2014-nji ýyl­dan bä­ri Bil­bao, Sankt-Pe­ter­burg, We­na, Os­lo, Aber­din, Bonn şä­her­le­ri Ýew­ro­pa­nyň «to­kaý» paý­tag­tla­ry bol­du­lar. 2021-nji ýyl­da bu hor­ma­ta Pra­ga eýe bo­lar. 2022-nji ýyl­da bol­sa Bar­se­lo­na Ýew­ro­pa­nyň «to­kaý» paý­tag­ty bo­lar. 2022-nji ýy­lyň da­laş­gär­le­ri­niň saý­la­wy­nyň soň­ky tap­gy­ryn­da Mad­rid, So­ria (Is­pa­ni­ýa) we No­wi-Sad şä­her­le­ri (Ser­bi­ýa) Bar­se­lo­na bi­len bäs­leş­di. Bar­se­lo­na­nyň meý­da­ny­nyň tak­my­nan, 40 gö­te­ri­mini S­er­ra-de-Koll­se­ro­la te­bi­gy se­ýil­gä­hi, Ka­ta­lo­ni­ýa­nyň ke­nar ýa­ka­la­ry we Gar­raf te­bi­gy se­ýil­gä­hi ýa­ly te­bi­gy gi­ňiş­lik­ler gur­şap al­ýar.
2022-nji ýy­lyň do­wa­myn­da Bar­se­lo­na­da bioyk­dy­sa­dy­ýe­tiň şä­her gur­şa­wy­na ýe­tir­ýän oňaý­ly tä­si­ri we te­bi­gy gi­ňiş­lik­le­riň has saz­la­şyk­ly ula­nyl­ma­gy bi­len bag­la­ny­şyk­ly köp san­ly çä­re­le­r ge­çi­ri­ler. Esa­sy mas­la­hat 2022-nji ýy­lyň okt­ýabr aýyn­da S­er­ra-de-Koll­se­ro­la se­ýil­gä­hin­dä­ki «Wall­dau­ra Labs IAAC» yl­my bar­lag ins­ti­tu­ty­nyň San-Pau has­sa­ha­na­syn­da ge­çi­ri­ler. Şeý­le hem bu ýer­de Ýew­ro­pa to­kaý ins­ti­tu­ty­nyň baş eda­ra­sy­nyň bi­ri ýer­leş­ýär. Ýew­ro­pa­nyň «to­kaý» paý­tag­ty­nyň esa­sy mak­sa­dy, to­kaý­la­ry we bio­dür­lü­li­gi go­ra­mak, ola­ry go­rap sak­la­mak we ös­dür­mek me­se­le­le­ri­ne ýur­duň ýa­şaý­jy­la­ry­nyň we hü­när­men­le­ri­niň ün­sü­ni çek­mek­dir.