Häzirki zaman dünýäsinde internet bilen iş salyşmak, yzygiderli ulgamda bolmak gündelik ýaşaýşyň esasyny düzýär. Işleriň aglaba bölegi internetiň üsti bilen alnyp barylýar, hyzmatlar internet arkaly hödürlenýär. Yzygiderli aragatnaşyk bolsa, bularyň özeninde ýerleşýär. Internetiň üznüksizligini üpjün etmek maksady bilen tehnologiýa kompaniýalary dürli görnüşli taslamalary durmuşa geçirýärler.
«Google» kompaniýasynyň hem eýesi bolan «Alphabet» kompaniýasynyň «Loon» taslamasy howa şary arkaly aragatnaşyk infrastrukturasynyň pes ýerlerini internet bilen üpjün etmegi maksat edinýär. Howa şary arkaly internet paýlamak uçar tehnologiýasynyň kämilleşen döwründe biraz köneçil görünse-de, bu taslama häzirki wagta çenli birnäçe çylşyrymly ýagdaýlarda kömekçi hökmünde hyzmat etdi.
Ýakynda «Loon»-yň HBAL703 atly howa şary stratosfera gatlagynda 312 gün uçmak arkaly täze rekord goýdy.
«Loon»-yň howa şarlary adatça, ýerden 18-25 kilometr aralygynda uçýar. Taslamanyň ilkinji barlaglaryna 2011-nji ýylda başlanýar. Ýönekeý howa şaryna ýönekeý radio geçirijiler ýerleşdirilip, bu taslamanyň düýp pikiri barlanyp görülýär. 2013-nji ýylda taslamanyň howa şarlary umumylykda 500 müň kilometr syýahaty tamamlaýar. Bu barlag uçuşlary şaryň ugry, şemalyň we howanyň täsiri ýaly meselelerde maglumatlary öwrenýär. Şol ýyl hem taslama köpçülige tanadylýar.
«Loon» taslamasyny ulanyp, üçegindäki antenna arkaly simsiz internete baglanan ilkinji adam bolsa, Täze Zelandiýanyň Kenterberi welaýatyndaky goýun çopany bolýar.
Taslamanyň ilkinji 4G/LTE aragatnaşyk ulgamy 2014-nji ýylda işe girizilýär. Bu ulgama baglanan ilkinji ýer bolsa Braziliýanyň Agua-Friýa etrabyndaky mekdep bolup durýar.
Häzirki wagtda bu howa şarlary 30 minutyň dowamynda çişirilýär we uçurylýar. Bu tehnologiýa garaşylmadyk ýagdaýlar ýüze çykanynda, ýerli ýaşaýjylary aragatnaşyk bilen üpjün etmek üçin iň çalt usullaryň biri bolup durýar. «Loon» taslamasy bu ugurda mobil aragatnaşyk operatorlary bilen hem hyzmatdaşlyk saklaýar. Taslamanyň esasy öňe sürýän ýörelgesi täze aragatnaşyk çeşmesini emele getirmekdir. «Loon»-yň howa şarlary stratosfera gatlagynda, ýagny uçarlar bilen hemralaryň arasyndaky gatlakda uçýar.