Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlarynyň assosiasiýasy (ASEAN) we onuň hyzmatdaşlary dünýäniň iň uly erkin söwda zolagyny döretmek barada ylalaşyk gazandylar. Onlaýn tertipde geçirilen ASEAN-yň sammitinde sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekildi. Bu şertnama dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlardan soň, ykdysadyýeti dikeltmäge kömek etmelidir. Resminamanyň güýje girmegi bilen, takmynan, 2,2 milliard sarp edijili we jemi içerki önümi 28 trillion dollara deň bolan dünýäniň iň uly erkin söwda zolagy emele gelip, bu dünýäniň jemi içerki önüminiň üçden birine deňdir. Çaklamalara görä, 2050-nji ýyla çenli sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk şertnamasyny baglaşan ýurtlaryň jemi içerki önümi 100 trillion dollara çenli ösüp biler.
ASEAN-yň agzalaryndan başga-da, bileleşigiň alty sany uly söwda we ykdysady hyzmatdaşy sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk gepleşiklerine gatnaşyp, erkin söwda şertnamasyny baglaşdy: Awstraliýa, Hytaý, Täze Zelandiýa, Koreýa Respublikasy we Ýaponiýa. Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlarynyň assosiasiýasy Günorta-Gündogar Aziýanyň ähli ýurtlaryny birleşdirýär: Bruneý, Wýetnam, Indoneziýa, Kamboja, Laos, Malaýziýa, Mýanma, Singapur, Taýland we Filippinler.
ASEAN-yň beýanatynda bu şertnamanyň sebitiň ykdysady taýdan gülläp ösmegine goşant goşjakdygy nygtalýar. Sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygy döretmek boýunça işler 2012-nji ýyldan bäri alnyp barlyp, taraplar 30 töweregi gepleşik geçirdi. 1967-nji ýylda döredilen Günorta-Gündogar Aziýa döwletleriniň assosiasiýasy (ASEAN) Günorta-Gündogar Aziýada ýerleşýän 10 ýurduň sebitleýin, döwletara, syýasy, ykdysady we medeni guramasydyr. ASEAN-a agza ýurtlaryň ilaty 650 milliondan gowrak adama deň bolup, jemi içerki önümi ABŞ-nyň 737 milliard dollaryna barabardyr. ASEAN-yň iň ýokary organy döwlet we hökümet ýolbaşçylarynyň sammiti bolup, ýylda iki sapar geçirilýär.