31-nji okt­ýabr­da Gru­zi­ýa­da ge­çi­ri­len Par­la­ment saý­law­la­ryn­da «Gru­zin ar­zu­wy» par­ti­ýa­sy ýe­ňiş ga­zan­dy. Saý­law uças­tok­la­ry­nyň äh­li­si­niň ses­le­ri sa­na­lan­dan soň, do­lan­dy­ry­jy «Gru­zin ar­zu­wy» par­ti­ýa­sy­nyň 54,72 gö­te­rim ses bi­len ýe­ňiş ga­za­nan­dy­gy bel­li bol­dy.
Ýur­duň Mej­li­sin­de 150 orun bar. Je­mi do­kuz par­ti­ýa tä­ze Mej­li­se gir­di. «Gru­zin ar­zu­wy» par­ti­ýa­syn­dan iň köp de­pu­tat bo­lar (61 orun). Ikin­ji or­ny «Mil­li he­re­ket – ag­zy­bir­li­giň güý­ji» par­ti­ýa­sy eýe­le­ýär (35 orun, ses­le­riň 27,14 gö­te­ri­mi). Üçün­ji or­ny «Gru­zi­ýa Ýew­ro­pa ug­ry bi­len» par­ti­ýa­sy eýe­le­ýär (5 orun, ses­le­riň 3,78 gö­te­ri­mi). Şeý­le­lik­de, pro­por­sio­nal ul­ga­ma la­ýyk­lyk­da Mej­li­siň onun­jy ça­gy­ry­şy­na gir­ýän de­pu­tat­lar we par­ti­ýa­lar bel­li bol­dy.
Par­la­ment saý­law­la­ry ga­ry­şyk ul­ga­ma la­ýyk­lyk­da ge­çi­ril­di: pro­por­sio­nal ul­ga­ma la­ýyk­lyk­da 120 de­pu­tat, ma­jo­ri­tar ul­ga­ma la­ýyk­lyk­da bol­sa 30 de­pu­tat saý­lan­dy. 150 orun ug­run­da­ky bäs­deş­li­ge 48 par­ti­ýa­ny hem-de 7 sy­ýa­sy par­ti­ýa­ny öz içi­ne al­ýan iki bi­le­le­şik gat­naş­dy. Saý­law­la­ra gat­na­şyk 56,11 gö­te­ri­me deň bo­lup, bu möç­ber 2016-njy ýyl­da ge­çi­ri­len öň­ki saý­law­la­ra ga­ra­nyň­da has ýo­ka­ry­dyr.