«Volkswagen» kompaniýasy Egeý deňzinde ýerleşýän Astipaleýa adasynda ekologiýa taýdan doly arassa şäher infrastrukturasyny bina eder. Bu barada kompaniýanyň 4-nji oktýabrdaky beýanatynda mälim edildi. Gresiýanyň hökümeti bilen özara düşünişmek boýunça Ähtnama gol çeken «Volkswagen» adadaky ulag ulgamyny dolulygyna elektrikli ulaglar bilen çalşar, şeýle hem gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden kämil peýdalanmak üçin generatorlar gurar. Uzak möhletleýin «ýaşyl» maksatnama laýyklykda Astipaleýa adasy ekologiýa täsirsiz ulag we durmuş infrastrukturasy işe girizilen nusgalyk ada hökmünde çykyş eder.
Bilelikdäki maksatnama birinji tapgyrda alty ýyllyk meýilnama görä durmuşa geçiriler. Elektrik energiýasy esasan Günden we ýelden alnar. Ulag ulgamynda bolsa, ulaglary paýlaşmak ýörelgesi, ýagny şahsy ulag däl-de, eýsem, ýerli häkimiýet tarapyndan hödürlenýän awtobuslardyr welosipedleri ulanmak öňe sürler. Bular bilen bir hatarda elektrikli skuterler elýeterli ediler. Maksatnamanyň çäklerinde adanyň 1 500 adaty hereketlendirijili awtoulaglary 1 000 sany elektrikli ulaglar bilen çalşylar, 230-a golaý zarýadlandyryjy stansiýalar gurlar.
Astipaleýa adasy Egeý deňziniň günorta böleginde ýerleşip, her ýylda 72 müňe golaý syýahatçyny kabul edýär.