Döwlet berkararlygymyzyň berk binýady bolan Garaşsyzlygymyzdan soň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan hemişelik Bitaraplygymyzyň ykrar edilmegi ata-babalarymyzyň hoşniýetli ýörelgeleriniň bütin dünýä aýan edilmeginiň dabaralanmasy boldy. Bu taryhy waka Türkmenistanyň seçip alan içeri we daşary syýasatlarynyň ynsanperwerlige daýanýandygyny, abraýly halkara guramalar bilen maksadalaýyk hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny äleme äşgär etdi.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy parahatçylygyň tarapdary bolup gelen döwletimiziň diplomatiýa sungatynyň mundan beýläk hem ösüşleri nazarlamagyna giň ýollary açdy. Şeýlelik bilen, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy häzirki zamanyň ählumumy howpsuzlygyny üpjün etmek, ýurtlaryň deňhukukly we özara peýdaly hyzmatdaşlygyny ilerletmek, durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmek ugrundaky tagallalary birleşdiriji gurala öwrüldi. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň 2019-njy ýylyň 6–njy dekabrynda gol çeken «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli halkara maslahatyny, dabaralary we çäreleri geçirmek hakynda» Kararyna laýyklykda, «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli 2020-nji ýylda Türkmenistanda we daşary ýurtlarda geçiriljek dabaralaryň we çäreleriň Meýilnamasy» tassyklandy. Bu Meýilnama esasynda ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda şu ýylda dürli görnüşli çäreler, maslahatlar we beýleki dabaralar geçirilýär. Şol çäreleriň her biri Türkmenistan döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyny şöhratlandyrmakda, berkarar döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny giňden wagyz etmekde hem-de dünýä ýaýmakda möhüm ähmiýete eýe bolýar.
Ýurdumyzda uly ählihalk baýramçylyklarynyň öňüsyrasynda täze binalary açyp ulanmaga bermek asylly däbe öwrüldi. Şu ýyl Watanymyz Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň şanly 25 ýyllyk senesine beslendi. Bu uly baýramyň öňüsyrasynda dürli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Aşgabat şäher häkimliginiň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň buýurmalary esasynda birnäçe edara-kärhanalar, saglyk merkezleri, döwrebap ýollar we ýaşaýyş jaý toplumlary gurlup ulanylmaga berildi. «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylynda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan gazetimiziň ýörite sanynda Watanymyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllyk toýunyň öň ýanynda baýramçylyk mynasybetli geçirilen maslahatlaryň we dabaraly çäreleriň iň esasylary bilen tanyşdyrmagy makul bildik.
«Türkmentel — 2020» atly XIII halkara onlaýn maslahaty
24-25-nji noýabrda öňdebaryjy tehnologiýalary we innowasion işläp taýýarlamalary durmuşa işjeň ornaşdyrmakda, telekommunikasiýa ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda, ata Watanymyzy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmekde möhüm ähmiýeti bolan Türkmenistanda sanly ykdysadyýet we innowasion tehnologiýalar boýunça «Türkmentel — 2020» atly XIII halkara onlaýn maslahaty geçirildi.
Demir-beton önümlerini öndürýän zawod
19-njy noýabrda Gökdepe etrabynda hususy işewürlik ulgamynyň senagat desgasynyň — demir-beton önümlerini öndürýän zawodyň açylyş dabarasy boldy.
«Aga gurluşyk» hususy kärhanasy tarapyndan gurlan täze desganyň umumy meýdany 6 gektara barabardyr. Kärhananyň taslama kuwwatlylygy — ölçegi 300 millimetrden 1200 millimetre çenli bolan ýylda 500 müň metr demir-beton turbalaryny çykarmakdan ybaratdyr. Desganyň çäklerinde dolandyryş binasy, önümçilik bölümleri hem-de beýleki kömekçi binalar ýerleşdirildi. Bu ýerde 100-den gowrak iş orunlary, zähmet çekmek üçin zerur şertler döredildi.
Döwrebap guşçulyk toplumy
17-nji noýabrda Watanymyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň öň ýanynda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda towuk ýetişdirýän kärhananyň açylyş dabarasy boldy.
Telekeçi Topar Ataýewe degişli bolan döwrebap guşçulyk toplumynyň gurluşygy «Emir ogly» hususy kärhanasy tarapyndan ýerine ýetirildi. 4 gektar meýdanda gurlan toplumyň çäginde edara jaýy, towuk ketekleriň 9-sy, hojalyk serişdeleri üçin ammar, iým ammary, hojalyk desgasy, suw howdanlary, suw bekedi we beýleki kömekçi desgalar ýerleşýär. Kärhananyň çägindäki desgalarda innowasion häsiýetli döwrebap tehnologiýalar oturdylandyr. Bu bolsa, guşçulyk toplumynda bir tapgyrda 115 müň 500 broýler towuklaryny ýetişdirmäge mümkinçilik berýär.
«Türkmen alabaýy» ýadygärlik binasy
Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen oturdylan «Türkmen alabaýy» atly heýkel Magtymguly şaýolunyň esasy çatryklarynyň biriniň baş bezegine öwrüldi. Heýkelde alabaýlaryň özboluşly aýratynlygy öz beýanyny tapypdyr. Onuň beýikligi 6 metre barabardyr. Ol beýikligi 9 metre barabar bolan postamentde ornaşdyryldy. Şeýlelikde, diametri 36 metre barabar bolan meýdançada ýerleşen 15 metrlik heýkel ähli tarapdan we alyslardan görünýär.
«Gül zemin» söwda-dynç alyş merkezi
Magtymguly şaýoly bilen Taslama köçesiniň çatrygynda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli gurluşyk işlerini ýurdumyzyň «Altyn» hojalyk jemgyýetiniň işgärleri ýerine ýetirdiler. 3,8 gektar meýdany bolan taslamada 43 müň 560 inedördül metr ýerde üç gatly bina guruldy. Bu ýerde 800 orunlyk we 400 orunlyk toý dabaralaryny geçirmek üçin iki zal, 200 orunlyk we 100 orunlyk restoranlar, 5 sany çaýhana bar. Binanyň birinji gatynyň 15 müň inedördül metrden gowrak ýerinde bölek söwda dükany bar. Alyjylara ýokary hilli harytlary we hyzmatlary hödürleýän marketler, söwda dükanlarynyň 65-si häzirki zaman ülňüleri esasynda enjamlaşdyryldy. Şeýle hem bu ýerde durmuş hyzmatlary edarasy we dermanhana ýerleşýär.
Binanyň üçünji gatynda her biri 90 orunlyk kinozallaryň ikisini, bir wagtyň özünde çagalaryň 300-sini kabul edip biljek dürli attraksionlary öz içine alýan dynç alyş we şüweleňler zolagy ýerleşýär. Körpeler üçin oýun meýdançalarynyň 4-si göz öňünde tutulypdyr.
Ýokanç keseller hassahanasy
13-nji noýabrda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň ýene bir möhüm desgasynyň — Gökdepe etrabynyň Yzgant obasynda 200 orunlyk täze Ýokanç keseller hassahanasynyň açylyş dabarasy boldy. Hassahananyň täze 3 gatly binalar toplumynda ýiti respirator we angina kesellerini, ýokanç içgeçme kesellerini, sarygetirme we beýleki ýokanç kesellerini bejermek üçin ähli zerur şertler döredilendir. Halkara ülňülere laýyklykda bina edilen we enjamlaşdyrylan hassahana bir wagtda 200 näsagy — ululary we çagalary bejermek üçin kabul edip biler.
Bag ekmek boýunça ählihalk çäresi
7-nji noýabrda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda bag ekmek boýunça ählihalk çäresi geçirildi. Çäräniň dowamynda döwlet Baştutanymyz sosna nahallarynyň 30 düýbüni oturtdy. Şunça düýp nahallaryň ekilmeginde çuňňur many bar, çünki munuň özi mähriban Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna giňden taýýarlyk görmegiň başynyň başlanýandygyny alamatlandyrýar.
Tutuş 2020-nji ýylyň dowamynda bolsa ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň hormatyna Türkmenistanda saýaly, pürli, miweli agaçlaryň hem-de üzümiň 25 million düýbi oturdylar.
«Saglyk» binasy
6-njy noýabrda «Bagabat» şypahanasyna barýan döwrebap ýoluň ugrunda belent başly «Saglyk» binasynyň açylyş dabarasy boldy. Alyslardan seleňläp görünýän «Saglyk» binasynyň umumy beýikligi 25 metre we gurluşyk meýdany 1256 inedördül metre barabar bolan bu bina ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň gazananlaryny hem-de Diýarymyzda raýatlarymyzyň saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işleri alamatlandyrýar.
4 gatly ýaşaýyş jaýy
«Bagabat» şypahanasynyň açylyş dabarasynyň çäklerinde Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Magtymguly daýhan birleşiginde saglygy goraýyş işgärleri üçin niýetlenilen döwrebap 4 gatly ýaşaýyş jaýynyň açylyşy boldy.
Bina otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan öýleriň 48-sini öz içine alýar. Şolaryň 12-si üç otagly (meýdany 160 inedördül metr), 24-si dört otagly (meýdany 180 inedördül metr) hem-de 12-si bäş otagly (meýdany 202 inedördül metr) öýlerdir.
Türkmenistanyň ykdysady gazananlary — wirtual sergide
1-nji noýabrda ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp Söwda-senagat edarasy ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde giň möçberli internet-taslama bolan Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň wirtual sergisini gurady.
Ýöriteleşdirilen internet-portallarda ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, iri kärhanalary we sebitleri wirtual bölümleri gurap, daşary ýurtly hyzmatdaşlary we beýleki köp sanly internet serişdelerini ulanyjylary alyp barýan işleri, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gazanylýan üstünlikler we ýetilen sepgitler, uzak möhletleýin özara peýdaly hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin mümkinçilikler we ägirt uly eksport kuwwatlyklary bilen tanyşdyrdy.
Logistika merkezi
30-njy oktýabrda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Awtoulag kärhanalar toplumynyň we Awtomobil mekdepleriniň birleşiginiň okuw-türgenleşik merkeziniň açylyş dabarasy boldy.
«Türkmenawtoulaglary» agentliginiň buýurmasy boýunça «Weli gurluşyk» hususy kärhanasy tarapyndan gurlan, 600 müň inedördül metrden gowrak meýdany tutýan toplum birnäçe kärhanalaryň desgalaryny, şol sanda Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasyny, Awtomobil mekdepleri birleşigini hem-de «Awtoulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini öz içine alýar.
«Jahan» döredijilik merkezi
30-njy oktýabrda paýtagtymyzyň Astana köçesiniň ugrunda Aşgabat şäheriniň häkimliginiň buýurmasy boýunça «Sport ýyldyzy» hususy kärhanasy tarapyndan bina edilen «Jahan» döredijilik merkezi dabaraly ýagdaýda açyldy. Döredijilik merkezini gurmak üçin 5 gektara golaý meýdan bölünip berildi. Şunda 28 müň inedördül metrden gowrak meýdan abadanlaşdyryldy, şeýle hem şol çäkde sport meýdançasy, ýapyk we açyk awtoduralgalar ýerleşdirildi. Bulardan başga-da, «Jahan» döredijilik merkeziniň golaýynda ýapyk awtobus duralgasy guruldy.
«Mahabat» binasy
28-nji oktýabrda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda S.Türkmenbaşy we A.Nyýazow şaýollarynyň çatrygyndaky ýerasty awtomobil we pyýada geçelgeli «Mahabat» binasy ýerleşdirilen toplumyň açylyş dabarasy boldy.
Paýtagtymyzda täze gurlan ýol-ulag düzüminiň desgalar toplumy 4,5 gektar meýdanda ýerleşdirildi. Gurluşygyň umumy meýdany 44 340,95 inedördül metre deň boldy. Ýerasty geçelgäniň uzynlygy 350 metre barabardyr.
«Diwan» myhmanhanasy
28-nji oktýabrda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda «Diwan» myhmanhanasynyň açylyş dabarasy boldy.
Myhmanhananyň täze binasynda 131 otag ýerleşdirilip, olar standart, lýuks, ýarym lýuks we VIP otaglardan ybaratdyr. Şeýle hem restoran we banket zaly bar. Bu ýerde myhmanlaryň oňat ýaşamagy we medeniýetli dynç almagy üçin ähli şertler göz öňünde tutuldy.
«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2020» atly XXV Halkara maslahat
28-29-njy oktýabrda Söwda-senagat edarasynda «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň guramagynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2020» atly XXV Halkara maslahat geçirildi.
Energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we ösdürmäge gönükdirilen bu iri ýöriteleşdirilen foruma 30-dan gowrak döwletden iri kompaniýalaryň 100-den gowragy hasaba alyndy. Bu bolsa Türkmenistanyň daşary ýurtly işewürler toparlary üçin maýa goýum babatyndaky özüne çekijiliginden habar berýär.
Döwrebap ýaşaýyş jaý toplumlary
10-njy noýabrda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda paýtagtymyzda ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň çäklerinde gurlan durmuş-medeni maksatly iri desgalar toplumynyň açylyş dabarasy boldy.
Aşgabady ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň çäklerinde bu ýerde 12 gatly 48 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň 6-sy hem-de 72 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň 10-sy bina edildi, şolaryň hemmesi ýokary amatlyklary bolan we otaglarynyň ýerleşdirilişi gowulandyrylan öýlerdir. Ýanaşyk ýerlerde ähli degişli düzümler göz öňünde tutulyp, umumy uzynlygy 5 kilometr 564 metre deň bolan täze ýollar çekildi, olar zerur tehniki serişdeler, ýerasty pyýada geçelgeler, hem-de ýolagçylar üçin duralgalar bilen üpjün edildi.
Balkan welaýatynyň baş metjidi
25-nji noýabrda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde welaýatyň baş metjidiniň açylyş dabarasy boldy. Metjidiň umumy meýdany 14 gektardan gowrakdyr. Onuň binasy iki gatdan ybarat bolup, bir wagtyň özünde bu ýerde 3000 adam namaz okap bilýär. Metjidiň minaralarynyň her biriniň boýy 63 metre, gümmeziniň beýikligi bolsa 40 metre deňdir. Şeýle hem, metjidiň gapdalynda 1500 orunlyk sadaka jaýy, 50 orunlyk myhmanhana we awtoduralga göz öňünde tutuldy.
«Bagabat» şypahanasy
6-njy noýabrda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde häzirki zaman «Bagabat» şypahanasynyň açylyş dabarasy boldy. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasynyň bina eden şypahanasy ýokary halkara ölçeglere kybap gelýän we birbada 200 adamy kabul etmäge niýetlenen döwrebap toplumdyr. Şypahananyň düzümine balneoterapiýa, palçyk bilen bejeriş, anyklaýyş-maslahat beriş, fizioterapiýa bölümleri, howuzlar we SPA salony girýär. Bu ýerde ýokary hünärli lukmanlar raýatlaryň saglygyny goramakda, ilkinji nobatda bolsa, dem alyş ýollarynyň, nerw, endokrin, iýmit siňdiriş, deri keselleriniň we beýlekileriň bejergisi babatda ýokary derejeli hyzmatlary ýerine ýetirerler.
Kottejler toplumy
20-nji noýabrda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň Çoganly şäherçesinde bina edilen täze kottejler toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň buýurmasy boýunça gurlan iki gatly kottejleriň her biri giň otaglaryň bäşisinden ybaratdyr. Ýurdumyzdaky döwrebap desgalaryň ählisinde bolşy ýaly, bu jaýlarda hem öý eýeleriniň ähli amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamaklary üçin oňaýly şertler göz öňünde tutuldy. Täze topluma içeri işler edaralarynyň hormatly weterany — hormatly Prezidentimiziň kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň ady dakyldy.