, şol sanda Awstraliýadyr Paragwaýyň ýygyndylary bilen duşuşar.

DERWEZEÇILER
Mert Günok (Fenerbahçe)
Altaý Baýyndyr (Mançester Ýunaýted)
Ugurjan Çakyr (Galatasaraý)

GORAGÇYLAR
Zeki Çelik (Roma)
Merih Demiral (Al-Ahli)
Çaglar Söýünjü (Fenerbahçe)
Eren Elmaly (Galatasaraý)
Abdülkerim Bardakçy (Galatasaraý)
Ozan Kabak (Hoffenhaým)
Mert Müldür (Fenerbahçe)
Ferdi Kadyoglu (Braýton)
Samet Akaýdyn (Çaýkur Rizespor)

ÝARYMGORAGÇYLAR
Salih Özjan (Borussiýa Dortmund)
Orkun Kökçü (Beşiktaş)
Hakan Çalhanoglu (Inter)
Ismail Ýüksek (Fenerbahçe)
Kaan Aýhan (Galatasaraý)

HÜJÜMÇILER
Kerem Aktürkoglu (Fenerbahçe)
Arda Güler (Real Madrid)
Deniz Gül (Porto)
Kenan Ýyldyz (Ýuwentus)
Irfan Jan Kahweji (Kasympaşa)
Ýunus Akgün (Galatasaraý)
Baryş Alper Ýylmaz (Galatasaraý)
Oguz Aýdyn (Fenerbahçe)
Jan Uzun (Aýntraht)