Boliwiýanyň paýtagty La Pazdaky Ernando Silesiň adyny göterýän bu stadionyň binagärlik babatda aýratynlygy ýok. Stadionyň iň uly aýratynlygy, deňiz derejesinden 3637 metr belentlikde ýerleşýänligidir. Ýurduň milli ýygyndysynyň hem-de birnäçe klubuň duşuşyklaryny geçirýän stadionynda başga ýygyndylara ýa-da başga döwletleriň toparlaryna ýeňiş gazanmak juda kyn. 1927-30-njy ýyllar aralygynda gurlan bu desgada 1977-nji ýylda düýpli abatlaýyş işleri geçirildi. Şäheriň ýokarda bolmagy bu ýere gelen ýygyndylaryň oýunçylaryna oňaýsyz täsir edýär. Howa ýetmezçiligi emele gelýär. Şol sebäpli-de islendik ýygyndy hem bu stadionda ýeňiş gazanmak kyn düşýär. Boliwiýanyň ýygyndysy 41143 janköýere niýetlenen bu stadionda 1993-nji ýylda Braziliýany 2-0 ýeňipdi. Bu brazilleriň saýlama tapgyryndaky 40 ýyldan soňky ilkinji ýeňlişi bolupdy. Şeýle-de 2009-njy, Argentina bu stadionda 6-1 ýeňlipdi. Golaýda Argentinanyň ýygyndysy Boliwiýany 2-1 hasabynda ýeňip, 15 ýyldan soň, bu stadionda ilkinji ýeňşini gazanypdy.