Formula 1 boýunça möwsümiň 13-nji ýaryşy “Emilia-Romagna” “Gran Prisi” Italiýada geçirildi. Imola şäherçesiniň adybir trassasynda geçirilen ýaryşda 63 aýlawy “Mercedes” toparynyň britan sürüjisi Lýuwis Hamilton 1-nji orunda tamamlady. 2-nji hatardan bat alan Hamilton 1 sagat 28 minut 32,430 sekunt pellehana gelip, möwsümdäki 9-njy, karýerasyndaky 93-nji ýeňşini gazandy. Hamiltondan 5,783 sekunt yza galan “Mercedes” toparynyň beýleki sürüjisi, finlýandiýaly Waltteri Bottas 2-nji ýeri eýeledi. 14,3 sekunt pellehana gelen awstraliýaly Danniel Rikkiardo (“Renault”) 3-nji orna mynasyp boldy.

Şeýlelikde, möwsümiň tamamlanmagyna 4 tapgyr galanda, utuk aratapawudyny 85-e ýetiren Hamilton çempionlyga bir ädim golaýlady. Britaniýaly sürüjiniň 282 utugy bolup, ol 1-nji ýerde barýar. 2-nji basgançakdaky Waltteri Bottasyň 197, 3-nji orundaky Maks Werstappeniň 162 utugy bar.

Bu ýaryşdan soň, toparlaryň arasynda “Mercedes” topary yzly-yzyna 7-nji çempionlygyny yglan etdi. Şeýlelikde, “Mercedes” topary 1999-2004-nji ýyllar aralygynda yzly-yzyna 6 çempionlyk gazanan “Ferarriniň” rekordyny täzelemegi başardy. “Mercedes” topary tamamlanan 13 ýaryşda 479 utuk toplady. 2-nji ýerdäki “Red Bulluň” 226 utugy bar. Möwsümiň 14-nji ýaryşy 15-nji noýabrda Türkiýede geçiriler.