«National Ge­og­rap­hic» žur­na­ly­nyň sy­ýa­hat­çy­lyk bö­lü­mi­niň re­dak­tor­la­ry 2021-nji ýyl­da sy­ýa­hat edip bol­jak ýer­le­riň sa­na­wy­ny çap et­di. Bu sa­naw Al­ýas­ka şta­tyn­dan baş­lap, La­tyn Ame­ri­ka­sy­nyň üs­tün­den ge­çip, Gru­zi­ýa çen­li ba­ryp ýet­ýär. Bu sa­naw­da bar bo­lan mil­li se­ýil­gäh­ler­den kä­bir­le­ri:

«Katmai» milli seýilgähi, Alýaska. «Wul­kan­la­ryň kö­le­ge­sin­de» şy­ga­ry bi­len ta­nal­ýan «Kat­mai» mil­li se­ýil­gä­hi­ne bar­ma­gyň iki ýo­ly bar. Ola­ryň bi­ri ga­ýyk bi­len, beý­le­ki­si bol­sa ki­çi uçar bi­len. Bu se­ýil­gäh­de aw et­mek ga­da­gan bo­lup, se­ýil­gä­hiň 9 müň ýyl­lyk ta­ry­hy bar. Ar­heo­log­la­ra gö­rä, bu se­ýil­gäh­de bir­nä­çe land­şaf­ty bir ýer­de gör­mek bol­ýar.
«Los Glaciares» milli seýilgähi, Argentina. Argen­ti­na bi­len Çi­li­niň ser­he­din­dä­ki 1 722 inedördül mil meý­dan­da ýer­leş­ýän «Los Glacia­res» mil­li se­ýil­gä­hi­niň esa­sy aý­ra­tyn­ly­gy fi­ru­za reňk­li buz top­bak­la­ry­dyr. Se­ýil­gä­hiň umu­my meý­da­ny­nyň ýa­ry­sy­ny eýe­le­ýän bu «buz pa­ty­şa­ly­gy» Lago-Arhen­ti­no kö­lü­niň ke­na­ryn­da ýer­le­şip, be­ýik­li­gi 60 met­re çen­li ba­ryp ýet­ýär.
«Lord Howe» adasy, Awstraliýa. Tasman deň­zi­niň «soň­ky jen­ne­ti» diý­lip ta­nal­ýan «Lord Ho­we» ada­sy­na XVIII asy­ra çen­li adam aýa­gy bas­man­dyr. Dün­ýä­niň iň go­rag­ly te­bi­ga­ty ha­sap­lan­ýan bu ada­nyň eko­lo­gi­ýa gur­şa­wy­ny sak­la­mak üçin bir wagt­da di­ňe 400 sy­ýa­hat­ça rug­sat be­ril­ýär. Bu ada­ny hem öz içi­ne al­ýan se­ýil­gäh­de ba­lyklaryň 500-den gow­rak gör­nü­şi­ni gör­mek bol­ýar.
«Hortobad» milli seýilgähi, Wengriýa. Howpsuz ara­ly­gy sak­la­ma­gyň iň te­bi­gy usu­ly­ny hö­dür­le­ýän «Hor­to­bad» mil­li se­ýil­gä­hi 200 müň gek­tar­lyk gi­ňiş­lik­de ýer­leş­ýär. Dün­ýä mi­ras sa­na­wy­na hem gi­ren bu mil­li se­ýil­gä­h Ýew­ro­pa­nyň iň ta­ry­hy ot­la­gy we ta­ry­hy ço­pan­çy­lyk me­de­ni­ýe­ti bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. 1973-nji ýyl­dan bä­ri go­ral­ýan «Hor­to­bad» mil­li se­ýil­gä­hin­de guş­la­ryň 340 gör­nü­şi bar­dyr.