Türkmen ýaşlary halkara ders, internet bäsleşiklerinde 871 medal gazandylar

1

5-nji iýunda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça işler dowam etdirildi. Bilim işinde okatmagyň öňdebaryjy usullary giňden ulanyldy. Okuwçylar we talyplar halkara ders, internet bäsleşiklerine gatnaşyp, jemi 871 medal gazandylar. Halkara olimpiadalar, ylmy-amaly maslahatlar geçirildi, çagalaryň tomus möwsüminde dynç alşy bilen bagly guramaçylyk işleri alnyp baryldy. Hasabat döwründe ýurdumyzyň ylmy kuwwatyny ösdürmäge gönükdirilen özgertmeler dowam etdirildi. Aspirantura, alymlyk derejelerine dalaşgärlige jemi 116 adam kabul edildi, doktorlyk, kandidatlyk dissertasiýalarynyň jemi 31-si goraldy.

Türgenlerimiz halkara ýaryşlarda 301 medal gazandylar
2026-njy ýylyň bäş aýynda öňüni alyş-bejeriş işleriniň öňdebaryjy usullaryny amaly lukmançylyga ornaşdyrmak boýunça degişli işler alnyp baryldy. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna näsag çagalara dürli görnüşli operasiýalar, bejergiler amala aşyryldy. “Türkmenistanda ylmy-lukmançylyk diplomatiýasyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy”, “Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we garşysyna göreşmek boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Milli strategiýa” tassyklanyldy. Hasabat döwründe bedenterbiýäni, sporty ösdürmek, ussat türgenleri taýýarlamak boýunça işler dowam etdirildi. Türgenlerimiz halkara ýaryşlarda ýokary netijeleri görkezip, jemi 301 medal gazandylar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ylym, bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynyň işini talabalaýyk ýola goýmagyň möhümdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere zehinli ýaşlary ylma, bilime, täze tehnologiýalara höweslendirmek, saglygy goraýyş edaralarynyň işini yzygiderli kämilleşdirmek, ýaşlary sporta giňden çekmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.