Häkimiýet başyndaky «Gruzin arzuwy» partiýasy 21-nji noýabrda Gruziýada geçirilen Parlament saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda bir mandatly 17 saýlaw okrugynyň ähli ýerinde ýeňiş gazandy. Saýlawlaryň ikinji tapgyrynda ýurduň raýatlarynyň 2,1 milliondan gowragy ses bermek hukugyna eýe boldy. Saýlawlaryň ikinji tapgyrynyň netijelerine görä, «Gruzin arzuwy» onunjy çagyryşyň mejlisindäki 150 ornuň 90-syna eýe boldy. Galan 60 orun «Agzybirligiň güýji» bileleşigi bilen saýlawlara gatnaşan «Birleşen milli hereket» , «Ýewropa ýykgyn edýän Gruziýa», «Gruziýa üçin Lelo», «Watançylar bileleşigi», «Agmaşenebeli strategiýasy», «Girçi», «Raýatlar» we «Zähmet» ýaly 8 bäsdeş partiýalaryň arasynda paýlandy. Parlament saýlawlarynyň garyşyk ulgama laýyklykda geçirilendigi habar berilýär.
2018-nji ýylda geçirilen Prezident saýlawlarynyň netijelerinden soň, ýurda garaşsyz dalaşgär Salome Zurabişwili ýolbaşçylyk etdi. Ol «Gruzin ýoly» (2006-2010) partiýasynyň ozalky lideri bolup, Prezident saýlawlarynda «Gruzin arzuwy» partiýasynyň goldawyndan peýdalanyp, häkimiýete geldi.