Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ajaýyp görke giren ak mermerli Aşgabat şäherimiz dünýäde ösen binagärlik keşbi, täzelikleri ornaşdyryjy, täze başlangyçlar bilen çykyş edýän deňli-derejeli şäher hökmünde özüni tanadýar. Hormatly Prezidentimiziň paýhasyndan gülläp ösýän, bu gün sebitde parahatçylyk dörediji merkeze, halkara ylmy–amaly maslahatlaryň geçirilýän ýerine öwrülen ak şäherimiz Aşgabat biziň buýsanjymyz. Ol özüniň ajaýyplygy, tämizligi, arassalygy, suw çüwdürimlerine baýlygy bilen göreni özüne maýyl edýär. Gyşyn-ýazyn gök baglara, ter güllere beslenip, göwünleri galkyndyrýar.
Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda paýtagtymyz Aşgabady ösdürmek tapgyrma-tapgyr amala aşyrylýar. Häzirki döwürde Aşgabat dünýäniň durnukly ösýän şäherleriniň birine öwrüldi. Aşgabady ösdürmegiň we abadanlaşdyrmagyň baş meýilnamasyna laýyklykda, geçen sanlyja ýyllarda paýtagtymyz biziň gözümiziň alnynda täsin hem-de owadan binalaryň hatarlary bilen öz çäklerini has-da giňeltdi.
Şol belent ymaratlar baş şäherimiziň görküni has-da artdyrdy we ak mermerli binalaryň has köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi.
«Türkmenistanyň at gazanan arhitektory» diýen hormatly ada eýe bolan milli Liderimiziň öňdengörüjilikli syýasatynyň netijesinde, Aşgabat barha gözel keşbe eýe bolýar. Soňky ýyllarda şäherde taryhy merkezler bilen birlikde, köp etraplaryň durky täzelenildi, täze ýaşaýyş toplumlary, ýüzlerçe desgalar guruldy, şolaryň hatarynda binagärligiň hem-de inženerçilik-tehniki pikirleriň täsin desgalary gurlup ulanylmaga berildi. Paýtagtymyz Aşgabady ösdürmegiň 12-nji, 13-nji, 14-nji, 15-nji we golaýda ulanmaga berlen 16-njy tapgyryň çäklerinde gurlan ýaşaýyş hem-de durmuş maksatly binalar Aşgabadyň binagärçilik taýdan ajaýyp keşbe eýe bolmagyna giň mümkinçilikler döretdi.
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygynyň toýlanýan ýylynda Aşgabady ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň binalarynyň açylyş dabarasy ýatdan çykmajak wakalara öwrüldi. Iri we ähmiýetli gurluşyk taslamalarynyň diňe bir başyny başlaman, eýsem, olary durmuşa geçirmegiň – binagärlik pikiriň bezelişinden, geljekki desganyň inženerçilik-tehniki taýdan üpjünçiliginden başlap, ulanylmaga berilmegine çenli ähli tapgyrlaryny hemişe öz gözegçiliginde saklaýan hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen bu döwrebap ýaşaýyş we dynç alyş künjegi häzirki zaman binagärçilik bilen türkmen halkynyň milli däpleri hem-de häzirki zaman tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy bilen täzelenişiň özboluşly nusgasyny emele getirdi.
Soňky ýyllarda dünýäniň ençeme ýurdunda, galyberse-de, metbugatda ýygy-ýygydan eşidilýän «akylly öý» ulgamy biziň güneşli Diýarymyzyň ajaýyp paýtagtynda hem giňden ornaşdyrylmaga başlandy. Ýurdumyzda gurulýan her bir döwrebap durmuş maksatly binalaryň gurluşygynda milli binagärligiň däpleri bilen dünýä şähergurluşygynyň häzirki zaman ýörelgeleriniň utgaşdyrylmagyna uly ähmiýet berýän hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyna laýyklykda, ýaşamak üçin ähli amatly şertler döredilen bu ajaýyp binalardaky öýlerde «akylly öý» intellektual ulgamynyň ornaşdyrylmagy bu öýlere göçüp gelen maşgalalaryň buýsanjyny belende galdyrdy. Bu ýerde ähli elektrik enjamlaryny uzak aralykdan, mysal üçin, smartfon ýa-da ses buýrugy arkaly dolandyrmak mümkinçiliginiň döredilmegi ýurdumyzda jemgyýetiň iň gymmatly hazynasy hasaplanýan adam barada edilýän aladanyň aýdyň mysaly bolup durýar.
Umuman, ak mermerli Aşgabadymyzda gurulýan täze önümçilik, medeni-durmuş, ylym-bilim, saglyk we sport desgalary, belent ýaşaýyş jaýlary diňe bir ak şäherimiziň görküne görk goşmak bilen çäklenmän, eýsem, ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulanmagynda, halkymyza edilýän durmuş hyzmatlarynyň giň gerimli, ýokary hilli bolmagynda hem möhüm orna eýe bolýar.
Bezirgen REJEPOW,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba
hojalyk uniwersitetiniň ekerançylyk önümlerini gaýtadan işlemek kafedrasynyň müdiri.