Ispaniýanyň Walensiýa şäherinde geçirilen Moto GP boýunça möwsümiň 12-nji ýaryşynda “Suzuki Ecstar” toparynyň ispan sürüjisi Žoan Mir ýeňiji boldy. Ol şäherdäki Rikardo Tormonyň adyny göterýän trassada geçirilen 27 aýlawlyk bäsleşigi 46 minut 27,787 sekuntda tamamlap, karýerasyndaky ilkinji ýeňşini gazandy. 5-nji hatardan bat alan Mir 17-nji aýlawda 1-nji ýere geçip, ýaryş tamamlanýança-da ornuny saklamagy başardy. Şunlukda, 23 ýaşly Mir şu möwsümde ýeňiş gazanan 9-njy sürüji boldy.
Ýaryşda Miriň topardaşy hem watandaşy Aleks Rins 2-nji ýeri eýeledi. Ol ýeňijiden 0,651 sekunt yz galdy. 1982-nji ýyldan soň, “Suzuki Ecstar” toparynyň sürüjileri ilkinji gezek münberiň 1-2-nji basgançagyna çykmagy başardy. “Red Bull KTM” toparynyň ispan sürüjisi Pol Espargaro ýaryşyň ýeňijisi Mirden 1,203 sekunt gijä galyp, 3-nji orna mynasyp boldy.
Tamamlanan 12-nji ýaryşdan soň, Žoan Mir utugyny 162-ä ýetirip, sanawdaky birinjiligini dowam etdirýär.125 utugy bolan fransiýaly Fabio Kuartararo bilen ispaniýaly Aleks Rins 2-3-nji orunlary paýlaşýarlar. 121 utuk toplan Mawerik Winýales (Ispaniýa) 4-nji, 117 utukly Franko Morbidelli (Italiýa) 5-nji ýeri eýeleýär.
Möwsümiň 13-nji ýaryşy 15-nji noýabrda ýene-de Walensiýa şäherinde geçiriler.