UEFA Çempionlar ligasynda toparçalardaky 2-nji duşuşyklarda 45 gol geçirildi. 1 oýun golsuz tamamlanyp, jemi 5 duşuşyk deňlikde gutardy. 7 oýunda ýer eýeleri, 5 duşuşykda-da myhmanlar üstün çykdy. 4 topar bilen wekilçilik edýän ýurtlardan Angliýanyň ähli kluby-da bu tapgyrda uly hasaply ýeňiş gazandy. Olar 1-nji tapgyry-da ýeňlişsiz tamamlapdylar (3 ýeňiş, 1 deňlik). Ispanlaryň 3 kluby ýeňiş gazanyp, birisi deňme-deň oýnady. Nemes toparlary bolsa, 2 ýeňiş, 1 deňlik hem-de 1 ýeňliş bilen tapgyry tamamladylar. 1-nji tapgyrda 3 ýeňiş gazanan italýan toparlary 2-nji tapgyrda ýeňiş gazanyp bilmediler. Olaryň 3 topary deňme-deň oýnap, ýurduň çempiony “Ýuwentus” bolsa, ýeňlişe sezewar boldy. 3 klub bilen gatnaşýan fransuzlarda 1 ýeňiş bar bolsa, ruslaryň 3 topary-da garşydaşlaryndan asgyn geldi.

“Real Madride” ýeňiş gazanmak ýene-de başartmady

“A” toparçada “Bawariýa” myhmançylykda “Lokomotiw” 2–1 hasabynda ýeňip, ýaryşdaky bassyr 12-nji ýeňşini gazandy. “B” toparçada kubogy iň köp eýelän “Real Madrid” bu tapgyrda-da ýeňiş gazanyp bilmedi. “Borussiýa M” topary bilen duşuşan ispanlar soňky 5 minutda 2 gol geçirip ýeňlişden halas boldular. Şeýle wakany “Real Madrid” 8-nji gezek başdan geçirýär. Toparyň fransuz hüjümçisi Karim Benzemanyň şu ýaryşyň çäginde gol geçiren klublarynyň sany 30-a ýetip, ol bu babatda Messidir Ronaldo we Rauldan soň 4-nji ýerde barýar. “C” toparçada çempionlygyň dalaşgärlerinden “Mançester Siti” bu tapgyrda-da 3 utugy 3 golly ýeňiş bilen gazandy. “Marseli” 3–0 hasabynda ýeňen Guardiolanyň şägirtleri 6 utuk toplady.

10000-nji gol

“D” toparçada “Liwerpul” 2-nji ýeňşini gazandy. Öz meýdançasynda liganyň täze toparlaryndan “Midtýullanny” Žota we Salahyň gollary bilen 2-0 ýeňen “Liwerpul” säwliksiz barýar. Portugaliýaly Diogo Žotanyň geçiren pökgüsi “Liwerpulyň” taryhyndaky (resmi duşuşyklarda) 10000-nji gol hökmünde hasaba alyndy. “Atalanta” bilen “Aýaksyň” arasyndaky oýunda myhmanlar 2-0 öňe saýlansa-da, italýan toparynyň kolumbiýaly hüjümçisi Duwan Zapata 2-nji ýarymda 2 gol geçirip, Atalantany ýeňlişden halas etdi. “E” toparçada Çelsi myhmançylykda Krasnodardan 4-0 üstün çykdy. “Sewilýa” klubuna öz mýedançasynda “Renn” toparyny utmak üçin De Ýonguň ýeke-täk goly ýeterlik boldy. “F” toparçada Dortmundyň “Borussiýasy” “Zeniti” Sanço we Hollannyň gollary bilen 2–0 hasabynda ýeňip, şu möwsümdäki ilkinji ýeňşini gazandy.

“G” toparçada tapgyryň merkezi oýnunda “Ýuwentus” bilen “Barselona” duşuşdy. Ronaldosyz meýdança çykan “Ýuwentus” güýçli garşydaşyndan 2-0 asgyn geldi. Katalonlara ýeňiş getiren gollary Dembele (14) bilen Lionel Messi (90+1) derwezä girizdi. Oýunda 1 oýunçysy (Merih Demiral) gyzyl kart alan “Ýuwentusyň” ispaniýaly hüjümçisi Alwara Moratanyň geçiren 3 goly oýundan daşardaky ýagdaýda bolany sebäpli hasaba alynmady. Myhmançylykda “Ferenswaroş” bilen duşuşan Kiýewiň “Dinamosy” 2-0 öňe saýlansa-da, üstünligini saklap bilmedi. Ýer eýeleriniň soňky minutlarda hasaby deňlemeginden soň, myhmanlar 1 utuk bilen oňňut etmeli boldular.

“H” toparçada “Mançester Ýunaýted” öz meýdançasynda “Leipsigiň” derwezesinden jogapsyz 5 pökgi girizdi. Gollaryň 3-sini 63-nji minutda oýna giren Markus Reşford öz adyna ýazdyrdy. Ol bu ýaryşda het-trik eden 6-njy “ýunaýtedli” futbolçy boldy. PSŽ bolsa myhmançylykda “Istanbul Başakşehirden” Moýza Kiniň gollary bilen 2-1 üstün çykdy.

Toparçalardaky 3-nji duşuşyklar geljek hepdäniň 2-3-nji günleri, has takygy, 3-4-nji noýabrda oýnalar. Şeýlelikde, taryhda ilkinji gezek Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynda 3 duşuşyk yzly-yzyna oýnaldygy bolar.    

“A”: “Lokomotiw”–“Bawariýa”: 1-2 (Mirançuk 70 – Goreska 13, Kimmih 79)

“A”: “Atletiko”–“RB Salsburg”: 3-2 (Llorente 29, Žoao Feliks 52, 85 – Soboslai 40, Felipe 47 ö.d.)

“B”: “Borussiýa M”–“Real Madrid”: 2-2 (Turam 33, 58 – Benzema 87, Kasemiro 90+3)

“B”: “Şahtýor Donesk”–“Inter”: 0-0

“C”: “Porto”–“Olimpiakos”: 2-0 (Wieira 11, Oliweira 85)

“C”: “Marsel”–“Man. Siti”: 0-3 (Torres 18, Gündogan 76, Sterling 81)

“D”: “Liwerpul”–“Midtýullann”: 2-0 (Žota 55, Salah 90+3 p)

“D”: “Atalanta”–“Aýaks”: 2-2 (Zapata 54, 60 – Tadiç 30 p, Traore 38)

“E”: “Krasnodar”–“Çelsi”: 0-4 (Hudson-Odoi 37, Werner 76 p, Ziýeş 79, Pulişiç 90)

“E”: “Sewilýa”–“Renn”: 1-0 (Luuk de Ýong 55)

“F”: “Borussiýa D”–“Zenit”: 2-0 (Sanço 78 p, Hollann 90+1)

“F”: “Klub Brýugge”–“Lasio”: 1-1 (Wanaken 42 p – Korrea 14)

“G”: “Ýuwentus”–“Barselona”: 0-2 (Dembele 14, Messi 90+1 p)

“G”: “Ferenswaroş”–“Dinamo K”: 2-2 (Nguen 59, Boli 90 – Sygankow 28 p, De Pena 41)

“H”: “Istanbul BŞ”–PSŽ: 0-2 (Moýza Kin 64, 79) “H”: “Man. Ýunaýted”–“Leipsig”: 5-0 (Grinwud 21, Reşford 74, 78, 90+2, Marsial 87 p)