Ýew­ro­pa Par­la­men­ti we Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň Ge­ňe­şi Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň indiki býu­je­ti – 2021-2027-nji ýyl­lar üçin köp ýyl­lyk ma­li­ýe gur­lu­şy ba­ra­da yla­la­şyk ga­zan­dy. Hä­zir­ki wagt­da Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi goş­ma­ça se­riş­de­le­ri­niň ha­sa­by­na ykdysady di­kel­diş buk­ja­sy­ny dur­mu­şa ge­çir­mä­ge bir ädim ýa­kyn­laş­dy. Par­la­ment bi­len yla­la­şy­lan sy­ýa­sy buk­ja­da Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň kä­bir mö­hüm mak­sat­na­ma­la­ry üçin goş­ma­ça 15 mil­liard ýew­ro bar. Şo­nuň ýa­ly hem, HO­RI­ZON EU goş­ma­ça 4 mil­liard ýew­ro, ERAS­MUS PLUS – 2,2 mil­liard ýew­ro goş­ma­ça goý­be­ri­lip, EU4 Health býu­je­ti­niň hem goş­ma­ça 3,4 mil­liard ýew­ro art­jak­dy­gy ha­bar be­ril­di. Yla­la­şyk in­di­ki ýy­lyň ýan­war aýyn­dan ýe­di ýyl­lyk býu­je­tiň güý­je gir­me­gi­ni ýo­la go­ýup, Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gin­de onuň yk­dy­sa­dy taý­dan di­ke­liş üçin ýol aç­ma­gy­na bil bag­la­nýar. 1,8 tril­li­on ýew­ro­lyk buk­ja Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň býu­je­tin­den ma­li­ýe­leş­di­ri­len iň uly pul se­riş­de­si bo­lar. Bu dün­ýä­de eme­le ge­len çyl­şy­rym­ly ýag­daý­lar­dan soň, Ýew­ro­pa­nyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni tä­ze­den di­kelt­mä­ge, se­bi­ti eko­lo­gi­ýa taý­dan has dur­nuk­ly, döw­rüň hä­zir­ki we gel­jek­ki me­se­le­le­ri­ne has go­wy uý­gun­laş­ma­gy­na kö­mek eder.