Ka­na­gat­ly ýa­şa­mak ru­hy taý­dan ra­hat ýa­şa­ma­ga se­bäp bol­ýar. Şwed­le­riň ýa­şa­ýyş en­dik­le­ri mu­ny do­lu­ly­gy­na su­but ed­ýär. Iň bagt­ly Skan­di­naw ýurt­la­ry­nyň bi­ri bo­lan Şwe­si­ýa­nyň bu aý­ra­tyn­ly­gy­nyň öze­nin­de bol­sa, «la­gom» pel­se­pe­si ýa­tyr. De­ňag­ram­ly, saz­la­şyk­ly, owa­dan, ka­na­gat­ly we baş­ga­la­ry hem göz öňün­de tu­tup ýa­şa­ma­ga esas­lan­ýan bu pel­se­pe Skan­di­naw ýur­du­nyň äh­li ul­gam­la­ry­na ýer­le­şip­dir. Ýa­zy­jy ze­nan Eli­za­bet Karls­so­nyň «La­gom» ki­ta­by­nda gö­rä bu pel­se­pä­niň öňe çyk­ýan tarap­la­ry şu­lar­dyr:

Özü­ňi­zden so­raň: «Bu ma­ňa ýe­ter­lik­mi?» «Has go­wu­sy bo­lup bi­ler­mi?» Ýe­ter­lik ýa­şa­ma­ga üns be­riň!
Nahal ekiň, ola­ry ös­dü­rip ýe­tiş­di­riň! Aga­jyň ös­üşine syn ediň, bu uzak wagt­lap şat­lyk be­rer.
Iç­ki de­ňag­ram­ly­ly­gy di­kelt­mä­ge kö­mek ed­ýän iş­ler üçin wagt sarp ediň. Si­ze şat­lyk ge­tir­ýän zat­lar bi­len meş­gul­la­nyň.
Ha­ýyr-sa­ha­wat işi­ne ýa-da meý­le­tin­çi­lik iş­le­ri­ne gat­na­şyň. My­sal üçin, uly ýaş­ly adam­lar üçin çaý içiş­lik gu­rap, olara öý­de bi­şi­ri­len gu­tap­jyk­la­ry hödür edip bi­ler­si­ňiz.
Hep­dä­niň için­de we dynç gün­le­ri me­ýil­leş­di­ril­ýän me­se­le­le­riň sa­ny­ny azal­dyň! De­ňag­ram­ly­ly­gy we ýo­ka­ry hil­li maş­ga­la ara­gat­na­şy­gy­ny di­kelt­mek üçin bir gün aý­ryň.
17:30-da iş­den çy­kmaýan bol­sa­ňyz, adat­da­ky­syn­dan bir­ne­me ir git­mä­ge sy­na­ny­şyň! Işiň bel­li bir wagt­da ta­mam­lan­ma­ly­dy­gy­ny bil­mek, has ne­ti­je­li iş­le­mä­ge kö­mek eder.
Go­wy dynç al­mak ne­ti­je­li­li­giň we stre­siň pe­sel­me­gi­niň aça­ry­dyr. Wag­tyn­da ýat­ma­ga we adat­da­ky­syn­dan bir­ne­me ir tur­ma­ga sy­na­ny­şyň. Ir­den goş­ma­ça ýa­rym sa­gat si­ze özü­ňi­ze ynam duý­gu­sy­ny be­rer.
Gök önüm­le­riň gu­ra­ma­gy­na ýol ber­mäň. Sa­lat ýap­rak­la­ry­ny we ýa­şyl ýap­rak­ly gök önüm­le­ri ýu­wup, ho­wa ge­çir­me­ýän plas­tik torba sal­mak we gök önüm­ler bö­lü­min­de sak­la­mak ar­ka­ly ter­li­gi­ni go­ra­mak müm­kin.
Möw­süm­le­ýin we ýer­li önüm­le­ri sa­tyn alyň! Haý­sy mi­we­le­riň we gök önüm­le­riň bar­dy­gy­ny bi­liň we möw­sü­me gö­rä bi­şi­riň!
Na­har­la­ry­ňy­zy bir hep­de öňün­den me­ýil­leş­dir­mek azyk ga­lyn­dy­la­ry­ny azal­dar. Ýö­ne­keý na­har­la­ry hep­dä­niň do­wa­myn­da bi­şi­riň. Çyl­şy­rym­ly na­har­la­ry bol­sa dynç gün­le­ri­ne go­ýup bi­ler­si­ňiz.
Bir­nä­çe aý­lap, hep­de­de bir ge­zek her otag­dan bir za­dy aýy­ryň – ýag­da­ýy­ňy­zyň go­wu­la­şan­dy­gy­ny gö­rer­si­ňiz. Öýde nä­çe az zat bol­sa, si­zi ha­ky­kat­da­nam gy­zyk­lan­dyr­ýan çä­re­le­re şon­ça köp wagt sarp ed­ýär.
Tä­ze bir zat sa­tyn al­sa­ňyz, di­ňe owa­dan­ly­gy­na däl, peý­da­sy­na we hi­li­ne üns be­riň. El bi­len ýa­sa­lan zat­la­ry göz­läň, söw­da ýar­mar­ka­la­ry­na gat­na­şyň, su­rat­keş­ler we di­zaý­ner­ler bi­len du­şu­şyň!
Te­bi­ga­ty öýü­ňi­ze ça­gy­ryň! Be­ze­gi­ňiz­de te­bi­gy eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa ma­te­ri­al­la­ry – agaç, ýüň, me­tal ula­nyň!
Her ki­miň dynç al­mak, iş­le­mek we iş­jeň he­re­ket et­mek üçin wag­ty bol­ma­ly. Be­de­ne we ja­na ha­ky­ky peý­da ge­tir­jek he­re­ketleri et­me­giň ýo­lu­ny ta­pyň!
De­ňag­ram­ly­ly­gy göz­läň! Dur­muş­ hemişe birsydyrgyn bolmaýar. Has köp iş­le­me­li gün­le­ri­ňiz bar we bu hak­da edip bil­jek za­dy­ňyz ýok. Beý­le­ki gün­ler­de tür­gen­leş­mä­ge wag­ty­ňyz bo­lar.
Te­bi­gy kos­me­ti­ka se­riş­de­le­ri­ni az muk­dar­da ula­nyň. De­ri­ňi­ze ideg et­mek ha­ky­kat­da­nam ýö­ne­keý – sag­dyn iý­mit, dynç alyş we aras­sa ho­wa.
In­di­ki ge­zek je­del ede­ni­ňiz­de yza çe­kil­mä­ge sy­na­ny­şyň we yla­la­şyk ta­pyň! Dür­li pi­kir­li adam­lar dün­ýä­de bi­le­lik­de ýa­şap bi­ler­ler.
Zi­bil­le­ri gaý­ta­dan iş­le­mä­ge üns be­riň! Has go­wu­sy, hiç zat zyň­maz ýa­ly ga­by az bo­lan önüm­le­ri sa­tyn alyň!